Ýabany balyň tagamy (Hekaýa)

11 Iýul 2024
151

Onuň bu daglara gelmeýänine bäş ýyl gowrak bolupdy. Indi galan ömrüne-de bärik gaýtmak niýetinde ýokdy. Ýöne, ynha, ýene-de gelmeli boldy. Ýok, ol dagda bolmakdan gorkmaýardy. Dag bilen düşünişmegi hem başarýardy. Daglaryň öz kada-kanunynyň bardygyny, şolary äsgermese, heläk bolmagynyň mümkindigini bilýärdi.

Daglar ejizi, gorkagy halamaýar. Gaýadan-gaýa dyrmaşyp, dagyň depesine çykmagyň hem ondan seresaply düşmegiň, gaýalaryň bilindäki bir adam zordan sygarlyk geçitlerden geçmegiň, köwdür jaýryklardan aňry ýüzüne bökmegiň özi juda töwekgelçiliklidi. Islendik säwligiň heläkçilige eltmegi ähtimal. Ine, şol säwligi goýbermezlik, ätiýaçly bolmak dag bilen iş salyşýan adam üçin hökmanydyr.

Hemra Şir.