«Arkadag» şäheri dünýä çykarýar

12 Iýul 2023
593

Madrid, Barselona, Mýunhen, Dortmund, Mançester ýaly şäherler beýleki ugurlardaky ösüşi bilen hem dünýä meşhur bolandyr welin, Ýer ýüzünde ýedi ýaşlydan ýetmiş ýaşla çenli her kime bu şäherleriň adynyň tanyş bolmagynyň geografiýadan başga-da bir uly sebäbi bar. Ol sebäp hem ― futbol. Çünki wekilçilik edýän şäheriniň adyny tutuşlygyna alan ýa-da adynyň bir bölegine öwren futbol klublary şol şäherleri dünýä çykaran esasy aýratynlyklaryň biri boldy. Hut şeýle aýratynlygy bu gün Arkadag şäheriniň hem-de şäher bilen adybir futbol toparynyň mysalynda hem görýäris.

Şäher mundan birnäçe gün ozal, futbol topary bary-ýogy birnäçe aý öň dünýä indi. Muňa garamazdan, şäher hem, topar hem adynyň ýurdumyzyň serhetlerinden bireýýäm çykmagyny gazandy. Mundan beýläk duşuşyklaryny täze şäherdäki «Arkadag» stadionynda geçirjek toparyň adynyň goňşy döwletleriň metbugat sahypalaryna hem düşmeginiň aýratyn sebäbi bar. Ol hem türki dünýädäki ilkinji «akylly» şäher bilen adybir toparyň öz ýoluna juda üstünlikli girişmegidir.

Agageldi ITALMAZOW,
žurnalist.