Kalp desterhany

11 Iýul 2024
161

Ýakynda Tehniki ylymlaryň kandidaty, Türkmenistanyň at gazanan oba hojalyk işgäri, şahyr Rejepmyrat Allaberdiýewiň Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan «Waspyň dilimde, Watan!» atly ilkinji kitaby neşir edildi. Oba hojalyk işgäri bolmagyna garamazdan, eline galam alyp, Diýarymyzyň waspyny ýetirýän şahyryň şygyrlarynyň süňňünden Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, şeýle-de ata Watanymyzyň ösüşleriniň waspy, milli gymmatlyklarymyza sarpa, dost-doganlygyň gymmaty, ata-enäniň mähribanlygy, päk söýgi baradaky duýgy-düşünjeler eriş-argaç bolup geçýär.

Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Rejepmyrat Allaberdiýewiň bu goşgular ýygyndysy «Arkadagly Gahryman Serdarymyz — şöhrat-şanymyz», «Mähriban Watanym — buýsanjym, bagtym», «Gözellik älemi», «Mukaddes toprak», «Maşgala daragty» ýaly bölümleri öz içine alýar.

Ýörite habarçymyz.