"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ýangyndan ägä boluň!

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy hormatly watandaşlarymyzy howanyň aşa gyzýan günlerinde ýaşaýyş jaýlarynda, iş ýerlerinde elektrik we gaz enjamlaryny talabalaýyk gurnamaga, ulanmaga we ýangyn howpsuzlygy düzgünlerini dürs berjaý etmäge çagyryp, öýlerden, iş ýerlerinden çykyp gitmezden öň, ýangyn howpsuzlygy düzgünleri esasynda jaýlary gözden geçirip, ähli elektrik we gaz enjamlarynyň öçürilendigini barlamalydygyny, öýlerdäki, iş ýerlerindäki zerurlygy bolmadyk, ulanylmaýan elektrik we gaz enjamlaryny ulanyşdan doly aýyrmalydygyny, işläp duran elektrik we gaz enjamlaryny iş ýagdaýynda gözegçiliksiz galdyrmagyň örän howpludygyny ýatladýar. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Ýangyn howpsuzlygy müdirliginiň wagyz-nesihat bölümi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Gahryman Arkadagymyz, ilki bilen, Prezident Şawkat Mirziýoýewi doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlady we onuň baştutanlygynda Özbegistan Respublikasynyň durmuş-ykdysady ösüşde ägirt uly üstünlikleri gazanandygyny hem-de halkyň durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanýandygyny belledi. Häzirki döwürde Özbegistan okgunly ösýän hem-de ählumumy parahatçylygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine ägirt uly goşant goşýan ýurtdur.

Halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine

20-nji iýulda paýtagtymyzyň häkimliginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparynyň mejlisi boldy. Onda Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçiriljek senesini kesgitlemek, degişli guramaçylyk toparyny döretmek we onuň düzümini tassyklamak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Häzirki döwürde ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuş ugurly döwlet syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary sazlaşykly ösüş ýoluna düşdi. Şunda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, öndürijilikli zähmet çekmek üçin ähli zerur şertleri döretmek meselesi döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Karary

Şöhratly ata-babalarymyzyň döwleti dolandyrmakda toplan köpasyrlyk tejribesine daýanyp, olaryň parasatly wesýetlerine eýerip, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerini çözmäge ilatymyzyň wekilleriniň giňden gatnaşmagyny üpjün etmek, jemgyýetiň agzybirligini, jebisligini berkitmek, milli demokratiýany ösdürmek boýunça gazanylan üstünlikleri döredijilikli kämilleşdirmek hem-de Türkmenistanyň halkynyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edarany – Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini gmamaçylykly geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumy karar edýär: Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda çagyrmaly we ony Aşgabat şäherinde Maslahat köşgünde geçirmeli.

Onuň Alyhezreti, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz! Ýakynda ýurduňyza amala aşyran saparymyň dowamynda maňa we meniň ýanymdaky wekiliýete bildirilen myhmansöýerlik üçin Size hem-de Türkmenistanyň Hökümetine, halkyna tüýs ýürekden hoşallygymy beýan etmek isleýärin.

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz! Aşgabada bolan saparym mahalynda maňa we meniň wekiliýetime bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirmek isleýärin. Birleşen Milletler Guramasy bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň bitaraplyga ygrarlydygyna mynasyp baha berilýär. Men hem Durnukly ösüş maksatlaryny ilerletmäge, howanyň üýtgemegi, parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak bilen bagly meseleleri çözmäge hut özüňiziň gatnaşýandygyňyza we liderlik edýändigiňize ýokary baha berýärin.

Ykdysady ösüş — ygtybarly geljek

12-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ykdysadyýetiň pudaklarynda şu ýylyň geçen alty aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meselelere seredilip, şu ýylyň ikinji ýarymynda öňde duran wezipeler kesgitlenildi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, käbir ýolbaşçylaryň, welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi.

Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2024-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine welaýatlar, Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça okuwa kabul etmegiň meýilnamasy; 2024-nji ýylda Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasy tassyklanyldy. Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegi 2024-nji ýylyň 15-nji iýuly — 26-njy awgusty aralygynda guramak;

Çagalara serpaý — bereketden paý

Ýagty geljegimiz bolan ýaş nesil baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. 12-nji iýulda Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýan we saglyklaryny dikeldýän çagalara edermen gallaçylarymyzyň gazanan ajaýyp zähmet ýeňşi mynasybetli hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyndan ýörite sowgatlaryň gowşurylmagy-da munuň aýdyň beýanydyr. Bu gezekki çäre ata-babalarymyzyň asylly däplerinden, durmuş taglymatyndan gözbaş alýan, hormatly Prezidentimiz we Gahryman Arkadagymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän nusgalyk ýörelgäniň ajaýyp dabaralanmasyna öwrüldi. Şeýle hem ol hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer ýörelgelere esaslanýan durmuş ugurly syýasatynyň rowaçlanmasydyr. Dabaranyň dowamynda çagalaryň çykyşlaryna giň orun berildi. Merkezde bejergi alýan we saglyklaryny dikeldýän çagalar ajaýyp sowgatlar üçin tüýs ýürekden çykýan hoşallyklaryny goşgy setirleri, joşgunly sözler bilen beýan etdiler. Olar sagdyn durmuş, eşretli ýaşaýyş we sazlaşykly ösüş ugrunda özleri barada yzygiderli alada edýän lukman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize çäksiz hoşallyklaryny bildirdiler. Ýurdumyzda her bir ynsan, hususan-da, çagalar baradaky alada «Döwlet adam üçindir!» diýen baş şygarymyzy dabaralandyryp, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksa

Dünýäde bugdaýyň hormatyna gurlan ilkinji muzeý

Hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyndan:— 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» derejesini göterýän Änew şäheriniň keşbi hem günsaýyn özgerýär, döwrebap görke gelýär. Ençeme ýyllardan bäri Ahal welaýatynyň dolandyryş merkezi bolup hyzmat edip gelýän bu gadymy şäheriň naýbaşy binalarynyň biri-de Türkmenistanyň Milli «Ak bugdaý» muzeýidir. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýyllarynda Änewde gurlan ilkinji binalaryň biri bolan bu muzeý özüniň täsin keşbinde milletiň gadymdan gelýän gymmatlyklarynyň gaýtadan dikeldilmegini, ata-babalarymyzyň baý mirasynyň türkmen halkyna gaýtarylyp berilmegini şöhlelendirýär. Welaýat bilen adybir köçäniň ugrunda ýerleşýän muzeýiň ýene-de bir özboluşlylygy onuň dünýäde bugdaýyň hormatyna gurlan ilkinji muzeý binasydygydyr. Änew şäherinde Milli «Ak bugdaý» muzeýiniň gurulmagy Garaşsyzlyk ýyllarynda gadymy türkmen taryhynyň çuňňur öwrenilýändigi bilen berk baglydyr. Türkmenistanyň Milli «Ak bugdaý» muzeýi 2005-nji ýylyň 15-nji iýulynda açylyp ulanmaga berildi.

Arkadag medeniýeti asyrlaryň jümmüşinden uzak geljege...

Täze döwürleriň döremegi milletiň ýaşaýyş-durmuşyny özgerdýär. Durmuşyň özgermegi bilen bolsa ähli zatlar üýtgeýär, kämilleşýär, täzelenýär we has baýlaşýar. Bu hadysa halkyň ýaşaýyş medeniýeti, sungaty, döredijiligi babatda hem şeýledir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň gelmegi bilen ýurdumyzyň ähli ýerlerinde täze özgertmeler, täze galkynyşlar peýda boldy. Bu täze zamanada Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ägirt uly tagallalary netijesinde dörän täze şäher döwrüň iň kämil eseri hem-de asyra şan berjek beýik işi hökmünde halkyň taryhynda täze sahypany açdy.

Naýbaşy şaý-sepim, nusgam

Türkmen şaý-sepleri nepisligiň, gözelligiň nusgasy hasaplanýar. Olar hiç bir halkyň sungatynda gaýtalanmaýan milli öwüşginli sungat eseridir. Zergärçilik sungaty inçe syrly, täsin hem täsirli senetdir. Zergärler tebigat we ynsan durmuşy bilen baglanyşdyryp, şaý-sepleri dakynjaklaryň ýaş aýratynlygyna laýyklap ýasapdyrlar. Türkmen tebigatynyň gözelligi, türkmen sährasy, onuň gül-gülälekli meýdany, jana tenekar deňizdir derýalary senediň nagyşlarynyň nusgasy bolup durýar. Gupba, sümsüle, bukaw, akdyrma, jugura, gönjük, apbasy, gülýaka, dagdan, heýkel, tumar, bilezik, maňlaýlyk, düwme, bentbag, goza, çapraz-çaňňa, egme, ildirgiç ýaly şyňňyrdysy alys ýerlerden eşidilýän şaý-seplerimiz biziň gözelligimiziň gönezligidir. Alymlaryň bellemegine görä, söweş lybaslaryndan gözbaş alyp gaýdýan şaý-seplerimiz gorag hökmünde ulanylyp, döwürlerden aşyp, bezeg önümlerine öwrülipdir. Milli şaý-seplerimiz diňe bezeg häsiýetli bolman, bejerijilik häsiýetine-de eýedir. Şaý-sepler dakynýan adamlary käbir kesellerden gorap, ruhuny göterip, ömrüni uzaldýar diýip bellenilýär. Hakyky käriniň eýesi bolan zergärler dür, göwher, pöwrize, merjen, lagyl, ýakut, hakyk, zeberjet ýaly daşlaryň adam saglygyny bejerijilik häsiýetleriniň bardygyny belläp geçipdirler. Ol gymmatbaha daşlary halk tebipçiliginde peýdalanypdyrlar. Ýene bir bellemeli zat, bilezik dakynan zenanlaryň gan basyşy kadaly ýagdaýda sa

«Diýarym, Diýarym, ýaňlan, Diýarym!»

Her ýylda ýurdumyz boýunça zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olaryň döredijiliklerini halka ýaýmak maksady bilen birnäçe bäsleşikler geçirilýär. Şolaryň biri-de zehinlileri öňe çykarmak maksady bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigidir. Ýakynda Arkadag şäherindäki Ruhyýet köşgüniň öňündäki meýdançada «Ýaňlan, Diýarymyň!» Arkadag şäheri boýunça jemleýji tapgyry geçirildi. Bäsleşikde ýaş aýdymçylaryň onlarçasy öz başarnyklaryny görkezdiler. Şäher ýaşaýjylarynyň, bu ýerdäki edara-kärhanalarda zähmet çekýän işgärleriň we talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda geçen bäsleşik uly şowhuna beslendi. Emin agzalarynyň adalatly baha bermeginde Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň işgäri Döwletgeldi Atajanow bilen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyby Şöhle Muhammedowa bäsleşigiň ýeňijileri boldular. D.Atajanow bäsleşikde «Şasenem-Garyp» dessanyndan «Akmaýa gerek», Ş.Muhammedowa bolsa, Magtymguly Pyragynyň sözlerine döredilen «Boýlaryňa» diýen aýdymlary ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Olar Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglandylar. Şonuň bilen birlikde-de, «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Sözi gysga, şerhi köp...

Rowaýatlarda gelşine görä, gadym döwürlerde belli takwa bende haja gidip, haj amallaryny berjaý edenden soň, Käbäniň öňünde ybadat edip otyrka, iki sany perişde gelip, biri sag, biri çep tarapynda oturyp, özaralarynda sorag-jogap alşypdyrlar. Olaryň biriniň «Bu ýyl näçe kişiniň hajy kabul boldy?» diýen soragyna beýlekisi «Bu ýyl hiç kişiniň hajy kabul bolmady, diňe bir kişiniň hajy kabul boldy. Özi Müsürde ýaşaýar, käri köwüşçi, köwüş tikmek bilen gün görýär, özge hajylaryň hajy hem diňe şonuň sebäbinden kabul boldy» diýýär. Muny eşiden takwa kişi munuň sebäbini bilmek üçin Müsüre gidýär we ol adamy gözläp tapýar. Görse, ol bir dükanjykda ädik ussasy bolup işleýär eken. Gelen myhman ondan beýle derejä nädip mynasyp bolandygyny soranda, ol «Howlukma, hany, öýe bir baraly, soň gürrüň bererin» diýip, ony öýüne äkidýär we hezzet-hormat edýär. Şondan soň şeýle diýýär: «Men entek haja gidemok. Emma indi ençeme ýyl bäri haja gitmekligi arzuw edýärdim hem-de şoňa harajat toplaýardym. Ýaňy ussahanamda görensiň, iki sany çaklaňja golçajygym bar. Her gün maşgalam üçin gündelik sarp etmeli harajatymy bir golçajygyma, şondan näme artyk gazanyp bilsem, ikinji golçajygyma salýaryn. Kä günler, ýeterlik gazanyp bilmesem, ikinji golçajykdan almaly bolýan wagtlarym hem bolýardy. Ahyry şu ýyl haja gidilende ýol we öý harjym üçin ýygnaýan pulum ýeterlik derejä ýetip, golçajygym puldan doldy, menem

Ýaşlar we jemgyýet

Türkmen halkynyň terbiýeçilik däp-dessurlary, ruhy-ahlak ýol-ýörelgesi özboluşly bir durmuş ýoly bolup, ol milli terbiýeçilik mekdebi — halk mugallymçylygy derejesine ýetirilipdir. Magtymguly Pyragynyň umman ýaly döredijilik mirasynda, «Görogly», «Gorkut ata» ýaly halk eposlarynda, halk dessanlarynda, rowaýatlarynda, tymsallarynda, ertekilerinde, nakyllarynda şol milli mekdebiň parasatly garaýyşlary öz beýanyny tapýar. «At seýse bagly, adam — terbiýä», «Çaga eziz, edebi ondan hem eziz», «Bal süýji, baldanam bala süýji», «Alym bolmak asan, adam bolmak kyn», «Adam edebinden belli, ýurt — tugundan», «Perzent edep görmese, edep görkezmez», «Edep — bergi» ýaly atalar sözleri milletimiziň nesil hakyndaky aladany we onuň terbiýesini näderejede ýokary goýýandygyny aýdyň görkezýär.

Suwda seresaplyk

Deňze girip, suwa düşmek irden sagat 6:00-dan — 9:00, öýlän sagat 18:00-dan — 21:00 aralygy peýdaly hasaplanýar. Suwda bolmagyň dowamlylygy 30 minutdan geçmeli däldir. Gyzyp durkaň dessine suwa girmekden saklanmaly, dynç alyp, bedeniň temperaturasynyň kadaly ýagdaýyna gelmegine garaşmaly. Günüň ýiti şöhlesiniň astynda uzak wagtlap suwda bolmak ýa-da kenar ýakasynda gezelenç etmek maslahat berilmeýär. Günortanyň yssysynda deňze girmek maslahat berilmeýär. Gün şöhlesiniň ýitileşmeginiň täsiri netijesinde Gün urmagy mümkin. Şeýle ýagdaýda, ilki bilen, näsagy kölegä geçirip kellesini gapdala öwürmeli, köýnegiň ýokarky iliklerini ýazdyrmaly, başyna sowuk ýapgy goýmaly, suw içirmeli. Haýal etmän, «Tiz kömek» gullugyny çagyrmaly. Deňze girilende rugsat berilýän çäklerden daşlaşmaly däl, bu bolsa garaşylmadyk ýagdaýlar ýüze çykanda siziň peýdaňyzadyr.

«Arkadag» futbol toparynyň ýaşajyk türgenleri

«Arkadag» futbol toparynyň kiçi ýaşlylar topary 2023-nji ýylyň noýabr aýyndan bäri hereket edýär. Topar 2011-2012, 2013-2014, 2015 — 2017-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň we ýaşlaryň ýaş derejeleri boýunça 3 topara bölünýär. Ol toparlary birinji derejeli sport türgeni Toýly Halmyradow, AFK tarapyndan tassyklanan «C» derejeli tälimçiler Mergen Baýramow we Myratberdi Berdiýew dagy türgenleşdirýär. Türgenleşikler Arkadag şäherindäki 10 müň orunlyk stadionda hepdäniň ýekşenbe gününden beýleki ähli günlerinde geçirilýär. Tälimçi Mergen Baýramowyň bellemegine görä, häzirki wagta çenli ýetginjekler we çagalar topary 50-den gowrak ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdiler. Duşuşyklarda «Arkadag» futbol toparynyň ýaş zehinleri özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezip, guwandyryjy netijeleri gazandylar. Tälimçi Mergen Baýramow toparyň ýaş futbolçylarynyň içinde türkmen sportunyň abraýyny mynasyp gorajak, halkara derejede çykyş etjek zehinleriň bardygyny buýsanç bilen belleýär.

Tomus halk hasaby

Nakyllar halkyň söz sungatynyň iň bir gadymy görnüşidir. Şolarda orun alan many-mazmun, paýhas aňrybaş derejede milli düşünjelerdir.

ABA ANNAÝEW ADYNDAKY HALKARA ATÇYLYK AKADEMIÝASY 2024/2025-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy) we taýýarlygyň ugurlary (bakalawr maksatnamasy) boýunça talyplyga kabul edýär:

I. Hünärmen maksatnamasy (býujet esasynda): 1. Weterinariýa we zootehniýa (hünärler: atçylyk; weterinar lukmançylygy).

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyz boýunça galla öndürmek baradaky şertnamalaýyn borçnamanyň üstünlikli ýerine ýetirilip, 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylynyň ýetişdirilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, eziz Watanymyzyň ösüşleriň aýdyň ýolunda mundan beýläk-de öňe gitmegi, türkmen halkynyň bagtyýar, asuda, abadan, bolelin durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan döwletli işleriňiziň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.