Tebigatymyzy aýawly saklalyň!
Ylmyň we tehnikanyň pajarlap ösýän döwründe adamzadyň tebigata ýetirýän täsiri çürt-kesik artyp, ol giň möçbere eýe boldy. Şonuň üçin hem adamyň tebigat bilen özara gatnaşygyny sazlamak zerurlygy ýiti duýlup başlandy. Şu nukdaýnazardan, biz tebigat bilen ýüzbe-ýüz bolanymyzda, oňa zelel ýetirilmez ýaly etjek-goýjak hereketimiziň dürs bolmagyny gazanmagymyz gerekdir. Tebigat bilen gatnaşykda özüňi dogry alyp barmagyň kadalaryny anyk bilmelidiris, olary ýerine ýetirmegi endik edinmelidiris. Tebigatyň gözel ýerlerine gezelenje çykylanda, ot ýakmak howply bolup, bu aýratyn hem, ot-çöpli, bag-bakjaly ýerlerde uly ýangynlaryň döremegine getirip biler. Birbada başynda dursaň, şeýle hadysalar bolmajagam ýalydyr welin, güýçli şemaldan ýa-da ýangyna getirip biljek beýleki ýagdaýlardan habardar bolup, hüşgärligi elden bermeli däl. Eger-de ot ýakylan hem bolsa, soňuna çenli durup, onuň hakykatdanam öçendigine göz ýetirmeli. Ot ýakylan ýere gum ýa-da suw sepip, közüni mazaly öçürmeli.