"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Redaksiýanyň elektron poçtasyndan

Döwre buýsanç Hormatly Prezidentimiziň: «Häzirki döwürde dünýäde tutuş bir şäheri gurup, ulanmaga berýän döwletler köp däldir. Bu bolsa biziň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artýandygyna, hünärmenlerimiziň taýýarlygynyň gowudygyna aýdyň şaýatlyk edýär» diýip belleýşi ýaly, sebitde ýeke-täk «akylly» Arkadag şäherini guranlaryň hut türkmen telekeçileridigi örän guwandyryjydyr. Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehini, egsilmez yhlasy siňen Arkadag şäherinde alnyp barlan ähli işleriň ylmy esaslara daýanýandygyny, olaryň täzeçil çemeleşmeler bilen, döwrebap derejede ýerine ýetirilendigini bellemek gerek. Ýurdumyzyň sanlyja ýyllaryň içinde ykdysady we senagat taýdan öňe gidýän döwlet hökmünde özüni ykrar etdirmegi, hususy telekeçilik pudagynyň hem has-da pajarlamagyna uly şert döretdi. Munuň şeýledigini biz Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyz tarapyndan ýurdumyzda durmuşa geçirilýän halk bähbitli, döwlet ähmiýetli işlerde hem görüp bilýäris. Bu günki gün türkmen telekeçileriniň biri-birinden kaşaň binalary, aýna ýaly awtoýollary, döwrebap «akylly» ýaşaýyş jaýlaryny we beýleki iri taslamalary durmuşa geçirmäge ukyplydyklary, hil we tejribe taýdan kämilleşýändikleri örän buýsandyryjydyr.

«Arkadag» ilkinji halkara duşuşygyny geçirdi

Türkmenistanyň çempionatynyň we Kubok ýaryşynyň öňde duran oýunlaryna Bolgariýada taýýarlyk görýän «Arkadag» futbol topary bu ýerdäki okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň çäklerinde Demirgazyk Makedoniýanyň «Besa» topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. «Arkadagyň» taryhyndaky ilkinji halkara ýoldaşlyk duşuşygy 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy. Duşuşykda türkmen toparynyň goluny Ýokary liganyň şu möwsüminiň iň netijeli futbolçysy (12 gol) Didar Durdyýew geçirdi.

Täze şäheriň täzelikleri

Ruhy şamçyraglarymyz Ýakynda Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň guramagynda «Arkadag Serdarly eziz Watanymyzda beýik şahsyýetleriň edebi mirasy» atly ylmy maslahat geçirildi. Onda çykyş edenler Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň özboluşly aýratynlygy, şeýle-de Döwletmämmet Azadynyň «Wagzy-Azat» eseriniň gymmaty hakynda aýratyn durup geçdiler. Ylmy maslahatyň çäginde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy tarapyndan nusgawy edebiýatymyzyň wekilleriniň eserlerinden düzülen «Türkmen ruhunyň şamçyraglary» atly kitap sergisi hem guraldy.

Tebigatymyzy aýawly saklalyň!

Ylmyň we tehnikanyň pajarlap ösýän döwründe adamzadyň tebigata ýetirýän täsiri çürt-kesik artyp, ol giň möçbere eýe boldy. Şonuň üçin hem adamyň tebigat bilen özara gatnaşygyny sazlamak zerurlygy ýiti duýlup başlandy. Şu nukdaýnazardan, biz tebigat bilen ýüzbe-ýüz bolanymyzda, oňa zelel ýetirilmez ýaly etjek-goýjak hereketimiziň dürs bolmagyny gazanmagymyz gerekdir. Tebigat bilen gatnaşykda özüňi dogry alyp barmagyň kadalaryny anyk bilmelidiris, olary ýerine ýetirmegi endik edinmelidiris. Tebigatyň gözel ýerlerine gezelenje çykylanda, ot ýakmak howply bolup, bu aýratyn hem, ot-çöpli, bag-bakjaly ýerlerde uly ýangynlaryň döremegine getirip biler. Birbada başynda dursaň, şeýle hadysalar bolmajagam ýalydyr welin, güýçli şemaldan ýa-da ýangyna getirip biljek beýleki ýagdaýlardan habardar bolup, hüşgärligi elden bermeli däl. Eger-de ot ýakylan hem bolsa, soňuna çenli durup, onuň hakykatdanam öçendigine göz ýetirmeli. Ot ýakylan ýere gum ýa-da suw sepip, közüni mazaly öçürmeli.

Yssyda

✓ Günüň ýiti şöhlesiniň düşýän wagtynda daşary çykmakdan saklanmaly. Bu kiçi ýaşly çagalar we gartaşan adamlar üçin has-da möhümdir. ✓ Günde içiljek suwuň mukdary 2-3 litrden az bolmaly däldir.

Netijeli hyzmatdaşlyk ilerledilýär

19-njy iýulda hormatly Prezidentimiz Saud Arabystany Patyşalygynda Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitine gatnaşdy. Döwlet Baştutanymyz sammitde çykyş edip, söwda-ykdysady, ulag, energetika, maýa goýumlar, ekologiýa, lukmançylyk we saglygy goraýyş, bedenterbiýe we sport ulgamynda, söwda pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, sebitleri birleşdirmek maksady bilen, täze üstaşyr ulag geçelgeleri, berk we ygtybarly logistika infrastrukturasyny döretmek ýaly möhüm meseleler boýunça anyk teklipleri öňe sürdi. Iki sebitiň döwlet Baştutanlary tarapyndan öňe sürlen teklipler sammitiň jemleri boýunça kabul edilen Bilelikdäki Beýannamada jikme-jik beýanyny tapdy. Şunlukda, Merkezi Aziýa hem Aýlag ýurtlarynyň hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň anyk ugurlary kesgitlenildi.

Türkmenistan — Koreýa: parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň bähbidine

Gahryman Arkadagymyzyň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça öňe süren başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi esasynda Türkmenistan Koreýa Respublikasy bilen ýola goýlan gatnaşyklara, dostluk, birek-birege ynanyşmak, özara düşünişmek esasynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýär. Diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyndan bäri geçen 30 ýylyň dowamynda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky özara hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürildi. Hususan-da, iki ýurt 2008-nji ýyldan bäri özara bähbitli hyzmatdaşlyk esasynda daşary syýasatda, ykdysadyýetde, ylym-bilim, medeni-ynsanperwer ulgamlarda has netijeli gatnaşyklary ýola goýdular. Soňky ýyllarda Koreýa Respublikasynyň iri kompaniýalary geljegi uly hasaplanýan türkmen bazarynda öz ornuny pugtalandyrýarlar. Türkmenistan we Koreýa Respublikasy diňe bir ikitaraplaýyn hem ählumumy derejede däl, eýsem, «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» formatynyň çäklerinde-de özara gatnaşyklary berkidýär. Däp bolan gatnaşyklar pugtalandyrylýar.

Gelen — döwlet

koreýaly myhmanlar Arkadag şäherine gezelenç etdiler Gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän, ýurdumyzyň täze ylym-bilim, medeni hem halkara merkezi bolan Arkadag şäheri bu gün şöhratly geçmişimiz bilen beýik geljegimizi birleşdirýän köpri bolup hyzmat edýär. Ýurdumyzyň kartasynda şeýle halkara merkeziň peýda bolmagy dünýä jemgyýetçiliginde hem uly gyzyklanma döretdi.

Geljegiň şäherinde geljegi uly ugurlar maslahatlaşyldy

Düýn Türkmenistanda saparda bolýan German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Baş sekretary Mihael Harms sebitde «akylly» şähergurluşy bilen tapawutlanýan Arkadag şäherine geldi. Myhman Arkadag şäher häkimliginde şäheriň häkimi, şeýle-de Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy bilen duşuşdy. Onuň barşynda, hususan-da, «akylly» şäheriň eko we gurluş aýratynlyklary hakda durlup geçildi.

Arkadag senenamasy

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan Arkadag şäherine bagyşlanan ilkinji senenama çapdan çykdy. Senenamany eliňe alyp synlanyňda, onuň hil taýdan ýokary, bezeg taýdan kämil derejede taýýarlanandygyna doly göz ýetirmek bolýar. Onuň her sahypasynda Arkadag şäheriniň gözelligi, şäher peýzažy, binalaryň owadanlygy öz beýanyny tapýar. «Akylly» şäheriň ajaýyplyklaryny suratlandyrýan bu senenama Arkadag şäheriniň geljeginiň şanly senelere baý bolmagy ugrunda has-da yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyrýar.

Arkadag şäheri — Arkadagymyzyň beýik eseri

Jemal SAPAROWA, Türkmenistanyň halk artisti: — Şeýle owadan, Arkadag şäheri ýaly nurana şäher ertekide bolupdyr diýibem aýdyp biljek däl. Bu şäher — Gahryman Arkadagymyzyň söýgüsinden, yhlasyndan bina bolan şäher. Öz halkyňa şeýle belent söýgiň bolmasa, beýle şäheri gurup bolmaýar.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlaryň şäheri

Ajaýyp tebigatyň goýnunda biri-birinden kaşaň ymaratlara, gözel binalara syn edeniňde, olarda ýaşajak, zähmet çekjek we ylym-bilim aljak ýaşlaryň geljeginiň bagtyýarlygyna buýsanýarsyň. Arkadag şäherinde gurlan binalar we ýaşlaryň dürli ugurlar boýunça bilim almaklary üçin döredilen mümkinçilikler olaryň işine ussat, kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerine, giň dünýägaraýyşly şahsyýetler bolmagyna itergi berer. Türkmen halkynyň Milli Lideri: «Arkadag şäheriniň ýaşlaryň şäheri hökmünde ykrar edilmegi guwançly ýagdaýdyr» diýip bellemek bilen, şäheriň döwrebap durmuş düzümlerinde ýaşlara uly ornuň degişlidigini görkezdi. Munuň hem sebäbi, ýaşlaryň ykbalynyň Arkadag şäheri bilen gös-göni baglanyşyklylygydyr. Arkadag şäheriniň dolandyryş we beýleki edaralarynyň ýolbaşçy wezipelerine, esasan, ýaşlar bellenildi. Şäherde işlejek hünärmenleriň, ýaşajak ilatyň, aglabasy ýaşlardan ybarat. Şeýlelikde, bu şäherde häzirki we geljekki nesilleriň jebis bitewüligi, ýurdumyzyň okgunly ösüşi öz beýanyny tapýar.

Zehin siňen innowasion şäher

Arkadag şäheri zehinli türkmen ýaşlarynyň täze döredijilik mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek maksady ugrunda döredilen ajaýyp megataslamadyr. Şäheriň gurluşyklarynyň taslamalaryny we onuň programmalaryny işläp taýýarlamak, ony durmuşa geçirmek işlerine ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarydyr ýaş hünärmenleri hem gatnaşdylar. Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň «Zehin» okuw merkezi tertipnamalaýyn wezipeleriniň çäginde ýerine ýetirýän işlerini diwersifikasiýalaşdyryp, «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy», «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmekde netijelilik görkezýär.

Öz potratçylarymyz

Gurmak — gözelligi döretmek, bagtyňy bina etmek, taryha adyňy ýazmak. Gurmak — bu bagtyýar nesillere miras goýmak, ajaýyp şähergurluşyk medeniýetini, ynsan üçin oňaýly amatlyklary döretmekdir. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, türkmen topragy kerpijiň gadymy nusgasy bolan bajaklaryň döredilen, ajaýyp gümmezleriň, minaralaryň, sarsmaz binýatly gorag galalarynyň, köp gatly jaýlaryň, köşkleriň öňüne gurulýan eýwanlaryň, gasyn-gasyn bolup gidýän ýarym aýlaw sütünler ýaly täsin binagärlik gurluşlaryň beýik ymaratlaryň bina edilen ojagydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Türkmen telekeçileri şäherleri gurmaga ukyplydyr» diýip, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň alyp barýan işlerine we mümkinçiliklerine ýokary baha berýär. Birleşmäniň agzalary bolan hususy kärhanalaryň hem-de hojalyk jemgyýetleriniň 60-dan gowragy Arkadag şäheriniň gurluşygynyň birinji tapgyryna gatnaşdy. Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyz türkmen binagärleriniň, gurluşykçylarynyň giň gerimli işlerine ýokary baha berdi.

«Gökdere» halkyň hyzmatynda

Dünýä kartasynda täze dörän we sebitde özüniň deňsiz-taýsyzlygy bilen tanalýan Arkadag şäherinde adamlaryň abadan, rahat ýaşamaklary babatda döredilen şertleriň hatarynda bu ýerde ornaşdyrylan, hojalyk üçin zerur bolan ähli önümler bilen üpjün edilen dükanlar bilen birlikde, «Gökdere» söwda merkezini hem bellemek bolar. Söwda hyzmatlarynyň hilini kämilleşdirmek, söwda medeniýetini ýokarlandyrmak, bu ugra degişli sanly ulgamy döwrebap derejede ýola goýmak işleri «Gökderede» hem ýokary derejede amala aşyrylýar. Söwda merkez täze şäheriň ýaşaýjylaryny hojalyga gerekli harytlar bilen üpjün edip, ilata özüniň ýokary derejeli hyzmatyny hödürleýär.

Aba Annaýew — öz döwrüniň meşhur seýsi

Gahryman Arkadagymyzyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabyndan. Halypa mugallym, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýew Tejen derýasynyň etegindäki obalaryň birine işlemäge iberilende, Aba Annaýew hem onuň ýanynda bolan. Atam Berdimuhamet Annaýewiň oňa: «Sen at boýunça akademik» diýýändigi durmuşyň hakyky wakalaryndan alnan. Aba Annaýew «atyň üstünde ulalan adam» diýilýänlerden bolupdyr.

Kalba ylham, göwne ganat — Arkadag!

Saba bilen paýtagtymyzyň Halkara howa menziliniň uçuş ýodasyndan ýöräp ugran uçaryň äpişgejiginden ýaňy gyzaryp dogan Gün diýseň owadan hem nurly görünýärdi. Säher rysgyndan namut galaýmaýyn diýýän ýaly, sähel salymda ýerden garyş-sere saýlanan Günüň altyn şuglasy uçaryň içine düşüp, gözleri gamaşdyrýardy. Onýançada, ak guw ýaly uçarymyz asmana göterildi. Barmaly ýerimiz Diýarymyzyň gündogar welaýaty bolansoň, uçar birbada günbatary nazarlap ýokary göterilen-de bolsa, basym sag tarapa giň öwrüm edip ugrady. Şol pursat penjireden zeminiň göwher gaşyna çalym edip, ak mermere beslenen owadan şäher göründi. Eý-ho, Arkadagymyzyň ylhamyndan kemal tapan Arkadag şäheriniň gözelligi guşuçar belentlikden synlanyňda aýratyn üýtgeşik ekeni! Süýt reňkli şähere ýaňy dogan Günüň tyllaýy şöhlesi düşüp, birenaýy lowurdaýan binalar Magtymguly Pyragynyň «Gün hanjary gökden ýere inende, //Güne garşy dogan Aýy gözel sen» diýen setirlerini biygtyýar seriňe gondurýar. Ýöne bu pursat binalaryň ýalkymy şygyrdakydan hem owadan bolup, göýä Güne bäs edýär. Onsoň, bu gözellik seniň ylham guşuňy ganatlandyryp, gursagyň töründen şygyr bolup akýar:

Şahsyýetlere şan şäher

Geçmişde öçmejek yz galdyran merdana pederlerimiziň adyny ebedileşdirmek, olaryň geçen şöhratly ýoluny geljekki nesiller üçin terbiýe mekdebine öwürmek ýurdumyzda ileri tutulýan asylly işleriň biridir. Türkmenistanyň Mejlisiniň kararyna laýyklykda, Arkadag şäherinde gurlan bilim, saglygy goraýyş, medeniýet edaralaryna we sungat binasyna türkmen halkynyň görnükli şahsyýetleriniň atlarynyň dakylmagy munuň buýsandyryjy subutnamasydyr. Halkara atçylyk akademiýasyna meşhur seýis, ussat atşynas, şan-şöhraty dünýä dolan ajaýyp ahalteke bedewleriniň ugurbaşy nesillerini döreden halypa seýis Aba Annaýewiň adynyň dakylmagy hem-de şäheriň çäginde ýerleşýän Aba Annaýew obasyna şäherçe derejesiniň berilmegi öz hünäriniň çyn eýesi bolan şahsyýete il-halkynyň hormatyndan nyşandyr.

Saýlamak — ynamdan, saýlanmak — ygrardan

Bu, esasan-da, ýurduň, halkyň ykbaly bilen bagly meselelerde şeýle. Özüňe bildirilen belent ynama yrylmaz ygrar bilen jogap bermegi başarmak üçin sende watansöýüjilik, adamkärçilik, zähmetsöýerlik, erjellik ýaly birnäçe asylly häsiýetleriň, giň gözýetimiň, çuň paýhasyň bolmagy hökmany. Il ynamyna eýe bolan ynsan, Watan ykbalyna dahylly işlere goşant goşmak bagtyna hem eýedir. Halkymyzda ata-babalarymyzdan gelýän şu günlere çenli hem ähmiýetini ýitirmedik «Il gözi — terezi» diýen örän jaýdar nakyl bar. Hakykatdanam, il gözi — seniň kimdigiňi, nähili ynsandygyňy, ýeten hem-de ýetip biljek derejäňi kesgitleýän adyl terezi. Şol adyl terezide mynasyp ölçege eýe bolup bilmäge dyrjaşmak bolsa, kämil şahsyýet bolmaga ymtylýan her bir kişä mahsus ýagdaýdyr. 23-nji iýulda geçirilen Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň Geňeş agzalarynyň saýlawlary hem halkyň saýlawynyň elmydama ýerine düşýändigini we mynasyp ynsanlary öňe çykarýandygyny ýene bir gezek subut etdi.

Gahryman Arkadagymyz!

Nesillere nusga Siziň ömrüňiz,Görkezýäňiz ýoluň her bir öwrümin.Ýyl ýazgysy Watanmyzyň, döwrümiň,Ösüşlere ugr açýaňyz, Arkadag!Geljegmize nur saçýaňyz, Arkadag! Okap bir şöhratly ömrüň manysyn,Görýäň bagta barýan akyl gämisin.Gorap bagtyn, halkyň aryn-namysyn,Şanly ömür göreldedir, Arkadag!Nesillere ýörelgedir, Arkadag!