«Zeliliniň Watan çykmaz serinden...»

6 Noýabr 2024
268

Eýsem, Gurbandurdy Zeliliniň şahyrana dünýäsiniň daýanç nokady nämede, onuň ylham çeşmesi nireden gözbaş alýar?! Muňa biz ikirjiňlenmezden: «Watana bolan söýgüden başlanýar» diýip jogap berip bileris.

Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryndaky öňe sürülýän watansöýüjilik, ýurda sarpa, il-halka bolan hormat-söýgi akyldar şahyryň ýegeni Zeliliniň şygyrlarynda hem ör-boýuna galýar. Şahyryň ykbal tartyp, bendilikde bolan ýyllary Watan zaryny çekip ýazan şygyrlary onuň kalp owazy bolup okyjynyň ýüregine gönümel ýol salýar.

Atamyrat BERDIÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.