«Halky bardyr — göwni görner sözünden»

12 Iýul 2023
483

Gurbannazar ATAÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň Stomatologiýa okuw-önümçilik merkeziniň lukmany, Aşgabat şäher halk maslahatynyň başlygy, Hormatly il ýaşulusy:

— Sebitde deňi-taýy bolmadyk «akylly» şäherde halkara ülňülere laýyk gelýän saglygy goraýyş ulgamyna degişli binalaryň ençemesi guruldy. Şolaryň hatarynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezini, 350 orunlyk köpugurly hassahanany, 150 orunlyk onkologiýa merkezini, 150 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezini, «Tiz kömek» merkezini, saglyk öýüni agzamak bolar. Şeýle hem şatlykly günlerde «Arkadag şäheri — geljegiň şäheri», Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur manyly «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly täze kitaby hem elimize gowuşdy. Bu bolsa ähli watandaşlarymyzyň buýsanjyny has-da artdyrdy.
Arkadag şäheri baky bagtyýarlygyň şäheri-dir. Şeýle bagtyň eýesi bolan ildeşlerimizi tüýs ýürekden gutlaýaryn.