Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäher birleşmesiniň bilelikde guramagynda «akylly» şäheriň Jemgyýetçilik guramalarynyň mejlisler jaýynda täze 2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmak maksady bilen maslahat geçirildi.
Maslahatda ýaşlar çykyş edip, her ýylyň mynasyp atlandyrylmagynyň ýurdumyzda asylly däbe öwrülendigini nygtadylar. Öňümizdäki täze ýyly hem Watanymyzyň beýik özgertmelerine laýyklykda atlandyrmak we nyşanyny kesgitlemek babatda ýaşlaryň tekliplerini öwrenmek boýunça öňde durýan wezipeler barada gürrüň etdiler. Çykyşlaryň barşynda Milli Liderimize hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza Türkmenistan Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek baradaky yzygiderli tagallalary, durmuşa geçirýän beýik işleri üçin alkyş sözleri beýan edildi.