"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Geljegi uly gatnaşyklar

24-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Palestina Döwletiniň daşary işler we daşary ýurtlarda ýaşaýan palestinalylaryň işleri boýunça ministri Riýad al-Maliki bilen duşuşdy. Myhman Gahryman Arkadagymyza wagt tapyp, mähirli kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Aşgabatda ýene-de bolup görýändigine şatdygyny belledi we türkmen paýtagtynyň binagärlik keşbini özgertmek boýunça amala aşyrylýan giň gerimli işlere ýokary baha berdi. Riýad al-Maliki türkmen halkynyň Milli Liderine Prezident Mahmud Abbasyň mähirli salamyny we Palestina sapar bilen gelmek baradaky çakylygyny gowşuryp, öz ýurdunyň Türkmenistan bilen netijeli döwletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Türkmenistan şöhratly taryha eýedigi we özüniň parahatçylyk söýüjilikli syýasaty hem-de döredijilikli başlangyçlary bilen halkara abraýyny has-da belende galdyrdy.

Guruň!

Adamzat aňynyň arşa seredip, Onuň hyýalyny bilýän mahaly, Kiçi döwletleriň ula öwrülip, Ululaň asmana galýan mahaly. ...Şäher guruň — penjiresi giň bolsun, Säher Gün şähere başyny egsin. Binasy berk, belent-belent jaýlara Awara durnalaň ganaty degsin.

Gollary gujurly türkmen telekeçileri

Geçen hepdäniň şenbe güni Gahryman Arkadagymyz iş sapary bilen Arkadag şäherinde boldy. Iş saparynyň dowamynda täze şäheriň ikinji tapgyrynda bina ediljek gurluşyk desgalaryň taslamalary bilen içgin tanşyp, binalaryň ýerleşýän ýerlerine we maksatlaryna esasy ünsi çekdi. Bina galdyrmak, ýol çekmek, guýy gazyp, köpri gurmak biziň ata-babalarymyzdan gelýän sogap işleriň hataryndadyr. Bu ajaýyp ýol-ýörelgeler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyz tarapyndan häzirki zaman ülňülerine laýyklykda üstünlikli dowam etdirilýär.

Atly binalar

Ýakynda Gahryman Arkadagymyz Köpetdagyň belentliginde ýerleşjek Arkadag şäheriniň adynyň ýazgysynyň şekil taslamasy bilen tanşyp, desgalarda we beýleki ýerlerde ýerleşdirilýän ýazgylara, göze gelüwli we döwrebap görnüşde boljak gijeki yşyklandyryş ulgamyna degişli birnäçe maslahatlary berdi. Bagtyýar zamanamyzda Gahryman Arkadagymyzyň binagärlik ylhamynyň aýdyň miweleri bolan täze ýaşaýyş jaýlarynyň ýokarsynda täze ýa-da gaýtadan ulanyşa giren sözlerden ybarat atlary ýazyp goýmak ajaýyp däbe öwrüldi. Eger-de şäherlerimiziň köçelerine çykyp, taksi saklanymyzda ýa-da awtobuslara münenimizde, barmaly jaýymyzyň san belgisini bilmeýän bolsak, onda şol barmaly jaýymyzyň ýokarsynda ýazylyp goýlan, ajaýyp agşamlarymyzda hem dürli yşyklar bilen şöhle saçyp, uzaklardan görnüp durýan binanyň adyny aýdaýmaly.

Megapolis — giň mümkinçilikleriň meýdany

«Akylly» şäherde döwrüň talaplaryna laýyk enjamlaşdyrylan dolandyryş, işewürlik, durmuş, ulag-aragatnaşyk ulgamlarynyň we beýleki pudaklaryň döredilmegi ykdysadyýetiň täze «ösüş nokadynyň» kemala gelendiginden habar berýär. Dünýäde döwletleriň «akylly» şäher başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmegi ählumumy meseleleri çözmäge, wagty we dürli tebigy serişdeleri ykdysady taýdan tygşytlamaga hem rejeli ulanmaga ýardam berýär. Şäher infrastrukturasy onuň sanlylaşdyrylmagynyň derejesini kesgitlemekde esasy görkeziji bolup durýar. Häzirki döwürde şäher infrastrukturasyny mundan beýläk-de sanlylaşdyrmak ugrunda dünýä ýurtlarynda uly üstünlikler gazanylýar. Jaýlary awtomatlaşdyrylan tertipde dolandyrmagyň üstüniň täze gurallar we wirtual kömekçiler bilen doldurylmagy soňky döwürde sanly çözgütleriň has köp durmuşa geçirilmegini şertlendirdi. Şunda ilat nokatlarynyň döredýän mümkinçilikleri, saglygy goraýyş hyzmatlarynyň derejesi we elýeterliligi, howpsuzlygy, mobillik we ösüşiň geljekki ugurlary ýaly ykdysady we tehnologik görkezijilere aýratyn üns berilýär.

Taryhy taryply toprak

Gözel görnüşlerden gözlerimi nurlandyrmak üçin eýýäm, gör, näçenji gezek bu şähere seýran edýärin. Ak arzuwlara meňzeş şähere äden ilkinji ädimleriňden Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabyndaky setirler seriňe gelýär: «Adam ömrüniň her bir gününi manyly etmäge çalyşýar. Manyly ýaşalan ýyllaryny hakydasynda saklaýar. Manyly ýaşaýan adamlary özüne görelde edinýär. Her bir şahsyýetiň ömür pursatlarynda onuň manyly, öwrenilmeli taraplary hem bardyr. Çyndan pikir etseň, manyny açmak adamyň özüne baglydyr. Durmuşy gowulandyrýan, ýaşaýşyň manysyny artdyrýan hem adamlardyr. Şeýle adamlar durmuşda dogry ýoly saýlap, halallykda, her bir zatdan göwnaçyklyk bilen oňyn netije çykaryp ýaşaýarlar». Gyzyldan gymmatly bu setirleriň manysyny şäherdäki edara binalaryna we köçelere dakylan atlaryň her biri bilen baglanyşdyrmak mümkin. Çünki bu şäher ‒‒ türkmen hakydasynyň beýany bolan ajaýyp eser.

Berdimuhamet Annaýew — ussat mugallym

Berdimuhamet mekdebiň öňündäki depäniň üstünde gyzaryp ýaşyp barýan Güne seredip oturyşyna bu günüň — Berdimuhamediň hakyky mugallym bolup işe başlan ilkinji gününiň, bir müň dokuz ýüz ýigrimi altynjy ýylyň on altynjy maýynyň tamam bolup barýanlygyny serinde aýlady. * * *

Asylly kär

Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebine ilhalar ynsan, watançy esger, zehinli mugallym Berdimuhamet Annaýewiň adynyň dakylmagy ähli bilim işgärleriniň kalbynda uly buýsanç döretdi. Çünki ilhalar ynsanyň mugallymçylyk taglymaty her bir bilim işgäri üçin nusgalyk mekdepdir. Döwrebap bina edilen Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde bu beýik ynsanyň ýadygärligi ebedileşdirildi we Berdimuhamat Annaýewe bagyşlanyp, muzeý döredildi. Muzeý hormatly Prezidentimiziň nesil daragty, Berdimuhamet Annaýewiň manyly ömri we XX asyryň 30 — 40-njy ýyllarynda ýurdumyzda ylym-bilimiň ösüşi bilen tanyş bolmaga mümkinçilik berýär. Mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde matematika, informatika, geografiýa, rus dili, iňlis dili derslerini 5-nji we 6-njy synplarda okatmaga hukugy bolan başlangyç synp mugallymlary, şeýle-de çagalar baglarynda iňlis dilini okatmaga hukugy bolan terbiýeçiler taýýarlanylýar. Mundan başga-da, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde usuly birleşmeleriň bäşisi: matematika, jemgyýetçilik ylymlary, tebigaty öwreniş we geografiýa, mekdep hem-de mekdebe çenli pedagogika we psihologiýa, zähmet, aýdym-saz, şekillendiriş sungaty we bedenterbiýe, türkmen dili we edebiýaty hem-de daşary ýurt dilleri usuly birleşmeleri hereket edýär.

Beýik ynsan Berdimuhamet Annaýewiň aýdanlaryndan

Il-gün üçin peýdaly iş etmeli bolsam, bir demem oýlanyp durmam bolmaz. Giderin, ynanan işiňizem oňararyn. * * *

Okuw ojaklarynyň orny

Bu gün Arkadag şäherindäki zamanabap çagalar baglarydyr mekdepleriň hatary gözüňi dokundyrýar. Şäherde 11 sany çagalar bagy we 5 sany orta mekdep bar. Häzirki wagtda bilim edarlary ýurdumyzda «Sanly bilim ulgamyny kämilleşdirmek hakynda Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde, milli ýörelgelere hem-de oňyn halkara tejribesine daýanýarlar. Körpeleriň hemmetaraplaýyn terbiýe we bilim almaklary üçin ähli şertler döredilip, gurlup ulanmaga berlen çagalar bakja-baglarynyň her biri 320 orunlyk bolup, olarda çagalaryň ýaş aýratynlyklaryna laýyklykda, terbiýe we bilim almaklary üçin her çagalar bakja-bagynyň 16 sany topar otagy bar. Olaryň 4-si bakja topar, 12-si bag topar üçin niýetlenen topar otaglardyr. Bakja-baglar çagalaryň irki ösüşini üpjün edýär, olary başlangyç bilimi özleşdirmäge taýýarlaýar.

Elektrobus hyzmaty

Ata-babalarymyz geçmişde ýolagçy bolmagy uly endişe ediner ekenler. Atly, düýeli ýolçulykda üpjünçilik serenjamyňa seretmek, uzak ýol olaryň ünjüsi bolan bolsa, bu gün döwür-heňňam aýlanyp, jepakeş pederlerimiziň nesilleri abadan durmuşa aýak basdy. Gündelik durmuşymyz bilen berk bagly ýol-ulag düzüminiň işleriniň kämilleşmegi netijesinde ýokarda agzalan müşgüllikler asanlaşdy. Arkadag şäheriniň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň sanynyň barha artmagy hem-de täze okuw möwsüminiň başlanmagy ýollarda hereketiň artmagyna getirýär. Bu ugurda raýatlara rahat, howpsuz, medeniýetli hyzmat etmek üçin «Türkmenawtoulaglary» agentligi maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrýar. «Akylly» şähere «akylly» hyzmatlar muwapyk ýagdaý. Entek şähere girmänkäňiz, ilkinji «akylly» hyzmatlaryň biri bilen ýüzleşýärsiňiz. «Akhan» binasynyň ýanyndaky duralgadan we 32-nji orta mekdebiň ýanyndan ugur alyp, şäher içi boýunça hereket edýän «Yutong» kysymly elektrobuslar tebigata aýawly çemeleşmek babatda aňrybaş çözgütdir. Täze elektrobuslar daşky görnüşi bilen şäheriň bezegine görk goşsa, 100 göterim elektrik energiýasy bilen işlemegi tebigatyň gözel ýeriniň goraglylygyna uly ýardamdyr. Beýleki amatlyklary hem «sanasaň sogaby kän» diýilýänlerden. Ýolagçylaryň ulaga münenlerinde we düşenlerinde bir-birege päsgelçiliksiz hereket etmekleri üçin üç sany gapysy bar. Gapylar ornaşdyrylan «akylly»

Biraýlyk başlanýar

Ýurdumyzda her ýylyň sentýabr aýynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň geçirilmegi indi asylly däbe öwrüldi. Bu biraýlyk döwletiň iň gymmatly baýlygy bolan adam hakdaky aladanyň näderejede möhümdigini görkezýär. Ýol hereketiniň kadalarynyň raýatlarymyz tarapyndan dogry berjaý edilişine gözegçilik etmek Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň paýyna düşýär. Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek meselesinde Türkmenistanyň saglygy goraýyş edaralarynyň hem-de beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen bilelikde degişli wagyz-nesihat işleriniň güýçlendirilen tertipde alnyp barylmagy özüniň oňyn netijesini berýär. Tomusky dynç alyş möwsüminiň tamamlanyp, täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen, çagalara mekdeplere, çagalar baglaryna gidenlerinde we gelenlerinde köçeleriň ýörite pyýadalar üçin geçilýän ýerüsti hem ýerasty geçelgelerinden geçmekligi ündemek, olara ýol hereketiniň kadalarynyň düzgünlerini yzygiderli ýatladyp durmak biziň her birimiziň borjumyzdyr. Häzirki döwürde ulaglaryň sanynyň barha artmagy netijesinde, ýol hereketine gatnaşýan sürüjileriň hem-de pyýadalaryň jogapkärçiliginiň ýokary derejede bolmagy talap edilýär. Biz hem okuw möwsüminiň başlanmagy bilen ýollarymyzda hereketiň artýandygyny nazara alyp, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň deňlerinde tizli

Ýaşlara sözüm

Eziz Watanymyzda siziň mynasyp ylym-bilim almagyňyz, döredijilik we dürli kesp-kärler bilen meşgullanmagyňyz, yzygiderli kämilleşmegiňiz üçin ähli mümkinçilikler döredilendir. * * *

Abraýyň-owazaň daglar aşmasy...

«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary bilen geçýän şanly ýylymyzyň uly ösüşlere beslenýän günlerinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi buýsançly başymyzy göge ýetirdi. Bilşimiz ýaly, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň döredilmeginiň esasy iki maksady bar. Olar ÝUNESKO-nyň taslamalaryny we maksatnamalaryny işläp düzmekde, durmuşa geçirmekde ýaşlaryň manyly gatnaşmagyny höweslendirmekden we artdyrmakdan, şeýle hem ýaşlaryň başarnyklary bilen baglanyşykly taslamalary we maksatnamalary öz içine alyjy giňişlikde bilelikde öwrenmekden, işlemekden we durmuşa geçirmekden ybaratdyr.

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Abadan AMANGYLYJOWA,Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesinde ýerleşýän 20-nji çagalar bagynyň körpesi: — Men bäş ýaşymda. Biz täze şäherde ýaşaýarys. Çagalar bagymyz täze we owadan. Onuň oýun oýnalýan, okuw okalýan ýerleri bar. Terbiýeçiler bizi gowy görýärler. Bu ýerde joralarym bilen goşgy, aýdym öwrenýäs. Men Arkadag şäheri, Watan, eje hakynda hem goşgy ýat tutdum. Bize okamagy, ýazmagy öwredýärler.

Sportuň pajarlaýan ýeri

Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde döredilen döwrebap sport düzümleri sebitdäki ilkinji «akylly» şäheriň ýaşaýjylarynyň sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegi, bu ýerde ýurt we halkara derejeli ýaryşlaryň guralmagy üçin zerur şertler bilen üpjün edilendir. Täze şäherdäki döwrebap sport desgalary sportda uly üstünlikleri gazanjak türgenleriň kemala gelmegine, ýaşlaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, beden hem ruhy taýdan sagdyn ynsanlar bolup ýetişmegine ýardam berer. Bu sport desgalarynyň halkara ülňülere doly laýyk gelýändigi ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäniň we ýokary netijeli sportuň ösdürilmegine döwlet derejesinde berilýän uly ünsüň nyşany hökmünde buýsanjymyzy artdyrýar.

Güýze garaşyp...

(oýlanma) Saryýagyz gyz üç aýlap özüne gerek boljak goş-golamlaryny ýygnamagyň ugruna çykdy. Ine, dagdan agajyndan ýasalan daragy. Uzyn sary saçlaryny höwes bilen daraýan daragyny almasa bolmaz. Alyp, daragy goşhaltasyna saldy. Bu-da altynsow reňkli saýawany. Bulutlaryň özüni görüp, begenjinden aglajaklary ýadyna düşende, ýylgyrdy. Özüni begenç gözýaşlaryna ezmekden goramaly saýawany emaý bilen goşlarynyň arasyna ýerleşdirdi.

Penşenbeden-penşenbä

Ýeňişden-ýeňşe «Arkadag» futbol topary Türkmenistanyň çempionatynyň 15-nji tapgyrynyň çäginde Balkanabat şäherinde ýerli «Nebitçini» hüjümçisi Didar Durdyýewiň goşa goly bilen 2:0 hasabynda ýeňdi. Şeýlelikde, 12 duşuşykda 36 utuk gazanan topar ýaryş tertibiniň birinji ornundaky ýerini goraýar.

Sepgitde

Güýz paslynyň gelmegi, howanyň derejesiniň häli-şindi üýtgäp durmagy bilen, möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriniň ýüze çykmak ähtimallygy döreýär. Şonuň üçin pasla görä geýinmegiňizi, Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlary maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp kabul etmegiňizi, şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini berjaý etmegiňizi, burnuň nemli bardasyna «oksolin» melhemini çalmagyňyzy, witaminlere baý gök önümleri köpräk iýmegiňizi, şeýle hem maşgala lukmanlary bilen maslahatlaşyp, keselleriň öňüni alyş sanjymlaryny almagyňyzy maslahat berýäris. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.

Netijeli hyzmatdaşlyk pugtalanýar

20-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Budapeştde geçirilýän Ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatyna, şeýle hem ýurduň Milli baýramy — Keramatly Stefanyň güni mynasybetli guralýan dabaralara gatnaşmak maksady bilen Wengriýada iş saparynda boldy. Budapeştde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Premýer-ministr Wiktor Orbanyň arasynda iki ýurduň wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde duşuşyk geçirildi. Onda türkmen-wenger gatnaşyklarynyň ýokary derejesi bellenildi.