"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Hormata mynasyp ata-eneler burçy

Ähli ata-eneler öz çagalaryny bilimli, edepli, Watana, il-halka gerekli adam edip ýetişdirmek isleýär. Şolaryň ugrunda gije-gündiz arman, ýadaman zähmet çekýär. Arkadag şäherindäki umumybilim berýän orta mekdeplerde hem bu babatda degişli işler alnyp barylýar. Şoňa görä-de, orta mekdeplerde täze döredilen «Hormata mynasyp ata-eneler» burçy bar. Bu mekdep burçy ýurdumyzda ilkinji gezek «akylly» şäherde hereket edip başlady.

Täsin tomaşa

Arkadag şäherindäki milli gahrymanymyz Göroglynyň ady dakylan sirkiň döredijilik toparynyň her bir çykyşlary gyzykly pursatlara baý bolýar. Ine, täze çykyşlara taýýarlyk pursatlary ýetip gelýär. Sirkiň döredijilik toparynyň her bir agzasy öz pikirleri, ukyp-başarnygy bilen çykyşlaryň sungat derejesine ýetmegi üçin yhlasly zähmet çekýärler. Režissýor, baletmeýster, ses režissýory, suratkeş, tansçylar... mahlasy, ählisi öz ornunda sirk tomaşalarynyň gyzykly bolmagy üçin jan edýärler. Olaryň maksady çykyşlary bilen tomaşaçylaryň wagtyny hoş geçirmegini gazanmak, ruhy lezzet paýlamak. Dagyň arassa, mylaýym howasyndan dem alyp, Arkadag şäheriniň gözelligine haýran galyp, sungat ojagynyň bosagasyndan ätlän tomaşaçylary sirkiň işgärleri güler ýüz bilen garşy alýarlar.

Abuna — 2025

Hormatly okyjylar! 2025-nji ýylyň birinji ýarymy üçin «Arkadag» gazetiniň çap edilýän görnüşine abuna ýazylyşyk dowam edýär. Gazetiň kagyz görnüşine abuna ýazylmak üçin «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň bölümlerine ýüz tutup bilersiňiz. Elektron neşire abuna ýazylmak bilen, şol bukjada ýurdumyzyň beýleki merkezi gazet-žurnallaryny we welaýat gazetlerini-de okap bolýandygyny ýatladýarys! Şeýle-de gazete ýazylmak üçin «Arkadag» gazetiniň redaksiýasyna hem ýüz tutup bilersiňiz!

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe uly zähmet üstünlikleri bilen garşy alynýan Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, halkymyzyň bagtyýar, bolelin durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan tutumly işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň saýlanan Prezidentini gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Donald Trampa Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. “Biz Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýäris we bu gatnaşyklaryň geljekde iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynanýarys” diýip, Gahryman Arkadagymyz hatynda belleýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň saýlanan Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan jenap Donald Trampa Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen gatnaşyklarynyň häzirki derejesine ýokary baha berýändigini hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, özara bähbitleri goramak ýörelgeleri esasynda mundan beýläk-de ösdürilmegine uly ähmiýet berýändigini belläp, ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň iki ýurduň halklarynyň bähbidine geljekde has-da pugtalandyryljakdygyna berk ynam bildirdi.

«Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur»

2-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň Saglyk ýolunda köpçülikleýin ýöriş geçirildi. Bu çäre jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmeginde, aýratyn-da, ýaşlaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklarynda möhüm ähmiýete eýe boldy. Sport çäresine gatnaşmak üçin bu ýere Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, talyplar we beýlekiler ýygnandylar. Köpçülikleýin ýöriş başlanmazyndan ozal, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň wekilleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işgärleriniň arasynda Saglyk ýoluny ylgap geçmek boýunça ýaryş guraldy.

Ösüşlere rowan Watan

1-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, döwrüň talaplaryna laýyklykda, milli hukuk ulgamyny kämilleşdirmek babatda degişli çäreler görülýär, ýurdumyzyň häzirki we geljekki ösüşini kesgitleýän täze kanunlar işlenip taýýarlanylýar. Şeýle hem daşary ýurtlaryň parlamentleri bilen özara gatnaşyklary ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy.

Ýaşlar bilen ýeňişler

Alp Arslan BEGENJOW,Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby:

Hünär baýramynda

Ýakynda Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň Mejlisler zalynda «Gurýan döwlet gurply döwletdir» atly dabaraly maslahat geçirildi. Gurluşyk we senagat işgärleriniň güni mynasybetli geçirilen baýramçylyk çäresini Arkadag şäheriniň häkimligi bilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komiteti bilelikde guradylar. Dabaraly maslahatyň dowamynda çykyş edenler Gurluşyk we senagat işgärlerini hünär baýramlary bilen gutladylar. Ýurdumyzyň ykdysady ösüşleriniň aýdyň görkezijileriniň biri bolan, çawy dünýä ýaýran sebitde ilkinji «akylly» şäheriň Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ymgyr yhlasdyr tagallalary bilen durmuşa geçirilendigini, şunda bolsa yhlasly telekeçileriň uly paýynyň bardygyny buýsanç bilen bellediler.

Barha ilerleýän pudagyň üstünlikleri

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 3 – 5-nji noýabrynda paýtagtymyz Aşgabatda «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2024» atly halkara sergi hem-de «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly maslahat geçirildi. Serginiň maksady ýurdumyzyň gurluşyk, senagat önümçiligi, energetika we himiýa senagaty, ýol gurluşygy ulgamynda gazanan üstünliklerini hem-de dünýä belli kompaniýalaryň hödürleýän ýöriteleşdirilen enjamlaryny, öňdebaryjy tehnologiýalaryny tanyşdyrmakdan ybarat. «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2024» atly halkara sergä «Geljege Miras», «Demir ölçeg», «Maksatly gerçek», «Yhlas Kagyz», «Arap ulagy», «Ajaýyp gurluşyk», «Nur bina gurluşyk» hususy kärhanalary, «Rysgally Nesip», «Elektron Ylhamy», «Oguzabat», «Ak bulut», «Ynamly ojak», «Muhammet-Balkan» hojalyk jemgyýetleri bilen birlikde Ýaponiýanyň, Hytaýyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Eýranyň, Russiýanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Hindistanyň kompaniýalary gatnaşdylar.

Gülleýär, gül açýar geljegiň şäheri

Ýakynda Arkadag şäheriniň häkimliginde maslahat geçirildi. Oňa «akylly» şäheriň ýolbaşçy düzümleri, edara-kärhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatda bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary şu ýylyň 22 — 26-njy oktýabry aralygynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Waşington şäherinde Halkara pul gaznasynyň we Bütindünýä bankynyň nobatdaky ýyllyk maslahatyna we ugurdaş çärelerine gatnaşdylar. Türkmen wekiliýetiniň bu gezekki iş sapary dünýäniň iri halkara pul gaznalarynyň hem-de birnäçe maýa goýum edaralarynyň Arkadag şäherini has-da ösdürmek, döwrebap innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, ýokary derejedäki önümçilikleri ýola goýmak, şäheriň ulag üpjünçilik ulgamlaryny kämilleşdirmek, bu ugurda maslahatlaşmak we tejribe alyşmak, şeýle hem durnukly, hemmetaraplaýyn ykdysady ösüşi gazanmak, gurluşyk we beýleki işlere maýa goýumlara gyzyklanmalaryň artýandygy bilen baglydyr. Bular dogrusynda çykyşlarda buýsanç bilen bellenildi.

Sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 2-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň Saglyk ýolunda köpçülikleýin ýöriş geçirildi. Şol gün Köpetdagyň gözel künjeginde ýerleşýän sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherinde hem köpugurly sport çäreleri geçirildi. Arkadag şäheriniň häkimliginiň, Medeniýet, Bedenterbiýe we sport müdirlikleriniň guramaklarynda geçirilen çäreler ýokary ruhubelentlige beslendi.

Ýaş parlamentariler

Hormatly Prezidentimiz ýaşlara uly ynam bildirip, ýurdumyzyň kuwwatynyň has-da ösdürilmegi ugrunda alyp barýan işleriniň çäklerinde «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasyny» kabul etdi. Onda ýurdumyzyň ýaşlary tarapyndan halkara derejede hyzmatdaşlygy ösdürmekde göz öňünde tutulan maksatlar, wezipeler we ileri tutulýan ugurlar kesgitlenildi. Şeýle-de ýaşlaryň dünýä ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda işjeňligini höweslendirmek, ýaşlary durmuş taýdan goldamak bilen birlikde, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek we olarda watansöýüjilik, ruhubelentlik, ahlaklylyk, ynsanperwerlik, halallyk ýaly häsiýetleri kemala getirmek göz öňünde tutulýar.

Arkadag şäheriniň binagärliginiň çeper çözgütleri

Medeniýetiň ösüşiniň ähli döwürleriniň dowamynda adam öz durmuşyny gözelleşdirmäge, daş-töweregini gurşap alan zatlary — jaýyny, egin-eşigini, gap-gaçlaryny, zähmet gurallaryny owadan, gözegelüwli etmäge çalşypdyr. Her bir zadyň gymmaty onuň peýdasy we göze ýakymlylygyndadyr. Islendik bir zadyň, mydama durnuksyz hem-de, taryha görä üýtgäp durýan tehniki we estetiki başlangyjy bar. Biziň daş-töweregimizdäki zatlar dünýäsini proýektleşdirmekde, adamyň döredijilik işiniň ähli görnüşlerini ýerine ýetirilende, owadanlygy we peýdalylygy özünde jemleýär.

Sahawatly topragyň berekedi

Ýurdumyzda oba hojalygy ösdürmek, ylmy esasda alyp barmak ugrunda edermen daýhanlarymyza giň mümkinçilikler döredilip berilýär. Şeýle mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanýan daýhanlarymyz oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirip Watan harmanyna bol hasyl tabşyrýarlar. Edermen daýhanlarymyzyň zähmet ýeňişleriniň şanyna tutulýan Hasyl toýy noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde uly ruhubelentlik bilen bellenip geçilýär. Dürli görnüşli sergiler guralýar we eziz Diýarymyzyň welaýatlarynda, etraplarynda, şäherlerinde we obalarynda oba hojalyk işgärlerini hormatlamak çäreleri hem-de konsertler, sport ýaryşlary, beýleki medeni-köpçülikleýin dabaralar guralýar. Bu toýda Türkmenistanyň Agrar partiýasy we agzybir işgärleri hem guramaçylykly işleri alyp barýarlar. Ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň ösüşine mynasyp goşant goşýan öňdebaryjy kärendeçileri, mehanizatorlary, alym-agronomlary, seçgiçileri, beýleki oba hojalyk hünärmenlerini baýramçylyk sowgatlary we Hormat hatlary bilen sylaglaýar. Bu bolsa geljekde hem edermen daýhanlarymyzy tutanýerli zähmet çekip, ýylyň-ýylyna bol hasyl tabşyryp, ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyrýar.

Umumadamzat gymmatlygymyz

Her bir ýurdy, her bir halky äleme tanadýan ilkinji alamat onuň milli medeniýetidir. Milli medeniýeti dünýä ýaýýan gymmatlyk bolsa milli mirasdyr. Bu iki baýlyk birigip, mirasyň müdimi dowamlylygyny üpjün edýär. Dünýä medeniýetinde, taryhynda öçmejek yz galdyran halkymyzyň özüniň kämil derejede kemala getiren ençeme gymmatlyklary bar. Olardan türkmen atyny, alabaýyny, halysyny, dutaryny agzamak bolar. Ata-babalarymyzyň gadymy mukaddes topragymyzda ençeme döwürleriň dowamynda kemala getiren, nesillere miras galdyrylan milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmakda Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň alyp barýan hyzmatdaşlygy möhüm orna eýedir.

Türkmen tahýasy

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:— Türkmen tahýasy asmana meňzeş, edil asman ýaly güberçek edilýär. Edil asman ýaly edilip, oňa «güneşiň» suraty çekilýär. Asman nur eçilip, ýerde ýaşaýyş döredýär. Ynsanyň hem akyl-paýhasynyň, ruhy beýikliginiň şertli mekany ynsan synasynyň başydyr. Halkymyzyň taryhynda erkek adamlar, aýal-gyzlar hemişe başgaply bolupdyr. Şonuň üçin hem türkmenler öz başgaplaryny ýaş aýratynlyklaryna görä keşdeläp tikipdirler. Kiçijik gyzjagazlara tahýa, durmuşa çykmadyk gyzlara gültahýa, durmuş toýunda geýilýän çykyş tahýa ýaly görnüşlerini tikipdirler. Erkek adamlara aglaba akgaýma tahýalar taýýarlanypdyr. Tahýalar barada gürrüň edilende geýilen başa gelşik berýän gültahýalar, akgaýma tahýalar barada gürrüň açmak gyzykly bolsa gerek.

«Zeliliniň Watan çykmaz serinden...»

Eýsem, Gurbandurdy Zeliliniň şahyrana dünýäsiniň daýanç nokady nämede, onuň ylham çeşmesi nireden gözbaş alýar?! Muňa biz ikirjiňlenmezden: «Watana bolan söýgüden başlanýar» diýip jogap berip bileris. Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryndaky öňe sürülýän watansöýüjilik, ýurda sarpa, il-halka bolan hormat-söýgi akyldar şahyryň ýegeni Zeliliniň şygyrlarynda hem ör-boýuna galýar. Şahyryň ykbal tartyp, bendilikde bolan ýyllary Watan zaryny çekip ýazan şygyrlary onuň kalp owazy bolup okyjynyň ýüregine gönümel ýol salýar.

«Bir nahal ekseň, ýaşyň baky»

Bag ekmek ýaly sogaply işler ata-babalarymyzdan miras galan däpleriň biridir. Häzirki döwürde iň gowy tejribä laýyklykda dürli görnüşli ekilmeli baglar saýlanyp alnyp, ylmy taýdan öwrenilýär. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine uýgunlaşan baglary saýlap almak hem-de daşky gurşawa edýän täsirini bilmek wajyplygy ýüze çykýar. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, Milli tokaý maksatnamasyna laýyklykda gorag zolaklar döredilende pürli, saýaly, miweli, üzüm, tut nahallary, eldar sosnasy, tuýa, arizonka, garaagaç, ýasen (dar-dar), çynar, ýaprakly tut, gyrymsy agaç, bag-bezeg gülleri ekilýär. Bu ösümlikler şäher ýerlerinde we zawod-fabrikleriň töwereginde ekilse gowy bolýar. Sebäbi olar howadaky zyýanly gazlara durnukly bolup, awtomobillerden, senagat kärhanalaryndan emele gelen tozany özüne siňdirýär. Ekilen baglaryň daşky gurşawa we raýatlarymyzyň rahat ýaşamagynda, howany arassa kislorod bilen baýlaşdyrmakda ähmiýeti örän uludyr.