Ajaýyp tebigatyň goýnunda biri-birinden kaşaň ymaratlara, gözel binalara syn edeniňde, olarda ýaşajak, zähmet çekjek we ylym-bilim aljak ýaşlaryň geljeginiň bagtyýarlygyna buýsanýarsyň. Arkadag şäherinde gurlan binalar we ýaşlaryň dürli ugurlar boýunça bilim almaklary üçin döredilen mümkinçilikler olaryň işine ussat, kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerine, giň dünýägaraýyşly şahsyýetler bolmagyna itergi berer.
Türkmen halkynyň Milli Lideri: «Arkadag şäheriniň ýaşlaryň şäheri hökmünde ykrar edilmegi guwançly ýagdaýdyr» diýip bellemek bilen, şäheriň döwrebap durmuş düzümlerinde ýaşlara uly ornuň degişlidigini görkezdi. Munuň hem sebäbi, ýaşlaryň ykbalynyň Arkadag şäheri bilen gös-göni baglanyşyklylygydyr. Arkadag şäheriniň dolandyryş we beýleki edaralarynyň ýolbaşçy wezipelerine, esasan, ýaşlar bellenildi. Şäherde işlejek hünärmenleriň, ýaşajak ilatyň, aglabasy ýaşlardan ybarat. Şeýlelikde, bu şäherde häzirki we geljekki nesilleriň jebis bitewüligi, ýurdumyzyň okgunly ösüşi öz beýanyny tapýar.