29-njy iýun türkmenistanlylaryň durmuşyna taryhy sene bolup girdi. Şol gün sebitde deňi-taýy bolmadyk «akylly» Arkadag şäheriniň açylyş dabarasy dünýä ýaň saldy. Bu taryhy, toýly günüň bagtyýar seslenmesi bolup, ilkinji gezek ýaýlyma çykan «Arkadag» teleýaýlymy şäher bilen adybir döredilen täze teleýaýlymdyr.
Hormatly Prezidentimiziň Karary esasynda döredilen täze «Arkadag» teleýaýlymy işe girişen gününden başlap, döwrümiziň ösüşini, halkymyzyň eşretli ýaşaýşyny açyp görkezýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyz türkmen telewideniýesiniň döredijilikli, sazlaşykly hereket etmegi, hünärmenleriň zähmet çekmegi ugrunda uly aladalary edýär. Elbetde, zähmetiň gadyry bilinýän ýerde işlemek, döretmek Arkadag şäheriniň ösüşleri, özgerişleri baradaky döwrebap telegepleşikleri watandaşlarymyza ýetirmek mukaddes borjumyz.