"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Haryt bol — alyjylar hoşal

Täze ýyly mynasyp garşy alýan günlerimizde ilaty dürli görnüşli azyk önümleri, zerur harytlar bilen üpjün etmek, hödürlenilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak babatda Daşoguz welaýatynda hem degişli işler alnyp barylýar. Sebitiň özüne mahsus aýratynlygyny şöhlelendirýän köpugurly söwda bazarlary şu günler ilatyň has-da gelim-gidimli ýerine öwrüldi. Daşoguz şäheriniň merkezi daýhan bazarynda, «Nygmat», «Bahar» bazarlarynda binagärligiň milli däplerine hem-de dünýä ülňülerine laýyklykda gurlan, zerur enjamlar bilen üpjün edilen dükanlar baýramçylyk saçagyna bezeg berýän dürli görnüşli azyk önümleriniň we senagat harytlarynyň bolçulygy bilen göwnüňi göterýär. Ýaşaýyş-durmuş şertlerimiziň ýokarlanmagy netijesinde, adamlaryň islegleri hem artýar, şonuň bilen deň derejede söwda ulgamy, hyzmat ediş toplumy hil hem mukdar taýdan ösýär, döwrebaplaşýar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat merkezinde ýerleşýän «Rysgal» toplumynda hem köp dürli azyk önümleriniň, Täze ýyl sowgatlyk harytlarynyň söwdasy giňden ýaýbaňlandyryldy.

Ýedi hazynanyň biri

Ýurdumyzyň ähli künjeginde hususy pudaga degişli guşçulyk toplumlarynyň sany barha köpelýär. Toplumlaryň hünärmenleri halkymyzy guş eti bilen bolelin üpjün etmek üçin göreldeli zähmet çekýärler. Şolaryň biri-de Gökdepe etrabynyň çäginde ýerleşýän «Altyn jüýje» hojalyk jemgyýetidir. Guşçulyk toplumyna dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň iň kämil, häzirki zaman tehnologiýalary ornaşdyrylandyr. Toplumda kuwwaty ýylda 5 million jüýje çykarmaga niýetlenen inkubatoryň hereket etmegi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Inkubatordan çykýan jüýjelere hünärmenler kadaly ideg edýärler. Et üçin niýetlenen jüýjeler 45 günde ýetişýär. Olaryň her biriniň agramy 1,5-2 kilograma ýetýär.

Baýramçylygyň belent ruhy

Ýagşy arzuw-umytlar bilen garşy alynýan Täze ýyl baýramy ynsanlara şatlyk hem bagtyýarlyk eçilýär. Tutuş ýylyň dowamynda çekilen zähmete, bitirilen işlere, gazanylan üstünliklere baha berlip, ömrüň täze menziline gadam goýulýan baýramçylygyň öňüsyrasynda töwerek-daşyň gözel keşbe girmegi, söwda merkezlerindäki we bazarlardaky bolçulyk, kalplardan syzylyp çykýan mähirli gutlaglar, ýagşy arzuwlar durmuşa söýgini artdyrýar. Eziz Diýarymyzy gurşap alan baýramçylygyň belent ruhy hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary esasynda ildeşlerimiziň eşretli durmuşda ýaşaýandygynyň nyşanydyr. Täze ýyly baýramçylyk saçagynyň başynda garşylamak halkymyzyň asylly däbine öwrülip, il-ulsumyzyň agzybirligini, döwrümiziň bagtyýarlygyny, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny görkezýär. Nurana baýramyň ýakynlap gelýän günlerinde bazarlarda, söwda we medeni dynç alyş merkezlerinde dürli görnüşli harytlaryň bolçulygy gözüňi dokundyrýar. Milli ykdysadyýetiň hususy pudagynyň wekilleri hem ildeşlerimiziň Täze ýyl baýramyny ýokary ruhubelentlikde garşylamagy ugrunda tutanýerli zähmet çekýärler. Baýramçylygyň bosagasy konditer we azyk önümlerini taýýarlaýan kärhanalar üçin aýratyn jogapkärli möwsüm hasaplanýar. Hususyýetçiler tarapyndan milli haryt nyşanly süýjülikleriň, et we şöhlat önümleriniň, del tagamlaryň täze görnüşleriniň öndürilmegi, güneşli ülkämizde ösdürilip ýetişdirilen ekolo

Balkanyň bereketli bazarlary

Diýarymyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, Balkan welaýatynda hem Täze ýyly mynasyp garşylamak üçin ykjam taýýarlyk görülýär. Welaýatyň söwda nokatlarydyr ak bazarlaryndaky önümleriň hem-de sowgatlyk harytlaryň bolçulygyny göreniňde göwnüň göterilýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň dükanlaryň we bazarlaryň ýokary hilli azyk önümleri we sowgatlyk harytlar bilen bolelin hem-de elýeterli bahalardan üpjün edilmegi barada beren tabşyrygynyň üstünlikli ýerine ýetirilýändigine şaýatlyk edýär. Şu günlerde welaýatyň köpugurly söwda bazarlarynda azyk önümleriniň, sowgatlyk harytlaryň, Täze ýyl arçalarynyň we olaryň dürli öwüşginli bezegleriniň söwdasy barha gyzyşýar. Welaýatyň şäherleridir etrap merkezleriniň Täze ýyl arçalary bilen bezelen ajaýyp künjeklerinde, döwlet eýeçiligindäki hem-de hususy söwda nokatlarynda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Balkan welaýat alyjylar jemgyýetleriniň birleşmesi hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat boýunça bölümi tarapyndan giňden ýola goýlan baýramçylyk söwdalary alyjylary diýseň begendirýär.

Täze kärhana gurlar

«Honda» kompaniýasy wodorod ýangyç elementlerini öndürýän ilkinji kärhanasyny açjakdygyny yglan etdi. Ýaponiýanyň Moka şäherinde ýerleşjek kärhana ýylda 30 müň wodorod ýangyç elementlerini çykarar. Beýlekiler elektroulaglary çykarýan döwründe kompaniýanyň wodoroda ýykgyn etmegi onuň wodorody ýangyç hökmünde benzinden has ileri tutýandygyny aňladýar. Şeýle-de geçen hepdäniň dowamynda «Honda» kompaniýasy 2000-nji ýyllaryň başynda önümçiligini ýatyran «Prelude» awtoulagynyň çykarylyşyny täzeden ýola goýjakdygy barada mälim etdi. Täze «Prelude» awtoulagy 2025-nji ýylda Tokioda görkeziler.

Sazlaşykly işleriň depgini

Hormatly Prezidentimiziň hususy pudagy, şeýle hem innowasiýalara esaslanýan işewürligi ýokary bilimli hünärmenler bilen üpjün etmek maksadyndan ugur alyp, 2022-nji ýylyň 12-nji aprelinde gol çeken degişli Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebiniň gurluşyk işlerine badalga berildi. Täze bilim ojagynyň gurluşyk işleri Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Nur bina gurluşyk» hususy kärhanasyna ynanyldy. Paýtagtymyzyň Görogly köçesiniň ugry bilen «Köşi» ýaşaýyş toplumyna golaýlasaň, sag egniňde amal edilýän düýpli gurluşyklarda nazaryň eglenýär. Şolaryň biri-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň buýurmasy esasynda gurulýan ýokary okuw mekdebiniň binasydyr.

Şirin tagamly süýjülikler

Täze ýyla taýýarlyk görülýän şu günlerde telekeçiler has-da joşgunly zähmet çekýärler. Olar daşary ýurtlardan getirilýän azyk önümleriniň ornuny tutýan harytlaryň köp görnüşini öndürýärler. «Oguzhan» haryt nyşanly şokolad önümlerini öndürýän konditer fabriginiň işçi-hünärmenleri-de Täze ýyl baýramyna ykjam taýýarlyk görýärler. Bu konditer fabrigi 1999-njy ýyldan bäri şokolad önümleriniň dürli görnüşini öndürip gelýär. Bu ýerde önümçilige Türkiýäniň, Hytaýyň iň kämil enjamlary ornaşdyrylandyr. Bu hem ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa şokoladlary öndürmäge şert döredýär. Enjamlar awtomatiki usulda işledilýär. Olara 150 hünärmen erk edýär. Hünärmenleriň aglabasynyň ýaşlardygyny aýtmak ýakymlydyr.

Şirin-şeker önümler

Ahal welaýatynyň çäginde iş alyp barýan hususy pudagyň wekilleriniň täze ýylyň bosagasyndaky zähmet gadamlary has-da batlanýar. Konditer önümlerini öndürýän kärhanalaryň işçi-hünärmenleri täze görnüşli önümleri bilen ildeşlerimizi begendirmegiň aladasynda. «Ak gar» hususy kärhanasynyň bu babatdaky alyp barýan işleri-de aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagyna, hususy pudagyň ösüşiň täze belentliklerine çykmagyna saldamly goşant goşýan kärhana Ak bugdaý etrabynyň çägindäki senagat zolagynda ýerleşýär. «Ak gar» haryt nyşanly önümleri bilen uly meşhurlyga eýe bolan kärhananyň işçi-hünärmenleri Täze ýyl baýramçylygyny sowgatly garşylamak we ildeşlerimizi begendirmek maksady bilen önümleriň täze görnüşleriniň birnäçesiniň önümçiligini ýola goýdular. Olaryň arasynda daşky bezeginde Täze ýyl baýramçylygynyň öwüşginlerini özünde jemleýän konditer önümleri hem bar.

«Toyota Land Cruiser 300» tanyşdyryldy

«Toyota» kompaniýasy «Land Cruiser 300 2025» awtomobilini görkezdi. Awtomobile üç ýyldan bäri ilkinji gezek üýtgeşmeler girizildi. «Land Cruiser 300» awtomobili 2025-nji ýylyň ortasynda satuwa çykarylar diýlip çaklanylýar. Täze «Land Cruiser 300» awtomobiliniň bahasynyň 57900 amerikan dollary möç­berinde bolmagyna garaşylýar.

Hyrydarly önümler

Telekeçilige giň ýol! Ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmeginde telekeçilerimize uly orun degişlidir. Daşary ýurtlarda öndürilýän harytlaryň ornuny tutýan dürli görnüşli önümleriň öndürilmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şol önümleriň aglaba böleginiň daşary döwletlere eksport edilmegi bolsa milli ykdysadyýetimiziň ösmegine ýardam berýär.

Guşçulyk toplumynda işler ileri

Telekeçilige giň ýol! Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Nurly meýdan» daýhan hojalygynda ýedi hazynanyň birine deňelýän guşçulygy ösdürmekde nusgalyk işler amala aşyrylýar. Bereket etrabynda ýerleşýän daýhan hojalygynyň guşçulyk toplumynda döwrebap tehnologiýalary ulanmak arkaly kämil önümçilik düzümi emele getirilipdir. Bu ýerde her ýylda 16 million ýumurtga öndürmäge niýetlenen guşçulyk toplumy, 8 müň tonna guş etini öndürýän bölüm, 12 million jüýje çykarmaga ukyply inkubator hojalygy bar. 

Telekeçilik — milli ykdysadyýetiň altyn gaznasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde telekeçiligi ösdürmek barha möhüm orny eýeleýär. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän durmuş-ykdysady ösüş ugrunda hususy telekeçiligiň ösmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Döwlet goldawynyň berilmegi bilen, hususy telekeçiligiň kämilleşdirilmegi, banklar tarapyndan ýeňillikli karzlaryň berilmegi, bu pudaga innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy, maýa goýum serişdeleriniň netijeli ulanylmagy kiçi we orta telekeçiligiň hil taýdan täze derejä çykmagyny üpjün etdi. Telekeçilik işinde üstünlik, esasan, adamyň ukybyna, hünär derejesine, bazar şertlerinden oňat baş çykarmaga bolan başarnygyna bagly bolup durýar. Ýurdumyzda hususy eýeçilikdäki kärhanalaryň sanynyň yzygiderli artmagy, öndürilýän önümleriň we hyzmatlaryň aglaba böleginiň döwlet eýeçiligine degişli bolmadyk kärhanalaryň paýyna düşmegi ulgamyň ösüşini görkezýär. Kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge berilýän goldawlaryň netijesinde telekeçilik işi bilen meşgullanýan şahsy taraplaryň sany barha artýar. Häzirki wagtda türkmen telekeçileri öz taslamalaryny halk hojalygynyň ähli pudaklarynda diýen ýaly üstünlikli durmuşa geçirýärler. Türkmen telekeçileri azyk önümlerinden dokma önümlerine, gurluşyk materiallaryndan öý goşlaryna çenli köp dürli önüm

Harydynyň hyrydary köp

Tebigat bilen sazlaşykda ýaşamak ynsan kalbyny gözelleşdirýär. Kalby şeýle gözellige beslenen ildeşlerimiziň on barmagynyň zähmetinden çykan nepis işleri göreniňde bolsa, elinden dür dökülýän adamlaryň bardygyna guwanjyň artýar. Şolaryň biri hem, Çärjew etrabynyň Farap şäherinde ýaşaýan Nariman Jumaýewdir. Ol agaçdan çemçe, hamyr ýaýmak üçin tagta, oklaw ýaly öý hojalyk we aşhana esbaplaryny ýasaýar. Ekologiýa taýdan ynsan saglygyna peýdaly bolan bu önümlere isleg bildirýänleriň sany bolsa, günsaýyn artmak bilen. Nariman Jumaýew ilki Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň 15-nji başlangyç hünär okuw mekdebinde «Barlag-ölçeg enjamlary we awtomatika boýunça sazlaýjy slesar» hünärini, ele alýar, soňra bolsa Ukrainada inžener-pedagog hünäri boýunça ýokary bilim alýar. Okuwyny tamamlan Nariman Hytaýyň Milli Nebit-gaz korporasiýasynyň Türkmenistandaky şahamçasynda gaz öndüriji desganyň operatory bolup 10 ýyldan gowrak zähmet çekýär. Ynha, şol pursatlarda hem Narimanda agaçdan gap-gaçlary ýasamak we ony ak bazarlarymyza ýetirmek arzuwy döreýär. Nariman ýüreginde beslän arzuwyny Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrdy. Ol agaçdan ýasan önümlerini ak bazarlarda satmakdan başga-da obadaşlarynyň toý-dabaralaryna sowgat berýär, etrabyň çagalar bakja-baglaryna paýlaýar. Şeýdip, ol obadaşlarynyň arasynda uly hormat-sarpadan peýdalanýar. Biz ondan geljekde öňde g

Ýagtylyk paýlaýan önümler

Diýarymyzyň milli ykdysadyýetinde döwlete degişli bolmadyk ulgamda ýokary tehnologiýaly innowasion önümçiligi ösdürmäge, kiçi we orta telekeçiligiň giň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzda bolşy ýaly, bu ugurda Balkan welaýatynda amala aşyrylýan işler hem ajaýyp netijelerini berýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Rysgally nesip» hojalyk jemgyýetiniň Balkanabat şäheriniň Jebel şäherçesinde ýerleşýän önümhanasy-da şolaryň biridir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hususy ulgamy ýokary depginler bilen ösdürmek boýunça döredip berýän giň mümkinçiliklerinden ruhlanýan hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri geljekde hem döwrebap işleri alyp barmagy asylly maksat edinýärler. Bu ýerde ösen tehnologik enjamlaryň ornaşdyrylmagy dürli görnüşli önümleri taýýarlamaga giň mümkinçilik berýär. Ýakynda hojalyk jemgyýetiniň Jebel şäherçesindäki önümhanasynda «Çyrag» haryt nyşanly LED lampalar öndürilip başlandy. Ýaşlaryň birbada 40-a golaýyny iş bilen üpjün eden önümhanada taýýarlanylýan ýokary hilli lampalar sarp edijileriň uly isleginden peýdalanýar. Önümhanada ýagtylyk güýji 6 — 50 wat aralygynda bolan LED lampalaryň 10-dan gowrak görnüşi öndürilýär.

«Bosh» işden boşadar

Germaniýanyň «Bosh» kompaniýasy geljekki 7-8 ýylyň dowamynda birnäçe müň iş ornuny azaltmagy meýilleşdirýär. Has dogrusy, kompaniýa 2027-nji ýyla çenli 3500, 2032-nji ýyla çenli bolsa 5500 hünärmenini işden boşadar. Ýeri gelende bellesek, ýer ýüzünde «Bosh» kompaniýasynyň 429 müňe golaý işgäri bar.

Gyzylbaýryň zeýtunlary

Halkymyzy ekologik taýdan arassa, ýokary hilli azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Şunda Balkan welaýatynyň Etrek etrabynyň Gyzylbaýyr obasynyň golaýyndaky mes toprakly ýaýladan uzak möhletleýin ýer bölegini alan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, zeýtun baglaryny ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanýan telekeçi Ymamberdi Jepbarowyň alyp barýan asylly işleri hem döwrebaplygy, netijeliligi bilen tapawutlanýar. Häzirki günlerde bolsa bu ýerdäki bagçylyk bölüminde agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ösdürilip ýetişdirilen, tagamy we ýokumlylygy babatda esasy miweleriň hatarynda durýan zeýtunyň bol hasyly ýygnalyp, ony sebitiň ak bazarlaryna elýeterli bahadan çykarmakda depginli işler alnyp barylýar. Her bir işi ýaşaýan ýaýlasynyň toprak-howa şertlerine görä, düýpli ylmy esasda hem-de öňdebaryjy tejribeleri içgin öwrenip alyp barmagy, beýleki ekinler bilen birlikde, miweli baglary ösdürip ýetişdirmegi maksat edinen telekeçi Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda «Gyzylbaýyr göwnüň açar...» diýlip wasp edilen bu jenneti künjekdäki zeýtun baglaryndan bol hasyl almagy başarýar. Işbaşarjaň telekeçiniň subtropik künjekdäki miweli baglarynyň tutýan meýdany 9 gektara barabardyr. Şonça meýdanyň belli bir böleginde 2016-njy ýyldan başlap ýaş nahallar oturdylyp, ese-boýa galan zeýtun agaçlarynyň umumy

Eşret getirýän kesp

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň hususy ulgamynda uly ösüşler gazanylýar. Döredilýän amatly şertlerden netijeli peýdalanyp, dokma önümlerimizi içerki bazarlar bilen bir hatarda daşary ýurtlara-da eksport edýän telekeçileriň sanynyň barha artmagy diýseň guwandyryjy ýagdaýdyr. Ynha, halyçylygy hünär edinip, ondan rysgal-bereket tapan ussat halyçynyň gyzy, işewür telekeçi Gülälek Umarowa-da bu kesbiň mynasyp dowam etdirilmegine we şan-şöhratynyň dünýä ýaýylmagyna saldamly goşant goşýar. Ol ýanýoldaşy Maksat Rozymyradow bilen 2013-nji ýylda ýüpek we ýüň halylaryň önümçiligini ýola goýdy. Çagalykdan belet bolan hünäri we ejesi Ogulsadap Umarowanyň halypalyk maslahatlary Gülälege bu işde uly goldaw boldy. Turuwbaşdan çuňňur oýlanyşykly girişilen haly önümçiligi günsaýyn rowaçlandy. Gülälek ilkibada haly dokamaga höwesek gelin-gyzlaryň birnäçesini jemläp, olar bilen zähmet şertnamasyny baglaşdy. Olary zerur bolan zähmet gurallary we amatly iş şertleri bilen üpjün etdi. Şeýle hem halyçylaryň ukyp-başarnyklaryny artdyrmaklary barada aladalandy. Ynha, şeýdip, halyçylaryň hersi sargytlar esasynda haly dokamaklyga girişdiler.

Düzmergen ýaýlasynyň ter önümleri

Telekeçilige giň ýol! Telekeçi Halmämmet Amanmämmedow Uly Balkan dagynyň etegindäki Düzmergen ýaýlasyndan miweli baglary ösdürip ýetişdirmek, şonuň ýaly-da döwrebap ýyladyşhanany gurmak üçin 22 gektar ýeri 99 ýyl möhlet bilen peýdalanmaga alypdy. Bu ýerde zähmet çekýän bagbanlar häzir 5 gektar meýdanda kemala gelen miweli baglaryň dürli görnüşlerine güýzki agrotehniki çäreleri talaba laýyk geçirýärler. Döwrebap ýyladyşhanadaky pomidorlara hem ideg işleri göwnejaý alnyp barylýar. Ýyladyşhanada şu ýylyň awgust aýynyň ahyrlarynda oturdylan şitillerden ýetişen ýokary hilli pomidor hasyly ýygnalyp, içerki  we daşarky bazarlaryň sarp edijilerine ugradylyp başlandy. Türkiýede, Gollandiýada öndürilen enjamlar bilen üpjün edilen ýyladyşhanada ähli işler döwrebap tehnologiýalara, işläp taýýarlamalara hem-de kämil kompýuterlere daýanýar. Munuň özi ýyladyşhananyň ýylylyk, çyglylyk, suwaryş ulgamlarynyň işlerini talaba laýyk ýola goýmakda möhüm ähmiýete eýedir. 

Maksada okgunly hereket

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:  — Bu gün döwletiň ylmy-tehnologik özgertmeler babatdaky syýasatyny durmuşa geçirmekde, sanly ykdysadyýetiň giň mümkinçiliklerinden peýdalanmakda, senagatyň, oba hojalygynyň, hyzmatlar ulgamynyň häzirki zamanyň talaplaryna laýyklykda ösdürilmeginde türkmen telekeçileriniň alyp barýan işleri nusgalykdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan oňyn syýasatynyň netijesinde, ýurdumyzda ähli ulgamlaryň hemmetaraplaýyn ösüşine giň mümkinçilikler açyldy. Diýarymyzda kiçi we orta telekeçiligi sazlaşykly ösdürmekde hususy başlangyçlary goldamak üçin amatly hukuk, ykdysady, maliýe we durmuş şertleri döredildi. Ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak babatda oňaýly şertleri döretmek hususy kärhanalaryň döwrebaplaşmagyny, olaryň innowasion işlere çekilmegini we halkara derejede tejribe alyşmaklaryny üpjün edýär.

Türkmen bazarynyň şirin şerbedi

Günleriň günlerden zyýada gelýän döwründe döwletimiziň, hormatly Prezidentimiziň döredip berýän giň mümkinçiliklerinden ruhlanyp zähmet çekýän türkmen işewürleriniň yhlasynyň, erjelliginiň miweleri biziň durmuşymyzyň aýrylmaz bir bölegi boldy. Has takygy, ýurdumyzyň azyk senagatynyň ösmegine önjeýli goşant goşýan telekeçilerimiziň esaslandyran hojalyk jemgyýetleri, hususy kärhanalary tarapyndan öndürilýän önümleriň hili, döwrebaplygy, elýeterli bahasy barada näçe aýtsaň, aýdyp oturmaly. Öndürilişiniň hiliniň dünýä ölçeglerine laýyklygy üçin «Türkmenistanda öndürilen» diýen ýazgy bilen dünýä bazarlaryna eksporta çykýan önümleriň içinde azyk harytlary-da uly orny eýeleýär. Garaşsyzlyk ýyllary içinde gazlandyrylan alkogolsyz suwlary, witamin içgileri we miwe şerbetlerini öndürýän hususy kärhanalaryň sany barha artýar. Hususy telekeçiler tarapyndan öndürilýän, biri-birinden hili, amatlylygy babatda kem durmaýan dürli haryt nyşanly gazly we gazsyz içgileriň, miwe şerbetleriniň hyrydarlary diňe bir biziň watandaşlarymyz bolman, eýsem dünýä bazarynda hem olara isleg bildirýänleriň sany artmak bilen.