Gülküli agşam
Golaýda Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň tomaşaçylar zaly köp adamly boldy. Onda ýurdumyzyň meşhur wäşileriniň «Geliň, gülşeliň!» ady bilen taýýarlan gülki agşamsy geçirildi. Oňa paýtagtymyzyň teatrlarynyň belli artistleri bilen bilelikde welaýatlarymyzdan gelen wäşileriň çykyşlaryna-da giň orun berildi. Täze şäheriň ýaşaýjylary teatrda sahnalaşdyrylan gülküli oýnuň ilkinji tomaşaçysy boldular. Ussat degişmeçileriň «Nirede bolduň?», «Gaharyň derejeleri», «Hurma», «Synag», «Sygyr satýan», «Islegler» atly sahna oýunlarynda maşgala durmuşy, oba wakalary beýan edilýär. Döwrebap teatryň sahnasynda ýerine ýetirilen, nusgawy şahsyýetlerimiziň eserlerinden we durmuşy wakalardan alnan sungat ussatlarynyň gülküli çykyşlary oňa gatnaşanlara ruhy lezzet paýlady.