«Kiçiligimden bäri meniň üçin, atam-enemiň sözleriniň ýeri bir aýry, dutaryň owazam bir aýry boldy» diýip, türkmen dutaryna uly sarpa goýýan halypa mugallym hem ussa bu senedi ele almazdan öň, alnyňa sylmagy ündeýär. Il içinde Öwez mugallym diýip tanalýan Meretmyrat Amansähedow 1943-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Gökdepe etrabynyň Ahal obasynda dogulýar. Biregne 56 ýyl bäri obalaryndaky 5-nji orta mekdepde rus dili we edebiýaty mugallymy bolup zähmet çekip gelýän, pespäl, hoşgylaw goja, aýdymda aýdylyşy ýaly, «Bu türkmeniň goşa-goşa täjiniň...» biri — dutar ýasamagy hem hünär edinen adam. Biz hem dutar senetçiligini söýüp, ony hünär edinen halypa ussa Öwez aga birnäçe sowal bilen ýüz tutmagy makul bildik.
— Öwez aga, dutar senetçiligine baş goşmagyňyza näme sebäp boldy?