Köpugurly hassahana
Arkadag şäheri halkyň saglygy baradaky çynlakaý tagallalaryň belent nusgasyny özünde jemleýär. Şäherde gurlup ulanmaga berlen birnäçe saglyk binalarynyň içinde 350 orunlyk döwrebap köpugurly hassahanasy hem halkyň saglygyny berkitmek, ýokary hilli saglygy goraýyş hyzmatlaryny ýerine ýetirmek babatdaky aladanyň aýdyň mysalydyr. Hassahana ýokary derejeli we köptaraplaýyn lukmançylyk kömegini bermek üçin niýetlenip, bu ýerde 37 bölüm hereket edýär. Hassahananyň keseli anyklaýyş we maslahat beriş bölümi, terapewt, hirurg, oftalmolog, gulak-burun-bokurdak, urolog, trawmatolog, stomatolog, newropatolog, endokrinolog, pulmonolog, neýrohirurg, surdolog, angiohirurg lukmanlary ýaly inçe hünärmenleriň otaglaryndan ybaratdyr. Barlaghana bölüminde klinik barlaghana, biohimiýa, baktereologiýa otaglary bolup, häzirki zaman lukmançylykda ýerine ýetirilýän barlaglaryň döwrebap görnüşlerini geçirmeklige uly mümkinçilikleri döredýär. Bu ýerdäki operasiýa zallarynda ornaşdyrylan dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň, kämil lukmançylyk enjamlary köpugurly, çylşyrymly operasiýalary geçirmäge we operasiýadan soňky gaýraüzülmeleriň derejesini peseltmäge ýardam berýär.