Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi: ylmyň soňky gazananlaryna esaslanyp
Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi mümkinçiligi çäkli çagalaryň saglygyny goramakda iňňän ähmiýetli merkezdir. Ýurdumyzda bu ugurda alnyp barylýan işler hem giň gerime eýe bolýar. Muňa 9-njy oktýabrda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda açylyp ulanmaga berlen Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi hem aýdyň mysaldyr. Bu 400 orunlyk döwrebap merkezde ýurdumyzyň raýatlary gatnaw we ýatymlaýyn şertlerinde kabul edilýär. Merkeziň maslahat beriş-anyklaýyş bölümleriniň hünärmenleri häzirki zaman ylmynyň soňky gazananlaryna esaslanyp, anyklaýşyň, bejerişiň we dikeldişiň täsirli usullaryny ösdürmegi we durmuşa geçirmegi maksat edinýär. Döwrebap merkezde newrolog, ortoped, kardiolog, terapewt, otorinolaringolog, oftalmolog, endokrinolog, neýrofiziolog, pediatr we nutrisiolog lukmanlaryň otaglary bar. Merkeziň çagalar we ulular üçin niýetlenen kinezoterapiýa we gidroterapiýa bölüminde halkara ülňülere laýyk gelýän ýokary tehnologiýaly enjamlar ornaşdyrylyp, her bir näsag üçin şahsylaşdyrylan sagaldyş-dikeldiş bejergisini geçirmäge mümkinçilik berýän ýörite maşklar toplumy taýýarlanylýar. Bölümde näsaglara 3D wideo derňewini geçirmek üçin niýetlenen ýöreýiş barlaghanasy, näsaglaryň sinhron ýa-da asinhron ýöreýşi üçin ylgaw ýodasy, lokomotor bejergi otagy, gidroterapiýa otagy bar. Bu bolsa näsaglaryň oňurga we bogun kes