Saýlamak — ynamdan, saýlanmak — ygrardan

26 Iýul 2023
302

Bu, esasan-da, ýurduň, halkyň ykbaly bilen bagly meselelerde şeýle. Özüňe bildirilen belent ynama yrylmaz ygrar bilen jogap bermegi başarmak üçin sende watansöýüjilik, adamkärçilik, zähmetsöýerlik, erjellik ýaly birnäçe asylly häsiýetleriň, giň gözýetimiň, çuň paýhasyň bolmagy hökmany. Il ynamyna eýe bolan ynsan, Watan ykbalyna dahylly işlere goşant goşmak bagtyna hem eýedir.

Halkymyzda ata-babalarymyzdan gelýän şu günlere çenli hem ähmiýetini ýitirmedik «Il gözi — terezi» diýen örän jaýdar nakyl bar. Hakykatdanam, il gözi — seniň kimdigiňi, nähili ynsandygyňy, ýeten hem-de ýetip biljek derejäňi kesgitleýän adyl terezi. Şol adyl terezide mynasyp ölçege eýe bolup bilmäge dyrjaşmak bolsa, kämil şahsyýet bolmaga ymtylýan her bir kişä mahsus ýagdaýdyr. 23-nji iýulda geçirilen Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň Geňeş agzalarynyň saýlawlary hem halkyň saýlawynyň elmydama ýerine düşýändigini we mynasyp ynsanlary öňe çykarýandygyny ýene bir gezek subut etdi.

Aýgül GARAÝEWA.
«Arkadag». Surata düşüren Maksat GYLYJOW.