"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Döwran bu gün

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde Köpetdagyň eteginde Magtymguly Pyragynyň beýikligi 60 metre barabar ýadygärligi döredildi. Bu jogapkärli iş Türkmenistanyň halk suratkeşi, Türkmenistanyň Gahrymany Saragt Babaýewe we onuň şägirtlerine ynanyldy. «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda dünýä halklarynyň meşhur ýazyjy-şahyrlarynyň, akyldarlarynyň 24-siniň heýkeli goýuldy. «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda Abaý Kunanbaý, Dante Aligýeri, Ýasunari Kawabata, Rabindranat Tagor, Şandor Petefi, Iogan Wolfgang fon Gýote, Şota Rustaweli, Onore de Balzak, Du Fu, Ýanka Kupala, Nyzamy Genjewi, Saýat Nowa, Çingiz Aýtmatow, Raj Ali Hajy, Adam Miskewiç, Mihail Eminesku, Fýodor Dostoýewskiý, Huan Humenes, Rudaky, Ýunus Emre, Grigoriý Skoworoda, Wilýam Şekspir, Langston Hughes, Alyşir Nowaýy ýaly dünýä belli ýazyjy-şahyrlaryň ýadygärlikleri ýerleşdirildi. Bu seýilgähde heýkelleri ýerleşdirilen şahsyýetleriň her biri dünýä edebiýatynyň, medeniýetiniň we sungatynyň ösmegine uly goşantlary goşdular. Olaryň hatyrasyna şeýle toplumyň bina edilmegi, ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende göterýär. Munuň özi Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen halkynyň we tutuş adamzadyň beýik ýörelgeleriniň dabaralanmagynyň bähbidine durmuşa geçirý

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumy bilen sylaglanylmagyňyz mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak, mertebäňiziň belent bolmagyny, beýik ösüşlere beslenýän Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halk bähbitli, umumadamzat ähmiýetli döwletli başlangyçlaryňyzyň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.

Sergide Watan waspy

Ýakynda parahatçylygyň, dostlugyň, özara düşünişmegiň we ynsanperwer ýörelgeleriň dabaralanmasyny alamatlandyrýan Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebinde bu sungat mekdebiniň çeperçilik sungatynyň nakgaşlyk bölüminde okaýan 1-nji synp okuwçylarynyň nakgaşlyk işlerinden «Gülle sen, Bitarap Türkmenistanym!» atly sergi guraldy. Okuwçylar ilki birnäçe eskiz gözleglerini ýerine ýetirdiler. Şol gözleglerden dörän iň gowy suratlary saýlap, uly ölçegdäki ak kagyza geçirdiler. Olar öz çeken suratlarynda ata Watanymyzy, asuda asmanymyzy, binalarymyzy we çagalaryň asuda gezip ýören pursatlaryny wasp etmäge çalyşdylar. Ýaşajyk suratkeşleriň sergisi olaryň sungata bolan höwesini artdyryp, aň-bilim taýdan ösen, ruhy taýdan kämil bolmaklaryna höweslendirýär. Yhlas bilen çekilen suratlar her bir çaganyň döredijilik pikirlerini açyp görkezýär.

ÝAŇLANÝAN SAZLARYŇ HEŇI PYRAGY

Magtymguly Pyragynyň ynsan üçin juda gymmatly we pähim-parasatly garaýyşlary, onuň umman ýaly giň we örän täsirli, many-mazmunly, çeper döredijiligi dünýä halklarynyň söýgüsine, hormat-sarpasyna mynasyp bolup, ýüreklerde uly orun eýeledi. Onuň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan, edebi çeper pikirleri, kämil garaýyşlary, çeper mazmun öwüşgini siňdirilen goşgulary türkmen halkynyň medeniýetine, aýratyn-da saz sungatyna öz täsirini ýetirdi. Türkmeniň aýdym-saz sungatynda uly orun akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiligine degişli bolup durýar. Halkymyzyň aýdym-saz sungatynyň soňky II-III asyrdaky ösüşini Magtymgulusyz göz öňüne getirmek kyn. Pyragynyň şahyrana mirasyna türkmen bagşy-sazandalarynyň döredijiligine ser salmak bilen göz ýetirmek mümkin. Halk bagşylarynyň, professional aýdymçylaryň repertuarynyň agramly bölegi dananyň goşgularyna degişlidir. Biziň ýaşap geçen dutarçy bagşylarymyz: Magtymguly Garlyýew, Sahy Jepbarow, Gurt Ýakubow, Mäne Garaýew, Ýagşy Wellekow we Türkmenistanyň halk artisti Öwezgeldi Tekäýew hem-de Türkmenistanyň we Özbegistanyň at gazanan artisti Babamyrat Hamdamow ýaly ussat aýdymçy-sazandalaryň Magtymguly Pyragynyň goşgularyna döreden eserleri halkymyzyň toý-baýramlarynyň bezegi bolup durýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisindäki ÇYKYŞY

(Arkadag şäheri, 2024-nji ýylyň 7-nji dekabry) Hormatly müdiriýetiň agzalary!

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Müdiriýetiniň mejlisi

Düýn Arkadag şäherinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Müdiriýetiniň mejlisi geçirildi. Oňa Müdiriýetiň agzalary, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hem-de Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa gatnaşdylar.  Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz mejlisi açyp, ilki bilen, hemmeleri «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň üstünlikli jemlenmegi hem-de Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň ýetip gelýän 29 ýyllyk senesi bilen gutlady.

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk toýuna barýan günlerimizde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, Garaşsyz Watanymyzyň halkara abraýynyň beýgelmegi, parahatçylyk söýüjilikli ýörelgeleriniň dabaralanmagy ugrunda alyp barýan giň gerimli işleriňizde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Resmi habar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen, sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheri häzirki wagtda ähli görkezijiler babatda nusgalykdyr. Ýakynda bu ajaýyp şäheriň Ýewropanyň Hil barlaglary boýunça jemgyýetiniň hil boýunça baýragyna mynasyp bolmagy munuň aýdyň güwäsidir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Arkadag şäherine bu abraýly baýragyň gowşurylmagy mynasybetli geçiriljek dabara gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 2024-nji ýylyň 8 — 10-njy dekabry aralygynda Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherinde gulluk iş saparynda bolar. (TDH)

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Onuň dowamynda  özara bähbitlilige hem-de hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky döwletara gatnaşyklaryň barha pugtalandyrylýandygyny kanagatlanma bilen bellediler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri bilen duşuşygy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystanyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saud bilen duşuşdy. Gahryman Arkadagymyz hem-de dostlukly ýurduň Hökümetiniň Başlygy döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirip, özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly ösüşe eýedigini bellediler. Türkmen halkynyň Milli Lideri Saud Arabystanynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministrine “Bitewi suw” sammitine gatnaşmaga çakylygy üçin minnetdarlyk bildirip, bu çäräniň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň iberen mähirli salamyny ýetirdi.

Türkmenistan suw meselesinde ählumumy tagallalaryň utgaşdyrylmagy ugrunda çykyş edýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy «Bitewi suw» sammitine gatnaşdy 3-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 16-njy maslahatynyň (СOP16) çäklerinde geçirilen «Bitewi suw» sammitine gatnaşmak maksady bilen, Saud Arabystany Patyşalygyna iş saparyny amala aşyrdy.

Ösüşli ýollarda eziz Diýarym

29-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy. Mejlisiň Başlygy we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän ugurlary boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler. Hususan-da, Beýik Ýüpek ýolunyň Hazarýaka şahalaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça halkara bilermenleriň sebitleýin duşuşygyny geçirmäge görülýän taýýarlyk, Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli medeni çäreleri geçirmegiň guramaçylyk meseleleri, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň «Lukmançylyk ylmy we innowasiýalar» atly ylmy elektron žurnalyny döretmek boýunça görülýän çäreler, «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk barada aýdyldy. Hormatly Prezidentimiz hasabatlar bilen tanşyp, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek babatda öňde durýan wezipeleri netijeli ýerine ýetirmekde birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiziň mübärek sapary

Öňňin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 16-njy maslahatynyň (СOP16) çäklerinde geçirilen «Bitewi suw» sammitine gatnaşmak maksady bilen, Saud Arabystany Patyşalygyna iş saparyny amala aşyrdy. Hajy Arkadagymyz gadymdan gelýän däp-dessurlara eýerip, saparynyň ilkinji pursatlaryny Mekge şäherine baryp, mukaddes Käbä zyýarat etmekden başlady. Munuň özi asylly işleriň rowaçlyklara beslenmegini ýörelge edinen halkymyzyň däpleriniň dowamata atarylýandygynyň aýdyň beýany boldy.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Hakyda göwheri» atly kitabyndan:

— Şöhratly hem-de buýsançly taryhymyzyň her sahypasynda dünýä medeniýetine nusgalyk ösüşler hem-de açyşlar ýatyr. Arheolog alymlarymyzyň yzygiderli alyp barýan gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde topragyň gatlaryndan taryhy gatlaklaryň syryny çöşleýän täze-täze tapyndylar ýüze çykarylýar. * * *

«Hakyda göwheri» — sözleriň düri

30-njy noýabrda Arkadag şäheriniň häkimliginiň mejlisler jaýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýiti zehininden dörän «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu dabara il sylagly ýaşulular, mährem eneler, «akylly» şäheriň edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, mugallymlardyr talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Türkiýäniň eksport harytlary

Düýn paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi açyldy. 4 — 6-njy dekabr aralygynda geçirilýän köpugurly sergide türk önüm öndürijileri tarapyndan eksport edilýän ýokary hilli harytlaryň giň toplumy görkezilýär. Halkara forum doganlyk ýurduň öndürijileri tarapyndan öndürilýän önümleriň köpdürlüligini açmak bilen bu ugurda ikitaraplaýyn bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde we pugtalandyrmakda uly ähmiýete eýedir. Gözden geçirilişe Türkiýäniň döwlet düzümleriniň wekillerinden ybarat uly topar, netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga we ösdürmäge gyzyklanma bildirýän abraýly kompaniýalardyr hususy kärhanalaryň 70-den gowragy gatnaşýar. Mälim bolşy ýaly, türk işewürligi milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyrmakda ençeme ýyllardan bäri ýurdumyzyň netijeli hyzmatdaşydyr. Häzirki wagtda durmuşa geçirilýän bilelikdäki taslamalar hem munuň aýdyň beýanydyr.

Ilime şan getirýär bu ýyllar

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäher birleşmesiniň bilelikde guramagynda «akylly» şäheriň Jemgyýetçilik guramalarynyň mejlisler jaýynda täze 2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmak maksady bilen maslahat geçirildi. Maslahatda ýaşlar çykyş edip, her ýylyň mynasyp atlandyrylmagynyň ýurdumyzda asylly däbe öwrülendigini nygtadylar. Öňümizdäki täze ýyly hem Watanymyzyň beýik özgertmelerine laýyklykda atlandyrmak we nyşanyny kesgitlemek babatda ýaşlaryň tekliplerini öwrenmek boýunça öňde durýan wezipeler barada gürrüň etdiler. Çykyşlaryň barşynda Milli Liderimize hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza Türkmenistan Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek baradaky yzygiderli tagallalary, durmuşa geçirýän beýik işleri üçin alkyş sözleri beýan edildi.

«Asmanymyz parahat, dünýä dolsun owaza!»

Öňňin Arkadag şäheriniň jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda Arkadag şäheriniň häkimliginiň we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň bilelikde guramagynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli «Türkmenistan — parahatçylyk söýüjiligiň we dost-doganlygyň mekany» atly dabaraly maslahat geçirildi. Oňa «akylly» şäheriň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän hünärmenler gatnaşdylar. Maslahatda ýurdumyzyň dünýä döwletleriniň, halklarynyň arasyndaky gatnaşyklarda parahatçylygy pugtalandyrmakda alyp barýan syýasatynyň, durmuşa geçirýän işleriniň üstünliklere beslenýändigi bellenildi. Türkmen Bitaraplygy parahatçylygy ösdürmegiň döredijilik binýady hökmünde Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde yzygiderli pugtalandyrylýar. Bular dogrusyndaky söhbetler maslahatyň dowamynda aýdyň beýanyny tapdy. Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň aýdym-saz toparynyň ýerine ýetiren çykyşlary bolsa oňa gatnaşanlara ruhy lezzet paýlady.

Şudur Bitaraplyk, eziz Watanym!

Bitaraplyk diýmek näme? Söz aslyna aralaşyp, aňyşym, alşym, düşünişim boýunça şeýleräk beýan etmäge çalşaýyn. Özüň bilen, güzeranyň bilen bolmak bu, özgäň gününe guwanmak bu hemem uly dünýäýe dolmak bu. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz dünýäň ýurtlaryna, dünýäň halklaryna uly münberden ýüzlenip, taryhy söz sözlände, Türkmenistan döwletimiziň hemişelik Bitaraplygyny buýsanç bilen belleýär. Şondaky guwanjyň bäri-bärde durmaýar. Höwesiň, hyýalyň kalba ganat bekleýär. Uçýaň sen, dünýäni guçýaň sen. Dereje şol ýerde, reje şol ýerde, abraý şol ýerde, at şol ýerde.

«Akylly» şäher: sanly sepgitler

Arkadag şäheriniň ähli ulgamlaryny sazlaşykly we durnukly ösdürmek, ilatyň ýaşamagyna, zähmet çekmegine, dynç almagyna gönükdirilen amatlyklary yzygiderli üpjün etmek, ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen hormatly Prezidentimiz 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda «Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasyny» tassyklady. Bu konsepsiýa Arkadag şäheriniň halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň hem-de durmuş ulgamynyň işiniň netijeliliginiň maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny giňden peýdalanmagyň hasabyna ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir. Bu babatda şäherde bilim ulgamynda, saglygy goraýyşda, senagatda we beýleki pudaklarda dünýä ülňülerine laýyk gelýän «akylly» tehnologiýalar ornaşdyrylyp, senagaty sanlylaşdyrmak boýunça önjeýli işler amala aşyrylýar.