"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

1 HEPDEDEN — dünýä çempionaty!

Açylyp ulanmaga berlenine ýaňy bir bäş aý bolan Arkadag şäheri gysga döwrüň içinde kän tutumyň başlangyç nokadyna öwrüldi. Halkara maslahatlaryň, aýdym-sazly çäreleriň, festiwallaryň birentegine ýurdumyzdaky ilkinji «akylly» şäherden badalga berildi. Indi bolsa ajaýyp şäher Kuraş boýunça dünýä çempionatynda çykyş etjek milli ýygyndylarymyzyň badalga nokady bolup hyzmat etdi. Paýtagtymyzda geçiriljek çempionat ýene göni bir hepdeden başlanar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen türkmen türgenleri dünýä çempionatyna taýýarlygyň bir tapgyryny Arkadag şäherinde geçdi. Jogapkärçilikli ýaryşa täze şäherde türgenleşmek, elbetde, türgenlerimiz üçin hem höwes we güýç çeşmesine öwrüldi.

Arkadag şäheri

Hala meňzeş sährasynda türkmeniň, Ýüpekden dokalan nepis gölüm meň.Mermer binalaryň binýady guýlan,Milli Liderimiziň ýürek töründen. Sen — Milli Lideriň paýhasy-pähmi!Sende maksat tutan ýeter myrada.At berdiler saňa — Arkadag şähri!Mynasyp bolup sen mübärek ada.

Şahyra şan bu gün

Her bir millet özüniň görnükli şahsyýetleri, beýik şahyrlary bilen tanalýar. Iňlisler — Şekspir, nemesler — Gýote, özbekler — Alyşir Nowaýy, türkler — Ýunus Emre, gyrgyzlar — Çingiz Aýtmatow, ruslar — Aleksandr Puşkin, ukrainler — Şewçenko, belaruslar — Ýanka Kupala, türkmenler hem biziň beýik şahyrymyz bolan Magtymguly Pyragy bilen tanalýar. Bu ägirtleriň dürli dillere terjime edilýän golýazmalarydyr şygyrlary munuň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle gymmatly çeşmelere degişli türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň golýazmalary Beýik Britaniýanyň paýtagty Londonyň baş kitaphanasynda hem saklanylýar. 2014-nji ýylda şahyryň şygyrlary Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iňlis dilinde çap edildi. Häzirki döwürde dana şahyryň döredijiligi diňe bir ynsana ruhy lezzet bermek bilen çäklenmän, eýsem, halklary medeni taýdan hem ýakynlaşdyrýar. Bu hakda Gahryman Arkadagymyz «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly kitabynda «Magtymguly Pyragynyň danalyga pürepür şahyrana eserleri türkmeni, türkmen poeziýasyny dünýä tanatdy» diýip belleýär.

Maksada — myrat

Gurbannazar Ezizowyň sungat baradaky goşgusyny bilmeýänimiz az-azdyr. «Ele keser alyp» döredilen her bir zadyň sungat däldigini her birimiz bilýäris. Edil şonuň ýaly sungat eserini hem şol ugurda hünärmen bolmasagam aňşyrýarys. Sungat päklige, gözellige söýgi döredip bilende sungatdyr. «Lokga daşdan» sungat döretmek üçin bolsa, «mydama öz-özümizi ýonup ýörmelidigini» aýdan şahyr müň keren mamla. Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Maksatmyrat Kanyýewiň işleri bolsa şolar ýaly jogapkärçiligiň hötdesinden gelip bilýän işler. Şeýle bolansoň, ýakynda Maksatmyradyň işlerine ýene-de bir «berekella» berildi.

Güýzde

◆ Arassa agyz suwuny ýeterlik mukdarda içiň! ◆ Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyň!

Abuna — 2024

Hormatly okyjylar! 2024-nji ýylyň birinji ýarymy üçin «Arkadag» gazetiniň çap edilýän görnüşine abuna ýazylyşyk dowam edýär.

Ýaş şäher — ýaşyl şäher

4-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäherinde tutuş ýurdumyzy gurşap alan ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, Halk Maslahatynyň agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şäher häkimliginiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, Arkadag şäheriniň köp sanly ýaşaýjylary mübäreklediler. Ekologik çärä gatnaşyjylaryň hatarynda Aşgabatdaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri hem bar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki Döwletleriň Guramasynyň 10-njy sammitindäki ÇYKYŞY

(Astana şäheri, 2023-nji ýylyň 3-nji noýabry) Hormatly döwlet Baştutanlary!Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Energetika pudagy pugtalandyrylýar

3-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde Türkmenbaşy etrabynda kuwwatlylygy 1574 megawat bolan, utgaşykly dolanyşykda işlejek elektrik stansiýasynyň düýbüniň tutulyş dabarasyna gatnaşdy. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda, degişli taslamany durmuşa geçirmek «Çalik Enerji Sanayi ve Ticaret A.Ş» türk kompaniýasyna ynanyldy. Ýurdumyzyň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmek, türkmen elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak, elektrik energetikasy pudagyna täze, döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak maksady bilen, kabul edilen bu resminamada gurluşyk işlerine 2023-nji ýylyň noýabr aýynda başlamak we desgany 2027-nji ýylyň maý aýynda ulanmaga doly taýýar edip bermek bellenildi.

Aşgabat gözelligiň gymmatynda

2-nji noýabrda Ministrler Kabinetiniň mejlisinde 31-nji oktýabrda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde ýerleşýän BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň merkezi edarasyndan Şäherleriň bütindünýä gününde paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilýändigi babatda ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň çözgüdiniň yglan edilendigi barada hoş habaryň gelip gowuşmagy başymyzy gök diretdi. Türkmenistan ÝUNESKO-nyň degişli düzüm birlikleri we komitetleri, onuň halkara hünärmenleri bilen bilelikde bu ugurdaky işe 2021-nji ýylda girişdi.

Bilelikdäki tagallalar — beýik ösüşlere badalga

Ýaşaýyş — hemişe täze pikirleriň, täze başlangyçlaryň muşdagy. Dünýäniň has gowulyga tarap özgermegi üçin başgaça garaýyşlar, täzeçil çemeleşmeler dem alýan howamyz deýin zerur. Taryhy wakalaryň netijelerine hem-de şu günüň tejribelerine esaslanyp, geljegiň mümkinçiliklerini we ähtimallyklaryny öňünden kesgitläp bilmek çuňňur paýhas-parasady talap edýär. Üstesine, ähli halklaryň we milletleriň ykbalyna jogapkärçilikli bakmak duýgusy bu ugurdaky tagallalaryň ähmiýetini has-da beýgeldýär. Gahryman Arkadagymyzyň Gazagystan Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde, Türki Döwletleriň Guramasynyň 10-njy ýubileý sammitine gatnaşyp, strategik häsiýetli çykyş etmegi möhüm syýasy ähmiýete eýedir. Milli Liderimiziň taryhy çykyşynda halkara meselelerini netijeli we düýpli çözmekligiň ýol kartasy bar. Mundan birnäçe ýyl ozal Gahryman Arkadagymyz «Ösüş arkaly parahatçylyk» hem-de «Dialog — parahatçylygyň kepili» taglymatlaryny öňe sürüpdi. Häzirki zaman dünýäsiniň ýagdaýyny göz öňünde tutup, bolýan wakalary hem-de hadysalary, olaryň düýp sebäplerini we hemmelere ýetirýän täsirini seljerip göreniňde, şol çuňňur mazmunly paýhaslaryň öňdengörüjilik bilen aýdylandygyna haýran galýarsyň. Dünýäniň syýasy, ykdysady ýagdaýyny düzetmek üçin başga-da birnäçe ýollar, usullar göz öňünde tutulyp bilner, emma häzirki döwürde biziň hut şu günümiz hem-de geljegimiz üçin iň ygtybarly ösüş

Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabyndan.

Alyn derini saçyp, toprakdan bereket tapýan halkymyz onuň gadyryny hem bilýär. Ir-ertir ekinine ideg etmeli bolanda, ony iş, agyr zähmet diýip hasap etmeýär-de, «ajy deriňi çykarmak» diýýär. Ajy derini çykaran adamyň sagdyn bolýandygyny nazara almak bilen, bu jümlelere has ähmiýet berilýär. Bedeni ýadatmagyň käbir sökellikleriň öňüni almaga ýardam edýändigi düşnüklidir. Ýaşaýyş-durmuş sazlaşykly guralanda, onda bedeniň hereketiniň kadasy saklanylmaly. Häli-şindi hereketde bolýan adamyň göwresi çeýe bolýar, gan aýlanyş, iýmit siňdiriş ulgamy, şol bir ýagdaýyny saklaýar. Şonuň üçinem daýhançylygy «ajy deriňi çykarmak» diýip, açyk göwünden häsiýetlendirýän ata-babalarymyz onuň kämilleşmegini hem gazanypdyrlar. «Yhlas bilen aglasaň, sokur gözden ýaş çykar» diýip, yhlaslylygyň maksada ýetmegiň esasydygyny nygtapdyrlar. Edil daýhançylyk kesbine şeýle ähmiýet berlişi ýaly, ýerden öndürilýän önümlere hem eýeçilikli göz bilen garapdyrlar. Olary asla yrýa etmän, ertirki azygy bolmagy ugrunda alada edipdirler. Netijede, gurt, kak, kişde, kişmiş ýaly uzak illere hem ýanyň bilen alyp gidip bolýan datly önümleri taýýarlamagyň usullaryny özleşdiripdirler. Pederlerimiziň: «Tamdyr çöregini, goýnuň gowurdagyny iýýän, düýäniň çalyny içýän adamyň golaýyna dert gelmez» diýmegi hem asla tötänlik däldir.

Bolçulygyň baýramy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ähli ulgamlar sazlaşykly ösdürilýär. Şol sanda oba hojalygy ösdürmek boýunça birnäçe işler ylmy esasda alnyp barylýar. Hakyky ýer eýeleri bolan edermen daýhanlarymyza giň mümkinçilikler döredilýär. Şeýle mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanýan daýhanlarymyz oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl alyp, Watan harmanyna tabşyrýarlar. Her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde janypkeş daýhanlarymyzyň arly ýyl çeken zähmetleriniň ýerine düşendigini, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň ýene bir gez beýgelmegini alamatlandyrýan Hasyl toýy bellenilip geçilýär. Bereketliligiň pasly hasaplanýan goýazy güýzüň gözel gününde Hasyl toýy ýurdumyzyň ähli künjeklerinde uly dabara bilen bellenilip geçilýär. Berekediň we bolçulygyň baýramynda dürli görnüşli sergiler guralýar. Eziz Diýarymyzyň welaýatlarynda, etraplarynda, şäherlerinde we obalarynda dabaralar, oba hojalyk işgärlerini hormatlamak çäreleri, konsertler hem-de sport ýaryşlary geçirilýär.

Magtymgulynyň pelsepe mirasy

(Başlangyjy gazetiň 18-nji sanynda). Magtymgulynyň filosofik mirasynyň many-mazmuny barada oýlanmagy dowam etsek, onda beýik akyldaryň öz mistik garaýyşlaryny paýhaslaýyn garaýyşlar bilen baýlaşdyryp, akyl ýetirişiň täze derejesine çykan ýagdaýynda açandygy barada aýtsa bolar. Şonda şahyr öz filosofiýasynyň, ýagny «ýaşaýyş paýhasynyň» üsti bilen, adamyň bu dünýäde mynasyp ýaşamak mümkinçilikleri barada oýlanýar we şol oýlanmalaryň esasynda öz ýaşaýan jemgyýetini özgertmek ýollarynyň gözlegine düşýär. Şol gözlegleriň netijesinde bolsa, akyldar adamyň ynsaply ýaşaýyş ýörelgelerine eýerip, bu dünýäde mynasyp ýaşap biljekdigini aýdyň aňlaýar.

Gözelligiň tebigat, tebigatyň gözellik bilen sazlaşýan ýeri

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary bilen örän gysga wagtda gurlan Arkadag şäheri ylmyň hem-de tehnologiýanyň döwrebap ýaşaýyş-durmuş üçin gazanan ähli üstünliklerini özünde jemleýän, sebitde ilkinji «akylly» şäher adyny alan ajaýyp şäherdir. Ýaşaýyş-durmuşymyzda gözelleşdirilen usullary aýry-aýry binalarda ornaşdyrmagyň oňyn taraplary hakynda gyzykly söhbetleriň edilýän döwründe, şol mümkinçilikleri özünde jemleýän, sanly ulgam, «ýaşyl» ykdysadyýet, «ekologik kadalar» ýaly köpugurly ösüşlere doly laýyk gelýän, deňsiz-taýsyz şäher barada gürrüň buýsançly söhbetleriň başydyr.

Türkmen ýoluna tagzym!

Arkadag şäherinde Baş metjit bina edilýär Arkadag şäheri — ýurdumyzyň gözel künjekleriniň birinde, Köpetdagyň eteginde bina edilen şäher. Howasy jana ýakymly, tenekar şäher. Milli Liderimiziň paýhasy bilen bina bolan şäher. Häzirki wagtda onuň gurluşygynyň ikinji tapgyry üstünlikli dowam etdirilýär. Bu ýere Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz häli-şindi iş saparyny amala aşyrýar. Arkadag şäheri dünýäniň üns merkezinde. Bu şäher eýýämden döwlet hem halkara derejeli dabaralaryň merkezine öwrüldi.

Aragatnaşyk hyzmatlary

Arkadag şäheriniň Aragatnaşyk müdirliginde Poçta aragatnaşyk merkezi, «Altyn Asyr»ÝGPJ, «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk müdirligi, poçta we aragatnaşyk hyzmatlary bilen gündelik zerurlyklarymyzy aňsatlaşdyrmaga ýardam berýär. Müdirligiň müşderileriň isleglerini kanagatlandyrmakda artykmaçlyklary — tizlik, ygtybarlylyk, elýeterlilik, amatlylydyr. Olaryň ýerine ýetirýän hyzmatlary hakynda gürrüň bermegi makul bildik. Poçta. Şäheriň poçta aragatnaşyk merkezinde gazet-žurnallara abuna ýazylmak, onlaýn we kagyz görnüşlerine ýazylyp bilmek mümkinçiligi bar. Döwürleýin neşirlere ýazylmagy ýylda iki möwsümde alyp barýarlar. Ýatlatsak, häzir abuna ýazylyşyk möwsümi dowam edýär. Hatlar hyzmaty, sargytly we ýönekeý ýollama esasynda tiz wagtda ygtybarly ýerine ýetirilýär. Ondan başga-da, ýaşaýjylaryň, okuwçy we pensioner kartlaryna, «ÄlemTV», TMCELL töleglerini, PÝGG tarapyndan bellenilen jerime töleglerini tölemek ýaly mümkinçilikleri bar. Poçta merkezinde pul geçirimleri bolsa sanly hyzmatlaryň üsti bilen mümkindir. Mysal üçin, welaýatlardan sanly usulda salgyňa ugradylan pul serişdesini bu ýerde nagt görnüşinde almak elýeterlidir.

Ynamly ýeňiş

Ýurdumyzyň ýokary ligasynyň 21-nji tapgyrynyň çäklerinde duşuşygyny geçiren «Arkadag» topary Balkanabatda ýeňiş gazandy. Şäheriň «Nebitçi» toparyny 0 — 4 hasabynda utan Begençmuhammet Kulyýewiň şägirtleri duşuşygy turuwbaşdan gol bilen başladylar. 7-nji minutda 11 metrlik jerime urgusyndan peýdalanyp, hasaby açan Didar Durdyýewden soňra 12-nji minutdaky goly Nazar Towakelow öz adyna ýazdyrdy. Soňky gollaryň ikisi hem, degişlilikde, öňki awtorlardan geldi. Birinji ýarymyň esasy wagtyna goşulan wagtyň birinji minutynda Nazar, arakesmeden soňra 48-nji minutda Didar gaýtadan tapawutlandylar. Ýeri gelende aýtsak, ýeňşini ynamly dowam etdirýän «Arkadag» futbol topary ep-esli utuk tapawudy bilen ýaryş jedwelinde liderligini berkidýär.

Ruhy hazynamyzy sarpalap

Ýakynda Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bilelikde guramaklarynda «Magtymguly Pyragynyň döredijiligi ruhy hazynadyr» atly bäsleşik geçirildi. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň arasynda geçen bu bäsleşikde akyldaryň şygyrlaryny labyzly okamak, olaryň manysyny düşündirmek, şahyryň terjimehalyna hem-de edebi mirasyna degişli sowallara jogap bermek bäsleşigiň esasy şertleri boldy. Çekeleşikli geçen bäsleşikde ýeňiji bolan talyplar hormat haty we ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglandylar.

Ekologiýa abadançylygy

Düýn Arkadag şäheriniň Oba hojalyk toplumynda şäher häkimliginiň, Arkadag şäheriniň daşky gurşawy goramak müdirliginiň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň bilelikde guramaklarynda «Türkmenistan — ekologiýa abadançylygynyň mekany» atly maslahat geçirildi. Onda ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny has-da ösdürmek bilen bagly alnyp barylýan işleriň oňyn netije berýändigi nygtaldy. Bag nahallarynyň her ýylda müňlerçe düýbüniň oturdylmagy, arassa howa gurşawyny emele getirmekligiň adam saglygyna peýdasynyň ýokarydygy hakyndaky pikirler aýdyldy.