Ady Arşa galan akyldar

11 Iýul 2024
171

Gazagystanyň Astana şäherinde Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi açyldy

Edebiýatçy alym Ahmet Mämmedowyň «Magtymguly türki halklaryň edebiýatynda» atly iri göwrümli ylmy işinde türkmen-gazak halklarynyň edebi hyzmatdaşlygynyň taryhy kökleri barada giňişleýin durlup geçilýär. Iki halkyň hem edebi mirasynyň altyn hazynasy hasaplanylýan «Oguznama», «Gorkut ata», «Görogly» ýaly gadymyýetden gözbaş alyp gaýdýan nusgalyk eserlerdäki keşpleriň we ýordumlaryň arasyndaky bitewi umumylygy, ýakynlygy aýdyň duýmak bolýar. Magtymguly Pyragynyň watançylyk we ynsanperwer duýgulara ýugrulan şygyrlary gazak halkynyň ýazyjy-şahyrlaryna öz täsirini ýetiripdir. Şahyryň 70-den gowrak şygryny 1947-nji ýylda ilkinji gezek gazak diline terjime eden Gazagystanyň halk şahyry Galy Ormanowyň bitiren hyzmatlary toýly günlerde hormat bilen ýatlanylýar. Pyraga bolan bimöçber söýgüsini bu şahyr «Magtymgulynyň mekanynda» atly şygrynda aýdyň ýüze çykarýar.

Atabaý NAZAROW,
TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň esasy ylmy işgäri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty.