Söýginiň syrly sowaly (Nowella)

11 Iýul 2024
180

Meniň gürrüňini edýän wakam ýokary okuw mekdebini tamamlap, edaralaryň birinde işe başlan döwürlerim bolup geçipdi. Iş otagymyzda özümden başga ýene-de iki işgär oturýardy. Şolaryň biri — Jemal atly gyz bilen işe başlan günümden gep-sözümiz alyşdy. Açyk göwünli hem mylakatly bolansoň, biz onuň bilen edil iki dogan ýaly bolup işleýärdik. Aramyzda hiç hili düşünişmezlik bolmazdy.

Ýürek diýeniň saňa geňeşjek bolup duranok, günleriň birinde oňa bolan garaýşymyň dostluga, doganlyga asla çalym etmän ugrandygyny boýun aldym. Soňam şol baradaky pikirler bilen uklap, Jemally düýş bilenem oýanyp ugradym. Ýaman ýeri, ýüregimde söýgi döräli bäri onuň bilen gürleşmäm kynlaşdy. Gürlänimde peltekledim, onuň seredýänini aňanymda büdredim. Jemalyň meni dogany ýaly görýändigini bilýändigim sebäpli, oňa söýgimi bildirmäge ýaýdandym. Ýagdaýymy aýdyp, geňeşeýin diýsem, edarada iç döküşip, syr alyşýan dost-ýarymam ýok. Deň-duşlarymyňam aglabasy gyz-gelinler. Ýöne gönüläp söz aýtmasamam, Jemalyň meniň ýagdaýymdan habarlydygyna ynanýardym. Sebäbi soňky wagtlar özüm oňaýsyz ýagdaýa düşenimde, onda-da nähilidir bir üýtgeşikligiň bolýanyny aňýardym.

Hajy KAKALYÝEW.