23-nji iýul: geňeş agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlykly barylýar

19 Iýul 2023
432

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2023-nji ýylyň 10-njy maýynda çykaran karary bilen, Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň düzüm bölegi bolan ýaşaýyş jaý toplumyna şäherçe derejesi berildi we oňa ussat atşynas, şan-şöhraty dünýä dolan ajaýyp ahalteke bedewleriniň ugurbaşy nesillerini döreden halypa seýis Aba Annaýewiň ady dakyldy. Ol «Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesi» diýlip atlandyryldy. Şunuň bilen baglylykda, Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň Geňeş agzalarynyň saýlawlaryny 2023-nji ýylyň 23-nji iýulynda, ýekşenbe güni geçirmek bellenildi.

Täze Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň düzüm bölegi bolan Aba Annaýew şäherçesiniň Geňeş agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk we guramaçylykly işlerini Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar, Arkadag şäheriniň, Kärizek etrabynyň, Aba Annaýew şäherçesiniň we uçastogyň saýlaw toparlary amala aşyrýarlar.

Aýna NÖKEROWA,
Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň 1-nji saýlaw uçastogynyň kätibi.