Täze şäheriň täzelikleri

3 Awgust 2023
314

Ruhy şamçyraglarymyz

Ýakynda Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň guramagynda «Arkadag Serdarly eziz Watanymyzda beýik şahsyýetleriň edebi mirasy» atly ylmy maslahat geçirildi. Onda çykyş edenler Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň özboluşly aýratynlygy, şeýle-de Döwletmämmet Azadynyň «Wagzy-Azat» eseriniň gymmaty hakynda aýratyn durup geçdiler. Ylmy maslahatyň çäginde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy tarapyndan nusgawy edebiýatymyzyň wekilleriniň eserlerinden düzülen «Türkmen ruhunyň şamçyraglary» atly kitap sergisi hem guraldy.

(Ýörite habarçymyz).