Lukman şahyr

11 Iýul 2024
193

Gözläp, gözläp, gözläp sözleň gowsuny,
«Magtymguly» atly diwandan tapdym.

Men bu setirleri zehinli şahyr Öwez Sähetdurdyýewiň şahsy öý arhiwinden çykan «Tapdym» diýen goşgusyndan aldym. Dogrudan-da, zehin lybasyny geýip, ylham atyna atlanan her bir şahyr ýürek joşgunyny ile ýaýmak üçin sözleriň şirinden-şirinini gözleýär. Öwez Sähetdurdyýew ýaly il saglygynyň goragynda kyrk ýyl bir egne zähmet çeken lukman üçin bolsa sözleri taraşlap aýtmak ilkinji zerurlyk. Onda-da ýürek lukmanyna salyhatly, sypaýy, hoş sözli bolmak ýaraşýar. Zandynda şahandazlyk, şahyranalyk bolan Öwez lukmanyň zybanyna hoş sözler öz-özünden gelibererdi. Ol ýürekden yza çekip gelýänlere salamlaşyp duran pursatyndan bir bent goşgy aýdyp, syrkawyň göwnüni götermegi endik edinipdi. Şeýdip adamlaryň ýüregini hem el bilen, hem dil bilen bejererdi. Çünki ol ynsanyň içki gözelligini duýup, oňa sarpa goýmagy, durmuşdaky ähli zada ýagşy niýet bilen garamagy başarýardy. Ýagşylyga durky bilen köňül goýýardy. Bu babatda onuň «Ýagşy niýet bilen» diýen goşgusynda şeýle diýilýär:

Allaberdi PAŞŞYKOW,
Tejen etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň mugallymy.