"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Arkadag şäheri dünýä mediasynyň münberinde

Arkadag şäheri türkmeniň gurujylyk, döredijilik gudraty bolup, älem-jahanyň ünsüni özüne çekýär. Halkara media türkmen şäher gurluşygynyň täze nusgasy bilen bütin dünýäni tanyşdyrmakda önjeýli işleri alyp bardy. Hususan-da, «TASS», «TRT», «Anadolu Ajansi», «CGTN-Russian», «Rambler», «Fergananews», «Kazinform» ýaly dünýä belli habarlar gulluklary täze şäheriň gurluşygy, onda ornaşdyrylýan işläp taýýarlamalar, şäheriň taslamasynyň düzüminde bar bolan desgalaryň aýratynlyklary barada türkmen neşirlerine salgylanmak bilen, beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdelerini hem-de okyjylaryny täzeliklerden habardar edip durdular. Şeýle hem newscentralasia.net, bigasia.ru, informburo.kz, 1prime.ru, france24.com, inbusiness.kz, azernews.az, trend.az täzelikler saýtlarynda tebigy hem-de geografik taýdan amatly çäkde ýerleşen sebitde ilkinji «akylly» şäheriň Bitarap Türkmenistanyň taryhynda döwlet ähmiýetli merkez hökmünde ykdysady, medeni, senagat taýdan ýurduň geljekki ösüşine ägirt uly täsir etjekdigi nygtalýar. «Mir» döwletara teleradiokompaniýasy, «AzTV», «Моя Планета» teleýaýlymlary tarapyndan köpçülige hödürlenen täzelikleriň mazmunynda Arkadag şäheriniň çägindäki ähli gurşawlarda mümkin boldugyndan «akylly» tilsimatlaryň, «ýaşyl» tehnologiýalaryň peýdalanylmagynyň onuň ýaşaýjylaryna hem-de myhmanlaryna oňaýly şertleri döredýändigi öz beýanyny tapýar. Şeýle hem olar bu ugurda dünýä

«Akylly» şäheriň akylly hyzmatlary

Sary zolagyň sebäbi Şähere geleniňizde pyýadalaryň ýolundaky uzap gidýän sary zolaga nämekädir öýdäýmäň! Ol mümkinçiligi çäkliler üçin niýetlenendir. Bu täsin, özboluşly zolaga medeni-dynç alyş seýilgählerinde, ýaşaýyş jaýlarynyň we edaralaryň ýol ýakalarynda, mahlasy, «akylly» şäheriň ähli künjeginde diýen ýaly gabat gelmek mümkin. Munuň özi şäherde adam hakdaky aladadan nyşandyr.