«Akylly» şäheriň ak ýoly

11 Iýul 2024
122

Gysga wagtyň içinde gözelligiň, täzeçilligiň, bagtyýarlygyň mesgen eýlän mekany hökmünde owazasy dünýä dolan Arkadag şäheri ilkinji ýaş toýuny toýlady. Sebitde ilkinji «akylly» şäher halkara derejeli ylmy maslahatlaryň, sport ýaryşlarynyň we döredijilik bäsleşikleriniň geçirilýän, Türkmenistana gadamy düşen islendik myhmanyň hökman görmeli hasaplap, syýahatçylyk maksatnamasyndan esasy orun berýän künjegine öwrüldi.

Optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň ornaşdyrylmagy netijesinde ýokary tizlikli internetden peýdalanmak mümkinçiligi döredilen Arkadag şäheri bu günki gün «ýaşyl» tehnologiýalaryň sazlaşykly utgaşdyrylmagynyň hem nusgasydyr. Birleşen Milletler Guramasynyň ýaşaýyş jaý we durnukly şäher ösüşi boýunça «Habitat — III» maslahatynda tassyklanan «Täze şäher gün tertibi» konsepsiýasynyň amala aşyrylmagy netijesinde halkara sylaglarynyň 20-den gowragyna mynasyp bolan Arkadag şäheri daşky gurşawa aýawly çemeleşmegiň mekdebi diýip hem ynam bilen atlandyryp bileris.

Perman SAPAROW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň baş hünärmeni.