"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Hyzmatdaşlyk rowaçlanýar

Öňňin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen-amerikan işewürlik maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen «Türkmenistan — ABŞ» işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart bilen duşuşdy. «Türkmenistan — ABŞ» işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart Türkmenistanyň gözel tebigatynyň we haýwanat dünýäsiniň özünde ýakymly täsirleri galdyrandygyny nygtap, ýurdumyzda tebigata aýawly çemeleşmek, onuň biodürlüligini gorap saklamak hem-de baýlaşdyrmak, ekologik abadançylygy üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän giň gerimli işleriň dünýä nusgalykdygyny belledi. Milli Liderimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň döwlet syýasatynda ekologiýa ugruna aýratyn üns berilýändigini, bu ugurda abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýändigini belledi. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2024-nji ýylda Türkmenistanyň teklipleri boýunça «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly», «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy», «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary», «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnamalaryň kabul edilmegi ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki tagallalaryna berilýän ýokary bahanyň aýdyň güwäsidir diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtd

Aý dogsa, älem görer

Düýn Arkadag şäheriniň häkimliginde Arkadag şäheriniň Wenada ýerleşýän Ýewropanyň Hil barlaglary boýunça jemgyýetiniň hil boýunça baýragyna, «Hil saýlawy — 2024» nyşany bolan «Diamond» derejesine mynasyp bolmagy, şeýle-de Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň önümleriniň haryt nyşanynyň Bütindünýä Intellektual Eýeçilik Guramasynyň Halkara býurosynyň degişli güwänamasy arkaly tassyklanylmagyna bagyşlanyp hoşallyk maslahaty geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy, Arkadag şäheriniň häkimi, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, «akylly» şäherde zähmet çekýän işgärler, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.

«Sahawat sagadata sebäp»

Gahryman Arkadagymyzyň döwlet taglymatynda hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän içeri we daşary syýasatynda ynsanperwer gatnaşyklara esaslanýan çagalar, ýaşlar, geljek baradaky alada jemgyýeti jebisleşdirmegiň, döwlet berkararlygyny üpjün etmegiň möhüm ähmiýetli ugurlarynyň, depginli ösüşiň esasy şertleriniň biri bolup çykyş edýär. Şunda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň, onuň işiniň yzygiderli giňeldilmeginiň ähmiýeti örän uludyr. Munuň özi türkmen halkynyň özboluşly ynsanperwer ýörelgelerinden gelip çykýar. Bilşimiz ýaly, 7-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda geçirilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisinde haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan geçen döwürde alnyp barlan işler, gaznanyň kanunçylyk hukuk namalaryna girizilen üýtgetmeler, onuň serişdeleriniň sarp edilişi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi tarapyndan degişli döwürde alnyp barlan işler hakynda hasabatlar diňlenildi.

Eneler alkyşly, Arkadagymyz!

Altyn ANNAMYRADOWA, Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň ýaşaýjysy:

Lukmançylyk klasteri: saglykda döwrebap önümçilik

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:— Häzirki döwürde Arkadag şäherini ösdürmek, onuň ikinji tapgyryny gurmak bilen bagly işleri alyp barýarys. Ýurdumyzda, şol sanda Arkadag şäherinde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegine, senagat we önümçilik desgalarynyň ýokary ekologik talaplara laýyk gelmegine möhüm ähmiýet berýäris. Şäherde «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň durmuşa geçirýän işleri muňa şaýatlyk edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, häzirki zaman saglygy goraýyş edaralarynyň binalarynyň gurlup ulanmaga berilmegi jemgyýetiň iň uly baýlygy bolan adamlaryň saglygy baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugrudygyny görkezýär.

Şirinjemal WELMUHAMMEDOWA, Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň ýaşaýjysy:

— Häzirki döwürdäki ýokumly çaga ertirlikleri durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrüldi diýen ýaly. Biri-birinden ýokumly şüleler, hemenekler çagany etikdirip, elinden çekilen ýaly edäýýär. «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň öndürýän dürli görnüşli çaga şüleler-ä has-da ýokumly. Söwda nokatlaryndan yzygiderli alýaryn. Bahalaram amatly. 2 ýaşly oglum Mülkä şol gury ertirliklerden berip başlalym bäri, posalajyk çaga öwrüläýdi. Özem has işdämen ýapyşýar. Şokolad tagamly, ary bally, banan tagamly gury ertirliklerden beýleki çagalaram ýüz sowjak däller. Dadyp görenleri ýene iýjekden. Olaryň gaplanyşy hem özüne çekiji, owadan suratlar bilen bezelen. Iýmitler çaganyň bedenine gerekli ýokumly maddalara örän baý eken. Tebigy arassa önümlerden — ýokary hilli bugdaý, mekgejöwen unundan, mekgejöwen petinden we hemenek ýarmasy esasynda öndürilýär diýýärler. Gyzyklanyp görsem, «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynda öndürilýän ol önümleri köp eneler peýdalanýan ekenler. Olaryňam aýdyşy boýunça, şol iýmitler çagalaryň iň halaýanlary borly. Şeýle ýokary hilli önümleriň öndürilýändigi üçin döwrümize guwanýarys, Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize alkyş aýdýarys.

Zehin aýdyňlygy, paýhas käni

Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabyndan: — Öz-özünden döreýän hiç bir zat ýok. Täze bir zadyň ýüze çykmagy, täze bir wakanyň peýda bolmagy üçin sebäp gerek, esas gerek.

Ösen tehnologiýa — döwrüň talaby

Düýn Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde «Akylly» şäher: dolandyrmak, sanly, «akylly» we emeli aň tehnologiýalary, howpsuzlygy, ykdysadyýeti» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Halkara ylmy-amaly maslahat bu ugurdaky işleri ulgamlaýyn esasda alyp barmak, Arkadag şäherinde «akylly» şäher konsepsiýasynyň tapgyrlaýyn ornaşdyrylyşyny we gazanylýan milli tejribeleri dünýä ýaýmak maksady bilen guraldy. Ýeri gelende bellesek, Arkadag şäheriniň Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherinde ýerleşýän Ýewropanyň Hil barlaglary boýunça jemgyýetiniň hil boýunça baýragyna «Hil saýlawy — 2024» nyşany bolan «Diamond» derejesine mynasyp bolmagy hem-de Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň önümleriniň haryt nyşanynyň Bütindünýä Intellektual Eýeçilik Guramasynyň Halkara býurosynyň degişi güwänamasy arkaly tassyklanylmagy onuň giň dünýäde ykrar edilýändiginiň alamatydyr. Maslahata Türkiýeden, Özbegistandan, Malaýziýadan, Hytaýdan, Hindistandan, Rumyniýadan, Günorta Koreýadan, Russiýadan, Belarusdan, Beýik Britaniýadan 22 sany alym, professor-mugallymlar we ýokary tehnologiýalar, «akylly» şäherler, emeli aň we kiberhowpsuzlyk babatda işleri alyp barýan daşary ýurtly kompaniýalaryň ýolbaşçylary geldiler. Şeýle hem 15-e golaý döwletden 30-dan gowrak alymlar, professor-mugallymlar göni aragatnaşyk arkaly onlaýn görnüşinde gatnaşdylar. Şeýle-de Türkme

Baýdak — belent mertebe

Arkadag şäherinde Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilen baýramçylyk dabarasy joşgunlylygy bilen tapawutlandy. Ir säher bilen Arkadag şäheriniň toý lybasyna özboluşly sazlaşyk goşan esasy dabaralaryň biri-de Baş baýdak meýdançasynda geçirildi. Halkara Bitaraplyk gününiň dabarasy ýaşyl tugumyzyň al-asmana göterilmegi bilen başlandy. Toý meýdançasyna ýygnananlaryň arasynda edara-kärhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarydyr işgärleri, il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, talyp ýaşlar bar.

Arkadagly illerde toýlar toýa ulaşdy

Täze jaýlaryň açarlary gowşuryldy Her bir gününi goşa-goşa toýly garşylaýan ata Watanymyz giň jahanda parahatçylyk söýüji, ynsanperwer, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürýän ýurt hökmünde tanalmak bilen çäklenmän, bagtyýar durmuşyň, bagtly ýaşaýşyň mekany hökmünde hem äleme belli. Arkadag şäherinde Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açarlarynyň gowşurylyş dabarasy aýdanlarymyza aýdyň mysal. «Toýdan topukça» diýlişi ýaly, täze jaýa göçüp gelen ildeşlerimiziň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

«Şatlykdan-şowhundan dol sen, Täze ýyl!»

«Arkadag Binasynyň» meýdançasynda guralan Baş arça «akylly» şäheriň gözelligine gözellik goşýar. 15-nji dekabrda Täze ýyl baýramynyň iň hormatly myhmanlary — Aýazbabadyr Garpamygy Köpetdag şaýolunyň ugrunda ýerleşýän «Polatly» aýlawynda türkmen halk ertekisiniň gahrymany bolan Akpamyk bilen Japbaklar garşyladylar. Uzak-uzak ýollary söküp, ala garly daglardan aşyp gelen Aýazbaba bilen Garpamyk bu ýerde paýtunlaryna mündüler. «Arkadag Binasynyň» ýanyndaky meýdançada gurnalyp, oýnawaçlaryň we yşyklandyryjylaryň dürli görnüşleri bilen bezelen «akylly» şäheriň Baş arçasy uzaklardan görünýär. Ol şowhunly baýram bolan Täze ýylyň ýetip gelýändigini ýatladyp, uly-kiçiniň kalbyna şatlyk eçilýär. Onuň ýerleşýän ýeri Arkadag şäheriniň ýaşaýjylarydyr myhmanlary üçin iň özüne çekiji, gözel künjekleriň biridir. Bu ýerde hem ertekileriň gahrymanlary we şadyýan çagalar Aýazbabadyr Garpamygy uly şatlyk bilen garşyladylar. Täze ýyl gahrymany Aýazbaba: «Çür başynda altyn täç, // Hany, arçam ýalkym saç!» diýip, «jadyly sözi» bilen «akylly» şäheriň Baş arçasynyň yşyklaryny ýakdy. Bu bolsa dabaranyň iň täsirli pursadyna öwrüldi. Çagalaryň Täze ýyl gahrymanlary bilen bilelikde el-ele berip, arçanyň daşyndan aýlanmaklary çärä has-da ýaraşyk berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

14-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen gyşynyň tenekar säheriniň irki pursatlarynda täzeçil tehnologiýalar esasynda bina edilen Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz şäheriň mynasyp bolan halkara sylaglary we bu ýerde gurulmagy, durky täzelenmegi meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy, şeýle-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Milli Liderimiz ýurdumyzyň ozaldan gelýän hyzmatdaşy bolan Fransiýanyň “Buig” kompaniýasynyň ýurdumyzdaky wekili bilen hem duşuşdy. Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen binýat bolan täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda meýilleşdirilen işleriň depgini barha ýokarlanýar. Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde ýerleşýän Arkadag şäherinde gurulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalaryň taslamalarynyň taýýarlanylmagyna, gurluşyk işlerine örän jogapkärçilikli çemeleşilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Arkadag şäheriniň Wenada ýerleşýän Ýewropanyň Hil barlaglary boýunça jemgyýetiniň hil boýunça baýragyna, «Hil saýlawy — 2024» nyşany bolan «Diamond» derejesine mynasyp bolandygy baradaky hoş habar gelip gowuşdy. Şeýle hem Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň önümleriniň haryt nyşany Bütindünýä Intellektual Eýeçilik Guramasynyň Halkara býurosynyň degişli güwänamasy arkaly tassyklanyldy. Sizi ýurdumyzyň ilkinji «akylly» şäheriniň halkara derejedäki nobatdaky ykrarnamasyny alamatlandyrýan bu wakalar mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, ata Watanymyzyň içeri we daşary syýasy ösüşleri ugrunda alyp barýan işleriňiziň mundan beýläk-de üstünliklere beslenmegini arzuw edýärin.

«Ýaşulular geňeş etse...»

Öňňin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmegiň meselelerine, welaýatlarda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna garaldy. Gahryman Arkadagymyz mejlisi açyp, häzirki döwürde ýurdumyzda paýhasly pederlerimiziň dünýä nusgalyk işleriniň mynasyp dowam etdirilýändigini belledi we ýygnananlary 2024-nji ýylyň üstünlikli jemlenmegi, Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllygy bilen gutlady. Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy R.Bazarow häzirki döwürde Ýaşulular geňeşiniň alyp barýan işleri, bu babatda öňde durýan wezipeler, olary üstünlikli ýerine ýetirmegiň ugurlary hakynda aýdyp, welaýatlaryň hormatly ýaşulularynyň ilat arasynda geçirýän wagyz-nesihatlary, baýramçylyk çäreleri barada hasabat berdi. Soňra mejlise gatnaşyjylara söz berildi. Aşgabat şäheriniň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň wekilleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda uly işler amala

«Parahatçylyk ýolunda rüstemdir gül Diýarymyz»

10-njy dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taryhy asyrlaryň jümmüşine uzaýan türkmen-türk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň dowamynda Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň Budapeştde geçirilen 16-njy mejlisiniň we onuň çäklerinde bolan duşuşygyň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Gahryman Arkadagymyz türki döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen mejlisiň ýokary guramaçylyk derejesi üçin myhmana minnetdarlyk bildirdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Türkiýäni köpasyrlyk dost-doganlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Bu bolsa hökümetara derejede hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin binýat bolup hyzmat edýär. Ýurtlarymyzyň arasyndaky döwletara dialog deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, goldaw bermek we ynanyşmak ýörelgeleri esasynda ösdürilýär. Türkmenistan goňşy hem doganlyk ýurtlar, hususan-da, türki döwletler bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýär diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we doganlyk halklary taryhyň, medeni, ruhy gymmatlyklaryň umumylygyna esaslanýan gatnaşyklaryň baglanyşdyrýandygyny belledi. Duşuş

Nurana geljegimiziň hatyrasyna

Düýn hajy Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly hajy Serdarymyzyň gatnaşmagynda Milli Liderimiziň Saud Arabystany Patyşalygyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde mukaddes Käbä zyýarat etmeginiň hormatyna Gökdepe metjidinde sadaka berildi. Oňa ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümleri, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Hajy Arkadagymyzyň külli musulman dünýäsi üçin mukaddes künjek saýylýan Mekgede ata Watanymyzyň abadançylygy, asudalygy, halkymyzyň nurana geljegi, eşretli durmuşy, geljek ýylymyzyň düşümli, rysgal-bereketli bolmagy üçin Beýik Biribardan dileg etmegi taryhy ähmiýetli wakadyr. Ol Gahryman hajy Arkadagymyzyň ýurdumyzyň, mähriban halkymyzyň geçmişi, şu güni we nurana geljegi babatda atalyk aladalarynyň aýdyň ýüze çykmasydyr.

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

1995-nji ýylyň 12-nji dekabry türkmen halkynyň taryhynda ýatdan çykmajak seneleriň biridir. Ol gün türkmen halky döwletiň daşary syýasy işiniň binýady bolan erkana durmuşyň iň ygtybarly, bagtyýarlyk ýoluny saýlap seçdi. Türkmenistan 1992-nji ýylyň 2-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 46-njy mejlisinde BMG-niň agzalygyna kabul edildi. Onuň yzysüre, ýagny 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň taryhy kararnamasy bilen BMG-niň şol wagtdaky agzalary bolan 185 döwletiň goldamagynda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe boldy. Bu halkara guramanyň 2015-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Karary bilen, eziz Diýarymyz dünýä bileleşigi tarapyndan resmi taýdan ikinji gezek hemişelik Bitarap döwlet diýlip ykrar edildi. Geçen 29 ýylyň içinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy sebitde durnuklylygy, howpsuzlygy üpjün edýän möhüm şertleriň birine öwrüldi.

Şanly toýdan Şa serpaýynyň eýeleri

Düýn Arkadag şäheriniň häkimliginde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken resminamalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly, «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýadygärlik nyşanlar bilen sylaglamak dabarasy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy, Arkadag şäheriniň häkimi, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, «akylly» şäherde zähmet çekýän işgärler, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar. Beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň uly dabara bilen bellenilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyna mynasyp bolmak uly bagtdyr we mizemez döwletlilikdir. Şeýle ajaýyp döwrümizde ildeşlerimiziň ençemesiniň döwlet sylagyna ― «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyna mynasyp bolmagy buýsançly wakadyr. Bu her bir adamyň zähmetine bildirilen uly ynamdyr, geljekki üstünliklere ruhlandyrýan, ata Watanymyza bolan söýgimizi has-da artdyrýan ylhamdyr. Dabarada gursaklary buýsançdan doly ildeşlerimiz, döwlet sylagynyň eýeleri halkymyzyň ýagty geljegi ugrunda asyrlara barabar işleri durmuşa geçirýän, şeýle hem dowam edýän ş

«Hakyda göwheri» — zehin jöwheri

Gahryman Arkadagymyzyň maddy we ruhy medeni mirasymyzyň, ynsanperwer hem döwletlilik gymmatlyklarymyzyň belent sarpasyna we giň mazmunly edebi-çeper beýanyna öwrülen «Hakyda göwheri» atly täze kitaby türkmen we iňlis dillerinde neşir edilip, giň okyjylar köpçüligine ýetirildi. Bu kitap diňe bir gymmatly taryhy maglumatlaryň çeşmesi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent buýsanjynyň çeper beýany bolup durýar. Watanymyz dünýäde deňi-taýy bolmadyk nepis halylaryň, zergärçiligiň, senetçiligiň, ussaçylygyň gadymy mekanydyr. Bu gadymy toprakda geçmişde milli gymmatlyklaryň gaýtalanmajak nusgalary döredilipdir. Olaryň ebedileşdirilmegi, dünýäde dabaralandyrylmagy milli mirasymyza bolan çäksiz buýsanç duýgusyny oýarýar, halkymyzy täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýar. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz täze kitabynyň sahypalarynda: «Ynsany bagtyýarlyga ýetirýän esasy sebäpleriň biri milli buýsanç arkaly kemala gelýär. Milli buýsanjyň gözbaşynda bolsa halkyň müňýyllyklardan gözbaş alýan şöhratly taryhy bardyr. Taryh hakynda söz açylanda dünýäniň iň gadymy halklarynyň arasynda, ilki bilen, türkmen halky hem ýatlanylýar» diýmek bilen, milli taryhy we ruhy gymmatlyklarymyzyň ýyl geçdigiçe öwüşgini artýan mähek daşy dek, gün-günden görklenýän göwher mysaly hakydalarda uly orun tutýandygy jähetden, ajaýyp kitabyny «Hakyda göwheri

Magtymguly Pyragy

Türkmen binasy Gurdugym aslynda, bilgil, bu zeminiň myhydyr,Erer ol erkan mydam, budur türkmen binasy.