«Akylly» öýüň höziri
29-njy iýunda — Arkadag şäheriniň açylyşynda meniň üçin hem unudylmajak taryhy pursat boldy. Täze şäheriň «akylly» jaýlaryny görmäge gelen hormatly Prezidentimizi öz işläp taýýarlan «Arkadagly ýaşlar» programmamyz bilen tanyşdyrmak bagty miýesser etdi. Täze programmany «Arkadagly ýaşlar» diýip atlandyrdyk. Bu programmamyzda biz akylly öýe degişli bolan buýruklary özbaşdak ýerine ýetirer ýaly taýýarladyk. Ýagny lokal torda işleýän «akylly» öý ulgamy girizilen serweri ornaşdyrdyk. Mysal üçin, maşgala agzalary planşetiň üsti bilen telewizory işletseler, onda serwer enjamymyz ýiti ýanyp duran yşygymyzy köreldýär, perdeleri ýapýar, öý eýesine rahat ýagdaýy üpjün edýär. Öýümiziň otaglarynyň temperaturasyny we çyglylygyny awtomatik görnüşinde sazlaýar. Munuň üçin ýörite sensorda işleýän kondisionerler we çyglylyk berýän enjam ornaşdyrylandyr.