Türkmenistan — Koreýa: parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň bähbidine

26 Iýul 2023
845

Gahryman Arkadagymyzyň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça öňe süren başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi esasynda Türkmenistan Koreýa Respublikasy bilen ýola goýlan gatnaşyklara, dostluk, birek-birege ynanyşmak, özara düşünişmek esasynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýär.

Diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyndan bäri geçen 30 ýylyň dowamynda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky özara hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürildi. Hususan-da, iki ýurt 2008-nji ýyldan bäri özara bähbitli hyzmatdaşlyk esasynda daşary syýasatda, ykdysadyýetde, ylym-bilim, medeni-ynsanperwer ulgamlarda has netijeli gatnaşyklary ýola goýdular. Soňky ýyllarda Koreýa Respublikasynyň iri kompaniýalary geljegi uly hasaplanýan türkmen bazarynda öz ornuny pugtalandyrýarlar. Türkmenistan we Koreýa Respublikasy diňe bir ikitaraplaýyn hem ählumumy derejede däl, eýsem, «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» formatynyň çäklerinde-de özara gatnaşyklary berkidýär. Däp bolan gatnaşyklar pugtalandyrylýar.

«Arkadag»