Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysy» atly kitabynyň soňky setirlerinde: «Men bu kitabymda, görşüňiz ýaly, ençeme durmuş pursatlaryny beýan etdim. Ýöne, gadyrly okyjylar, durmuş ýoly uzak diýlişi ýaly, men indiki oý-pikirlerimi «Ömrümiň manysynyň dowamaty» diýen kitabymda siz bilen dowam ederin» diýip belleýär. Ynha, toýlarymyzyň toýlara ulaşýan günlerinde bolsa Milli Liderimiziň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly täze kitaby çap boldy. Täze kitabyň çapdan çykmagy Gahryman Arkadagymyzyň mähriban halkymyz üçin, täze Arkadag şäheriniň açylyşynyň öňüsyrasynda ajaýyp toý sowgady boldy. Gazetimiziň ilkinji sanynda täze eserden käbir bölekleri okyjylara ýetirmegi makul hasapladyk.
Çuňňur manyly täze kitabyňyzyň höwri köp bolsun, Gahryman Arkadagymyz!
Men bu kitabymda hem öwrenen we özleşdiren zatlarym, ylham badalgasy, ynsany öňe ilerledýän sebäpler, dünýä hem-de durmuşa bolan garaýyşlarym we geljegi görüşlerim — «Men geljegi nähili göz öňüne getirýärin?» diýen sowala jogaplarym barada ozal eden söhbetlerimizi dowam etdirmegi makul bildim. Pikirlerimi halkym bilen paýlaşasym geldi. Sebäbi meniň, asla hiç birimiziňem halkdan aýry ykbalymyz ýok. Barlygymyzam, bakylygymyzam, beýikligimizem, bitewüligimizem şu Watanymyz, halkymyz bilen bagly.