Öz potratçylarymyz

26 Iýul 2023
349

Gurmak — gözelligi döretmek, bagtyňy bina etmek, taryha adyňy ýazmak. Gurmak — bu bagtyýar nesillere miras goýmak, ajaýyp şähergurluşyk medeniýetini, ynsan üçin oňaýly amatlyklary döretmekdir.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, türkmen topragy kerpijiň gadymy nusgasy bolan bajaklaryň döredilen, ajaýyp gümmezleriň, minaralaryň, sarsmaz binýatly gorag galalarynyň, köp gatly jaýlaryň, köşkleriň öňüne gurulýan eýwanlaryň, gasyn-gasyn bolup gidýän ýarym aýlaw sütünler ýaly täsin binagärlik gurluşlaryň beýik ymaratlaryň bina edilen ojagydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Türkmen telekeçileri şäherleri gurmaga ukyplydyr» diýip, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň alyp barýan işlerine we mümkinçiliklerine ýokary baha berýär. Birleşmäniň agzalary bolan hususy kärhanalaryň hem-de hojalyk jemgyýetleriniň 60-dan gowragy Arkadag şäheriniň gurluşygynyň birinji tapgyryna gatnaşdy. Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyz türkmen binagärleriniň, gurluşykçylarynyň giň gerimli işlerine ýokary baha berdi.

Rahmanberdi GÖKLEŇOW,
žurnalist.