Redaksiýanyň elektron poçtasyndan

3 Awgust 2023
317

Döwre buýsanç

Hormatly Prezidentimiziň: «Häzirki döwürde dünýäde tutuş bir şäheri gurup, ulanmaga berýän döwletler köp däldir. Bu bolsa biziň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artýandygyna, hünärmenlerimiziň taýýarlygynyň gowudygyna aýdyň şaýatlyk edýär» diýip belleýşi ýaly, sebitde ýeke-täk «akylly» Arkadag şäherini guranlaryň hut türkmen telekeçileridigi örän guwandyryjydyr. Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehini, egsilmez yhlasy siňen Arkadag şäherinde alnyp barlan ähli işleriň ylmy esaslara daýanýandygyny, olaryň täzeçil çemeleşmeler bilen, döwrebap derejede ýerine ýetirilendigini bellemek gerek. Ýurdumyzyň sanlyja ýyllaryň içinde ykdysady we senagat taýdan öňe gidýän döwlet hökmünde özüni ykrar etdirmegi, hususy telekeçilik pudagynyň hem has-da pajarlamagyna uly şert döretdi. Munuň şeýledigini biz Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyz tarapyndan ýurdumyzda durmuşa geçirilýän halk bähbitli, döwlet ähmiýetli işlerde hem görüp bilýäris. Bu günki gün türkmen telekeçileriniň biri-birinden kaşaň binalary, aýna ýaly awtoýollary, döwrebap «akylly» ýaşaýyş jaýlaryny we beýleki iri taslamalary durmuşa geçirmäge ukyplydyklary, hil we tejribe taýdan kämilleşýändikleri örän buýsandyryjydyr.

Göwher HYDYROWA,
Arkadag şäheriniň prokuraturasynyň bölüm müdiri, 1-nji derejeli ýurist.