Ýurdumyzda her ýylyň sentýabr aýynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň geçirilmegi indi asylly däbe öwrüldi.
Bu biraýlyk döwletiň iň gymmatly baýlygy bolan adam hakdaky aladanyň näderejede möhümdigini görkezýär. Ýol hereketiniň kadalarynyň raýatlarymyz tarapyndan dogry berjaý edilişine gözegçilik etmek Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň paýyna düşýär. Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek meselesinde Türkmenistanyň saglygy goraýyş edaralarynyň hem-de beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen bilelikde degişli wagyz-nesihat işleriniň güýçlendirilen tertipde alnyp barylmagy özüniň oňyn netijesini berýär. Tomusky dynç alyş möwsüminiň tamamlanyp, täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen, çagalara mekdeplere, çagalar baglaryna gidenlerinde we gelenlerinde köçeleriň ýörite pyýadalar üçin geçilýän ýerüsti hem ýerasty geçelgelerinden geçmekligi ündemek, olara ýol hereketiniň kadalarynyň düzgünlerini yzygiderli ýatladyp durmak biziň her birimiziň borjumyzdyr. Häzirki döwürde ulaglaryň sanynyň barha artmagy netijesinde, ýol hereketine gatnaşýan sürüjileriň hem-de pyýadalaryň jogapkärçiliginiň ýokary derejede bolmagy talap edilýär. Biz hem okuw möwsüminiň başlanmagy bilen ýollarymyzda hereketiň artýandygyny nazara alyp, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň deňlerinde tizlik kadalaryna, ýol belgilerine has hem ünsli bolmalydygyny ýatladýarys.