Ýakynda Gahryman Arkadagymyz Köpetdagyň belentliginde ýerleşjek Arkadag şäheriniň adynyň ýazgysynyň şekil taslamasy bilen tanşyp, desgalarda we beýleki ýerlerde ýerleşdirilýän ýazgylara, göze gelüwli we döwrebap görnüşde boljak gijeki yşyklandyryş ulgamyna degişli birnäçe maslahatlary berdi.
Bagtyýar zamanamyzda Gahryman Arkadagymyzyň binagärlik ylhamynyň aýdyň miweleri bolan täze ýaşaýyş jaýlarynyň ýokarsynda täze ýa-da gaýtadan ulanyşa giren sözlerden ybarat atlary ýazyp goýmak ajaýyp däbe öwrüldi. Eger-de şäherlerimiziň köçelerine çykyp, taksi saklanymyzda ýa-da awtobuslara münenimizde, barmaly jaýymyzyň san belgisini bilmeýän bolsak, onda şol barmaly jaýymyzyň ýokarsynda ýazylyp goýlan, ajaýyp agşamlarymyzda hem dürli yşyklar bilen şöhle saçyp, uzaklardan görnüp durýan binanyň adyny aýdaýmaly.