"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Türgenlerimiz kuraşa kämil taýýarlandylar

Köpetdagyň eteginde, tebigatyň iň bir tämiz ýerinde gurlan Arkadag şäherinde ýerleşýän Köpugurly sport toplumy ekologiýa taýdan arassa, türgenler üçin giň mümkinçilikler döredilen ýerdir. Ajaýyp şäheriň bu sport toplumynda häzirki wagta çenli türgenleşikleriň, ýaryşlaryň ençemesi yzygiderlilikde geçirildi. Şäheriň Köpugurly sport toplumy sportuň woleýbol, futzal, boks, agyr atletika, karate, gylyçlaşmak, basketbol we göreş görnüşleri boýunça türgenleşikleri, döwlet hem-de halkara derejeli ýaryşlary geçirmeklige niýetlenendir.

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyndan:

— Has anygy, bu many çykarylmaly taryhy waka. Ol geçen asyryň birinji ýarymynda, Lebap welaýatynyň Köýtendag sebitinde bolup geçýär. Oba sirk gelýär. Sirkde eldekileşdirilen aýy hem bar ekeni. Ýa jahyllygyny edipdir, ýa-da ýanyndakylaryň onuň aýydan güýçlüdigini ykrar etmelerinden göwni göterilip, oba pälwany orta çykypdyr. Ol aýy bilen göreşipdir. Ol aýyny ýeňipdir. Soň ýaňky oba pälwany goşun gullugyny geçmek üçin, daglyk ýurda düşüpdir. Gullukdaş ýoldaşlary oňa dagda äpet ýylanyň bardygyny gürrüň beripdirler. Soň ol awunyň daşyna çolaşyp, ony heläk edýän şol äpet ýylany hem ýok edipdir. Bu wakalary anyk beýan edip durman, esasy ýerine ünsüňizi çekeýin. Soň pälwanyň batyrlygyna we güýçlüligine haýran galyp, ony synamak üçin gaplaň bilen söweşmegi teklip edipdirler. Şonuň ýazgysy esasynda taýýar edilen film bolsa, şol ýerde köp wagtlap tomaşaçynyň ünsünde bolupdyr diýip, anyk gürrüň beripdiler. Pälwan geçen asyryň otuzynjy, kyrkynjy ýyllarynda Merkezi Aziýa sebitinde özüni tanadypdyr, öňki Soýuzyň çäklerindäki ýaryşlara gatnaşyp, görnükli orunlary eýeläpdir.

Ýaşaýşyň ýaraşygy

Gurmak, döretmek we bina galdyrmak başarnygy kalbyň kuwwatyna bagly. Ynsan köňlüniň kuwwaty söýgüdir. Diňe söýýänler döredip we özgerdip bilýärler. Çünki söýýän adam dynuwsyz hereketde bolýar. Hereket edýän zatlar bolsa özgerýär. Muňa aý-ýyllaryň aýlanyp, pasyllaryň çalşyp durmagy mysaldyr. Wagtyň geçmegi bilen, ähli zadyň özgerýändigi dünýämiziň söýgüden döränligi üçindir. Aslynda, adamzat ýaşaýşy Allanyň yşkyndan dörändir. Yşksyz — ýaşaýyş bolmaz. «Balygyň diriligi suw bilen» diýlişi ýaly, adamyň diriligi söýgi bilendir. Söýgi — dirilik çeşmesi, dünýäniň dowamaty...

Güýz säheri

Seret: her ýerde, her ýerdeÝyldyzlaram ýaldyraşýar.Syrylan dek gara perde,Daň şapagy daglar aşýar. Gyraw düşen ýapraklardaDamjajyklar bulduraşýar,Gülüm, saňa bu säherdeÝol garaşýar, Ýol garaşýar.

Limonyň peýdasy

Güýz paslynyň dowam edýän häzirki günlerinde möwsümleýin ýiti respirator kesellerinden we sowuklamadan goranmak üçin pasla görä geýinmeli, şeýle-de jemgyýetçilik we şahsy arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmeli. С witaminine — askorbin turşusyna baý önümleri köpräk iýmeli, miwe şirelerini içmeli. Limon sitrus miweleriniň arasynda iň peýdalylarynyň biridir. Ol witaminleriň, ýokumly maddalaryň uly möçberiniň çeşmesi hasaplanýar. Limonyň adam bedenine peýdasy örän köpdür. Ol bedeniň kesellere garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrýar. Wiruslara we bakteriýalara garşy göreşmekde limon taýsyz serişdedir. Limon tiz garramagyň öňüni alýar. Limonly çaý bedene goşmaça güýç berýär, ýadawlygy aýyrýar. Şeýle-de ol düzüminde demir we kaliý saklaýar. Limon ýokary gan basyşyny sazlaýar. Böwrekde daşyň döremeginiň öňüni alýar. Limonyň şiresi bagryň işini güýçlendirýär. Içegäniň işini sazlaýar.

Hormatly okyjylar!

2024-nji ýylyň birinji ýarymy üçin «Arkadag» gazetiniň çap edilýän görnüşine abuna ýazylyşyk dowam edýär. «Arkadag» gazetiniň kagyz görnüşine abuna ýazylmak üçin «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň bölümlerine ýüz tutup bilersiňiz.

Şäherler depginli özgerýär

14-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dikuçarda paýtagtymyzda we onuň töwereklerinde ýaýbaňlandyrylan işleriň barşy bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz uçuşyň dowamynda paýtagtymyzyň täze gurluşyklarynda hem-de Arkadag şäheriniň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan işleriň, Aşgabady durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen özgertmeleriň barşyny synlady. Aşgabadyň günbatar böleginde, hususan-da, «Gurtly» we «Köşi» ýaşaýyş toplumlarynyň çäginde otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan has oňaýly ýaşaýyş jaýlary guruldy. Bu toplumlarda ugurdaş durmuş desgalarynyň bina edilmegine aýratyn üns berildi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary

Arkadag şäheriniň dolandyryş çägine üýtgetmeler girizmek hakynda Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň döwletlilik binýadynyň berkemegine, ykdysady kuwwatynyň has-da artmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna, Watanymyzy beýik ösüşlere ýetirmäge gönükdirilen uzak möhletleýin iri maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Gadamy — görelde, ýoly — ýörelge

11-nji noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän dürli maksatly binalaryň şekil taslamalary we bu ýerde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Şäher bilen tanyşlygyň barşynda, Arkadag şäheriniň töwereginde bar bolan ýollaryň, köprüleriň, ýerüsti geçelgeleriň, halkalaýyn aýlaw ýollarynyň durkuny täzelemek we täzelerini gurmak boýunça taýýarlanylan şekil taslamalary, ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary görkezildi. Görkezilýän şekil taslamalarynyň hatarynda täze şäheriň awtoulag ýollaryny has-da döwrebaplaşdyrmak, abadanlaşdyrmak boýunça teklip edilýän taslamalar, halkalaýyn aýlaw ýolunyň, asma köpriniň çyzgylary, Arkadag şäherine barýan ýollary gurmak boýunça taýýarlanylan şekil taslamalary, desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň 16-njy sammitindäki ÇYKYŞY

(Daşkent şäheri, 2023-nji ýylyň 9-njy noýabry) Hormatly döwlet Baştutanlary, wekiliýet ýolbaşçylary!

Ynsanperwerlik hemaýaty

Asyrlaryň dowamynda halkymyz parahatçylyk söýüjilik, raýdaşlyk, hoşniýetli goňşuçylyk we birek-biregi goldamak ýörelgelerine eýermek bilen, bu däpleri nesilden-nesle geçirip gelýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli gatnaşyklaryndan we ynsanperwer däplerinden ugur alyp, Palestinanyň halky hem-de ilkinji nobatda, palestin çagalary üçin Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan ynsanperwerlik kömegini ibermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.

Hyzmatdaşlyk arkaly ykdysady ösüş

Hormatly Prezidentimiziň Özbegistan Respublikasyna iş sapary hakda söhbet «Döwlet adam üçindir!» diýen aýtgy döwletiň adam hakdaky aladany birjik-de ünsden düşürmeýändigini, hemişe onuň bähbidine gönükdirilendigini aňlatsa, döwletleriň arasynda hem tagallalaryň birleşdirilmegi adamzadyň durmuşyny we geljegini nazarlaýar. Halkara sammitleriň geçirilmeginiň maksady «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz» diýen halk pähimini ýatladýar. 9-njy noýabrda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Daşkendiň «Tashkent City» halkara işewürlik merkeziniň Kongres merkezinde «Bilelikde ykdysady durnuklylyga we ösüşe tarap» şygary astynda geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammiti hem sebitiň durmuşynda möhüm wakalaryň birine öwrülip, köpugurly gatnaşyklary ilerletmekde möhüm ädim boldy.

«Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» Italiýada

Ýakynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň gatnaşmagynda Italiýanyň Weneto sebitiniň häkimligi tarapyndan Wenesiýa şäherinde Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň italýan diline terjime edilen neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Onda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserde halkymyzyň köpasyrlyk däpleriniň, taryhy-medeni gymmatlyklarynyň, gadymy rowaýatlaryň mazmunyny açyp görkezýändigini, şonuň bilen birlikde, ajaýyp kitabyň gymmatlygyny hem-de ähmiýetini bellediler. Bu kitap birnäçe daşary ýurt dillerine terjime edilip, köp sanly daşary ýurtly okyjylaryň arasynda meşhurlyga eýe bolýar. Azerbaýjan, gruzin, ermeni, özbek, arap, rus, hytaý, koreý, ukrain, fransuz we ýapon dillerine terjime edilen neşiriň üsti italýan diline terjime edilen görnüşi bilen ýetirilmegi dünýä jemgyýetçiliginiň halkymyzyň baý taryhyna we medeniýetine uly gyzyklanma bildirýändigini alamatlandyrýar.

Hasyl toýy — halkyň toýy

12-nji noýabrda ýurdumyzda türkmen ekerançylarynyň zehinini we zähmetsöýerligini, mukaddes topragymyzyň egsilmez sahawatyny alamatlandyrýan Hasyl toýy giňden bellenildi. Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda geçirilen baýramçylyk çäreleri, at çapyşyklary, Arkadag şäherindäki 600 baş ahalteke atyny saklamaga niýetlenen döwrebap athananyň açylyş dabarasy ildeşlerimiziň toý şatlygyny artdyrdy. Türkmen topragynyň sahawatynyň şanyna tutulan toý tutumy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ruhy joşgunyna beslenip, dabara gatnaşyjylarda aýratyn ýakymly täsirleri galdyrdy.

Döredijilik bäsleşigi

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň, Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramaklarynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli talyp ýaşlaryň arasynda döredijilik we çeper okaýyş bäsleşigi geçirildi. Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebinde geçen bu bäsleşik 3 — 5 minutyň dowamynda özüňi tanyş etmek, Magtymguly Pyragynyň goşgusyny ýatdan aýdyp, many-mazmunyny düşündirmek, şahyryň edebi mirasyna we terjimehalyna degişli sowala dogry jogap bermek ýaly şertleri öz içine aldy.

Baýramçylyga bagyşlandy

Ýakynda Arkadag şäheriniň Jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda Hasyl toýy mynasybetli Arkadag şäheriniň häkimliginiň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň bilelikde guramaklarynda «Bereketli güýzüň waspy dillerde sena» atly aýdym-sazly maslahat geçirildi. Şeýle-de golaýda Arkadag şäheriniň Oba hojalyk toplumynda Hasyl toýy mynasybetli «Türkmenistan — berekediň mekany» atly maslahat hem geçirildi. Olarda edilen çykyşlarda ata Watanymyzyň edermen daýhanlarynyň her ýylda alýan bol hasylynyň egsilmez bereketlidigi nygtaldy.

Şanly senäniň şanyna

Golaýda Arkadag şäheriniň häkimligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bilelikde guramaklarynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli «akylly» şäheriň orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdepleriniň, edara-kärhanalarynyň öňdebaryjy ýaşlarynyň arasynda «Arkadag Serdarly watançy ýaşlar — ýurduň beýik geljegini gurujylar» atly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebinde geçen dabarada çykyş edenler bagtyýar zamanamyzda ýaşlaryň ylym-bilim almaklary, zähmet çekmekleri, döredijilik bilen meşgullanmaklary üçin ýurdumyzda döredilýän mümkinçilikler barada buýsançly gürrüňler etdiler.

Seýilgähe seýran

Gadymy toprakda gojaman Köpetdagyň iň bir owadan, ekologiýa taýdan tämiz ýerinde «akylly» şäher konsepsiýasyndan ugur alnyp gurlan Arkadag şäheri göreni haýrana goýýar. Şäher özüniň döwrebap durmuş-medeni maksatly binalary, tebigat gözelligi, dag ekoulgamynyň özboluşly keşbi bilen sazlaşyp, tebigy owadanlygy emele getirýär. Şeýle ajaýyp şäherde ýaşamagyň özi bagtlylykdan nyşandyr. Gahryman Arkadagymyzyň giň gerimli tutumlary bilen Arkadag şäherinde her bir raýatyň sagdyn ýaşamagy, uzak ömür sürmegi, döredijilikli işlemegi we medeniýetli dynç almagy üçin ähli amatlyklar döredilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy ekologiýa taýdan has-da baýlaşdyrmak ugrunda alnyp barylýan işleriň netijesinde bolsa Arkadag şäheri we onuň daş-töweregi tebigy gözelliklere eýe bolan giňişligi kemala getirdi. Tokaý zolaklaryny her bir paslyň öz mahsuslyklary bilen synlamagyň aýratyn lezzeti bar. Aslyýetinde, ösümlik dünýäsi şäherleriň «öýkeni» hasaplanyp, olar kömürturşy gazyny özüne sorup alyp, howany arassalaýar.

«Dost-doganlyk mukamydyr sungatlaryň gönezligi»

Öňňin öz işine başlan «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwal netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de häzirki döwrüň derwaýys meselelerini çözmek babatda medeni diplomatiýanyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde uly ähmiýete eýedir. Bu halkara festiwalyň ilkinji gününiň Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda «Köňüller kelamy» atly sahna oýnunyň görkezilmegi bilen başlanylmagy aýratyn ähmiýetlidir. Sahnalaşdyrylan bu oýunda Gündogaryň görnükli akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň filosofik pikirleri açylyp görkezilýär.

Tapgyrlaýyn we toplumlaýyn ösdürilýän megapolis

2023-nji ýylyň 8-nji noýabrynda Türkmenistanyň Mejlisi Arkadag şäherinde şäher hojalygyny mundan beýläk-de ösdürmek, guramaçylyk, dolandyryş babatda amatly şertleri döretmek maksady bilen, «Arkadag şäheriniň dolandyryş çägine üýtgetmeler girizmek hakynda» karary kabul etdi. Oňa laýyklykda, Arkadag şäheriniň häkimliginiň towakganamasyny göz öňünde tutup, «Türkmenistanyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň meselelerini çözmegiň tertibi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň 102 gektar ýeri hem-de Aşgabat şäheriniň 17 gektar ýeri Arkadag şäheriniň dolandyryş çägine geçirildi.