Doly dileg (Tymsal)

11 Iýul 2024
136

Bir gezek arzuw etmek barada gürrüň çykanda enemiň: «Ýagşylygy-da, arzuwy-da doly etmelidir» diýen sözleri ýadymdan çykanok. Birbada onuň aýdanlaryna düşünmedim. Şonda enem şeýleräk bir tymsaly gürrüň beripdi:

Gadym döwürlerde güzeranyny zordan aýlap ýören bir goja kempiri bilen ýaşap ýören ekeni. Ol çölden odun çöpläp getirip, bazarda satyp, güzeran aýlaýan ekeni. Iki sanyjak towugynyň ýumurtgalarydyr arryk sygrynyň süýdem kempir ikisine huruşlyk bolýar ekeni. Bir gün olaryň gapysyndan derwüş sypatly bir myhman gelýär. Ol özüniň ýagşyzadadygyny, biraz dynç almak üçin gelendigini aýdýar. Goja muňa juda begenip, kempirine bolanja zatlardan saçaga goýmagy tabşyrýar. Kempirem aýdylyşy ýaly edýär. Emma myhman ertesi-de gitmeýär. Berere zady bolmansoň, goja towuklaryň birini soýýar. Ýöne myhman iki towugyň etini iýip bolansoňam gitmelidir öýtmändir. Şondan soň goja öz ýanyndan: «Beýle myhman hemmäň gapysyndan gelip duranok, gysylmaýyn» diýip, ýekeje sygryny-da soýýar. Emma ýagşyzada sygryň soňuna çykansoňam gitmeýär. Şondan soň goja myhman gidensoň boşatmagy şertleşip, goňşularynyň birine köneje külbesini-de satýar. Gojadyr kempirde halys hezzet edere ýagdaý galmandygyna ymykly göz ýetirensoň, myhman hoşlaşyp gidýär. Diňe şondan soň goja eden işine göz ýetirýär. Kempiriniň gözüne garamaga bogny ysmadyk goja çöl-beýewana çykyp, Allatagala ýüzlenýär: «Eý Ýaradan, bu zatlaryň ählisini seniň hormatyňa etdim. Ýagdaýym bolmasa-da, «Taňry myhmanydyryn, ýagşyzadadyryn» diýip gelene barja zadymy berdim. Indi bolsa meniň hiç zadymam ýok, hatda seniň adyňdan gelen myhmana hezzet edere-de ýagdaýym ýok. Eý Biribar, indi beri beýle utanmaly bolmaz ýaly, ahyr ýaşda kempirimi-de kösemez ýaly, maňa baýlyk ber. Men şonda iberen myhmanyňa-da garaşman, hemişe sadaka berip, adamlary naharlar ýörerin».

Aýgül Babagulyýewa,
Tagtabazar etrabynyň ýaşaýjysy.