Pyýadalara maslahat

5 Sentýabr 2024
39

Ýol hereketi jemgyýetiň gündelik durmuşynyň aýrylmaz bölegidir. Şunuň bilen baglanyşykly ýol gatnawy jemgyýetçilik tertibinde hem möhüm orny eýeleýär. Biziň her birimiz her gün diýen ýaly ýol hereketine gatnaşýarys. Gür gatnawly ýerlerde ýol hereketiniň düzgünini berjaý etmekde pyýadalaryň iňňän möhüm orny bar. Her bir pyýadanyň ünsli, üşükli, hukuk düşünjeli we medeniýetli bolmagy ýollarymyzyň abadan bolmagyny üpjün edýär. Şunuň üçin-de olaryň ýol geçelgelerinde örän ünsli bolmaklary zerur.

Gulaklyk dakynmaklyk ynsanyň daşky sesleri eşidişini wagtlaýyn hem bolsa togtadýar. Golaýlap gelýän awtoulaglaryň sesiniň we signalynyň eşidilmezligi ýol-ulag hadysasynyň döremegine getirip biler.

Batyr GURBANOW,
Mary welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň Wekilbazar etrabynyň polisiýa bölüminiň PÝGB-niň uly gözegçisi, polisiýanyň kapitany.