Üstünlik hemraňyz bolsun!

24 Iýul 2024
173

22-nji iýulda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň «Başa-baş söweş sungaty» sport toplumynda Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyny 26-njy iýul — 11-nji awgust aralygynda Fransiýa Respublikasynyň paýtagty Pariž şäherinde «Hemmeler üçin açyk oýunlar» şygary bilen geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna ugratmak dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň, Türkmenistanyň Milli Olimpiýa we Paralimpiýa komitetleriniň, sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň we talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda geçirilen dabarada Türk­me­nis­ta­nyň Bedenterbiýe we sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy­, Mag­tym­gu­ly adyndaky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Mer­ke­zi ge­ňe­şi­niň baş­ly­gy­ çykyş edip, milli ýygyndy toparymyzyň türgenlerine şowly çykyş edip, Watanymyzyň ýaşyl Tuguny belentde parladyp, ýeňiş bilen dolanyp gelmekleri arzuw etdiler. Olim­piýa oýunlaryn­da agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça ýa­ryş­la­ra emin­lik et­jek Türk­me­nis­ta­nyň Agyr at­le­ti­ka federasiýasy­nyň baş kä­ti­bi Ça­ry Mäm­me­dow hem-de ýur­du­my­zyň mil­li ýy­gyn­dy to­pa­ry­nyň ag­za­sy Ser­dar Ra­hy­mow öz çykyşlarynda Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan türgenleriň türk­men spor­tu­nyň ab­ra­ýy­ny go­ra­mak ug­run­da yh­las-ba­şar­nykla­ry­ny gaýgyrmajak­dyk­la­ry­na ynan­dyr­dy­lar.

Zebo JORAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby, «Edebiýat we sungat» gazetiniň tejribeliginde.
Beýleki habarlar