"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň edermen gallaçylaryna we ähli oba hojalyk işgärlerine

Hormatly hasyl ussatlary!Merdana gallaçy babadaýhanlar! Sizi bereketli türkmen topragyndan gallanyň 1 million 400 müň tonnadan gowrak hasylyny ýetişdirip, şertnamalaýyn borçnamaňyzy üstünlikli berjaý etmegiňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Onuň Alyhezreti, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň maşgalasy hanym Ogulgerek BERDIMUHAMEDOWA

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň maşgalasy hormatly hanym! Men biziň Türkmenistana bolan döwlet saparymyzyň dowamynda meniň ýoldaşyma hem-de maňa bildiren mähirli myhmansöýerligiňiz üçin Halk Maslahatynyň Başlygyna we Size çuňňur hoşallygymy bildirmek isleýärin. Siziň bizi şeýle göwnaçyklyk hem-de myhmansöýerlik bilen garşylamagyňyz bizde bir-birimizi köp wagtdan bäri tanaýan ýaly duýgyny döretdi. Biz oňaýly ýagdaýda dürli ugurlara degişli meseleler boýunça söhbetdeş bolmaga mümkinçilige eýe bolduk.

Hemişeligiň heýkeli

Siz olary bir görsediňiz. Astananyň gözel künjegi — çäräniň geçýän ýeri ir ertirden toý şatlygyna beslenipdi. Tomsuň ortaky aýy bolsa-da, howa salkyndy. Köçeden geçip barýanlara çenli sähel wagtdan açylmaly, häzir weli üsti örtülgi ýadygärlige intizar nazar bilen bakýardylar. Haý diýmän ýüzbe-ýüz bolunjak sungat eseriniň neneňsidigi hemmeler üçin gyzyklydy. Ulynyň-kiçiniň elinde ter güller, dostluk-doganlyk baýdajyklary parlaýar. Bu görnüşler dünýä ýüzünde akyldara goýulýan sarpanyň egsilmezdigini görkezdi. Mähelläniň elinde gazak dilindäki «Arkadag pähiminden dörän seýilgäh» atly kitapça. Ol Aşgabatdaky «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyndaky heýkellere bagyşlanan. Ýanymyzda duran gazak doganymyz kitapçadaky suratlary synlap durşuna, öňden tanyş ýaly seredip: «Magtymguly — dünýä edebiýatynyň ägirdi. Onuň doglan gününiň 300 ýyllygy şahyr ählini, tutuş Ýer ýüzündäki ýazyjy-şahyrlary-da mertebeleýär» diýdi. Bu ýere gelen her bir adamda Magtymgula hormat bardy. Olary bu ýere şahyryň sözi getiripdi. Sözlerindäki buýsanç gözlerinde uçganaklaýardy. Çünki bu gün sözüň baýramy. Sungatlar sazlaşýar. Sungatlar sözleşýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri BMG-niň Baş sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşdy

6-njy iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň düzüminde ýurdumyza sapar bilen gelen BMG-niň Baş sekretarynyň Ýewropa, Merkezi Aziýa, Demirgazyk we Günorta Amerika işleri boýunça kömekçisi Miroslaw Ýença bilen duşuşdy. Diplomat wagt tapyp kabul edendigi we bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen binýady goýlan Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň möhüm ähmiýetini belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş sekretarynyň ýolbaşçylygyndaky Birleşen Milletler Guramasynyň wekiliýeti bilen duşuşygyndaky ÇYKYŞY

(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 6-njy iýuly) Hormatly jenap Baş sekretar!

Milletler Bileleşigi Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilik kuwwatynyň artdyrylmagyny goldaýar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BMG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy 6-njy iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow düýn ýurdumyza sapar bilen gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy.

Ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlyk

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň arasynda gepleşikler geçirildi 6-njy iýulda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we düýn günüň ikinji ýarymynda ýurdumyza sapar bilen gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň arasynda gepleşikler geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş sekretarynyň ýolbaşçylygyndaky Birleşen Milletler Guramasynyň wekiliýeti bilen duşuşygyndaky ÇYKYŞY

(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 6-njy iýuly) Hormatly Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary jenap Antoniu Guterriş!Hormatly wekiliýetleriň agzalary!

Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow jenap Masud Pezeşkiana Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň asyrlara uzap gidýän mizemez dost-doganlyga we özara ynanyşmaga esaslanýandygyny belläp, strategik häsiýete eýe bolan bu gatnaşyklaryň bilelikdäki tagallalar netijesinde iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna berk ynam bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýran Yslam Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Masud Pezeşkiana Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasy bilen dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýändigini belläp, bu gatnaşyklaryň iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary arasynda duşuşyk geçirildi

Şu gün, günüň ikinji ýarymynda paýtagtymyzdaky «Arkadag» myhmanhanasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň arasynda duşuşyk geçirildi. Ikitaraplaýyn we wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde geçirilen duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýe bolmagy köp babatda Türkmenistanyň we BMG-niň strategik maksatlarynyň gabat gelmegine özara düşünilmegi, parahatçylyga, adalatlylyga, ösüşe, halkara gatnaşyklarynyň binýady hökmünde döwletleriň we halklaryň hukuklaryna hormat goýmaga esaslanýan garaýyşlarynyň ýakynlygy bilen şertlendirilendigini bellenildi.

BMG-niň Baş sekretary Türkmenistana sapar bilen geldi

Şu gün günüň ikinji ýarymynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş türkmen paýtagtyna sapar bilen geldi. Mälim bolşy ýaly, BMG bilen netijeli hyzmatdaşlyk hem-de ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça çözgütleri işläp taýýarlamak Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugruň binýady türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan goýlup, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen birlikde, döwletimiziň “Açyk gapylar” syýasatynyň esasy ugurlaryny bellemelidiris. Olar ähli ýurtlaryň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösmegini, dünýäniň halklarynyň abadançylygyny üpjün etmegiň bähbidine parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmakdan, giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybaratdyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitindäki ÇYKYŞY

(Astana şäheri, 2024-nji ýylyň 4-nji iýuly) Hormatly Kasym-Žomart Kemelewiç!Hormatly döwlet we wekiliýet Baştutanlary!

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Magtymguly Pyragynyň Astanadaky ýadygärliginiň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY

(2024-nji ýylyň 4-nji iýuly) Hormatly Maulen Sagathanuly!Hormatly dabara gatnaşyjylar!Hanymlar we jenaplar!

Türkmenistan dialog arkaly parahatçylyk söýüjilik däplerini ilerledýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Astanada ŞHG-niň sammitine we Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy 4-nji iýulda  türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) sammitine gatnaşmak maksady bilen, Gazagystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy resmi adamlar ugratdylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygyň giň meseleleri gyzyklanma bildirilip, ara alnyp maslahatlaşyldy. Onuň barşynda häzirki döwrüň ýagdaýlaryny, bar bolan mümkinçilikleri we geljek üçin meýilnamalary nazara almak bilen, hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary anyklaşdyryldy. 

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow wekiliýet Baştutanlarynyň «ŞHG+» görnüşindäki duşuşyga gatnaşýar

Şu gün Astanada iş sapary bilen bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Sammitiniň çäklerinde geçirilýän wekiliýet Baştutanlarynyň «ŞHG+» görnüşindäki duşuşyga gatnaşýar.  Sammite gatnaşmak üçin Astana ŞHG-niň agza döwletleriň hem-de bu Guramanyň synçylaryň we dialog boýunça hyzmatdaşlaryň derejesine eýe bolan ýurtlaryň ýolbaşçylary geldiler. Şeýle hem foruma halkara we sebit guramalarynyň ýolbaşçylary, şol sanda BMG-niň Baş sekretary çagyryldy. 

Gahryman Arkadagymyzyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Sammitine gatnaşmak maksady bilen, Gazagystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy resmi adamlar ugratdylar.  Täze taryhy eýýamda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we giň netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy strategiýany yzygiderli durmuşa geçirýär. Şol strategiýada bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň oňyn başlangyçlary mynasyp dowam etdirilýär. Bu babatda abraýly sebit we halkara guramalary hem-de düzümleri bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ŞHG-niň Sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu Sammit Gazagystan Respublikasynyň paýtagty Astana şäherinde geçirilýär. 

«Diýaryma täze taryh ýaraşar...»

28-nji iýun­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow san­ly ul­gam ar­ka­ly Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň no­bat­da­ky mej­li­si­ni ge­çir­di. On­da döw­let dur­mu­şy­na de­giş­li bir­nä­çe me­se­le­le­re ga­ral­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz mej­li­siň gün ter­ti­bi­ne ge­çip, Mej­li­siň Baş­ly­gy D.Gul­ma­no­wa söz ber­di. Ol ýur­du­my­zyň ka­nun­çy­lyk-hu­kuk bin­ýa­dy­ny döw­rüň ta­la­by­na la­ýyk ge­tir­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da mag­lu­mat ber­di.

Döwrüň saglyk desgalary

28-nji iýun­da türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy, luk­man Ar­ka­da­gy­myz Gurbanguly Berdimuhamedow paý­tag­ty­myz bo­ýun­ça iş sa­pa­ry­ny ama­la aşy­ryp, Aş­ga­bat­da gur­lu­şy­gy al­nyp ba­ryl­ýan sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­na de­giş­li des­ga­la­ryň şe­kil tas­la­ma­la­ry we ola­ryň ýer­leş­ýän ýer­le­ri­niň çyz­gy­la­ry bi­len ta­nyş­dy. Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri hä­zir­ki dö­wür­de gur­lu­şy­gy güýç­li dep­gin­de al­nyp ba­ryl­ýan Hal­ka­ra sa­gal­dyş-di­kel­diş mer­ke­zi­ne gel­di.