Türkmen bazarynyň şirin şerbedi

24 Noýabr 2024
244

Günleriň günlerden zyýada gelýän döwründe döwletimiziň, hormatly Prezidentimiziň döredip berýän giň mümkinçiliklerinden ruhlanyp zähmet çekýän türkmen işewürleriniň yhlasynyň, erjelliginiň miweleri biziň durmuşymyzyň aýrylmaz bir bölegi boldy. Has takygy, ýurdumyzyň azyk senagatynyň ösmegine önjeýli goşant goşýan telekeçilerimiziň esaslandyran hojalyk jemgyýetleri, hususy kärhanalary tarapyndan öndürilýän önümleriň hili, döwrebaplygy, elýeterli bahasy barada näçe aýtsaň, aýdyp oturmaly. Öndürilişiniň hiliniň dünýä ölçeglerine laýyklygy üçin «Türkmenistanda öndürilen» diýen ýazgy bilen dünýä bazarlaryna eksporta çykýan önümleriň içinde azyk harytlary-da uly orny eýeleýär.

Garaşsyzlyk ýyllary içinde gazlandyrylan alkogolsyz suwlary, witamin içgileri we miwe şerbetlerini öndürýän hususy kärhanalaryň sany barha artýar. Hususy telekeçiler tarapyndan öndürilýän, biri-birinden hili, amatlylygy babatda kem durmaýan dürli haryt nyşanly gazly we gazsyz içgileriň, miwe şerbetleriniň hyrydarlary diňe bir biziň watandaşlarymyz bolman, eýsem dünýä bazarynda hem olara isleg bildirýänleriň sany artmak bilen.

Bägül BERDIÝEWA, Ak bugdaý etrabyndaky 28-nji orta mekdebiň mugallymy, «Biznes reklama».