Kalba ylham, göwne ganat — Arkadag!

26 Iýul 2023
359

Saba bilen paýtagtymyzyň Halkara howa menziliniň uçuş ýodasyndan ýöräp ugran uçaryň äpişgejiginden ýaňy gyzaryp dogan Gün diýseň owadan hem nurly görünýärdi. Säher rysgyndan namut galaýmaýyn diýýän ýaly, sähel salymda ýerden garyş-sere saýlanan Günüň altyn şuglasy uçaryň içine düşüp, gözleri gamaşdyrýardy. Onýançada, ak guw ýaly uçarymyz asmana göterildi.

Barmaly ýerimiz Diýarymyzyň gündogar welaýaty bolansoň, uçar birbada günbatary nazarlap ýokary göterilen-de bolsa, basym sag tarapa giň öwrüm edip ugrady. Şol pursat penjireden zeminiň göwher gaşyna çalym edip, ak mermere beslenen owadan şäher göründi. Eý-ho, Arkadagymyzyň ylhamyndan kemal tapan Arkadag şäheriniň gözelligi guşuçar belentlikden synlanyňda aýratyn üýtgeşik ekeni! Süýt reňkli şähere ýaňy dogan Günüň tyllaýy şöhlesi düşüp, birenaýy lowurdaýan binalar Magtymguly Pyragynyň «Gün hanjary gökden ýere inende, //Güne garşy dogan Aýy gözel sen» diýen setirlerini biygtyýar seriňe gondurýar. Ýöne bu pursat binalaryň ýalkymy şygyrdakydan hem owadan bolup, göýä Güne bäs edýär. Onsoň, bu gözellik seniň ylham guşuňy ganatlandyryp, gursagyň töründen şygyr bolup akýar:

Döwrangeldi AGALYÝEW,
Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti.