Arkadag adyny göterýän gazetiň birinji sany

29 Iýun 2023
508

Hormatly okyjy, şu gün Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylmagy bilen, «Arkadag» gazetiniň hem ilkinji sany eliňe gowuşýar. Taryhy wakalara dahylly bolmak bilen, şu günüň şatlyk-şowhunyny, arzuw-dileglerini öz sahypalarynda müňlerçe okyja ýetirjek gazetiň Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň tagallasy bilen çap edilmegi «Arkadag» gazetiniň işgärlerinde hoşallyk duýgusyny döretdi. Döwür bilen aýakdaş gidip, türkmen halkynyň Milli Lideriniň paýhasyndan bina bolýan Arkadag şäheriniň taryhy mundan beýläk täze gazetiň sahypalarynda ýazylar.

Bu gün türkmen halky goşa-goşa toý tutýar. Gahryman Arkadagymyzyň doglan güni, Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylmagy, mukaddes Gurban baýramy mynasybetli geçirilýän dabaralaryň owazasy dag aşýar. Hawa, sanlyja ýylyň içinde bina bolan Arkadag şäheriniň gujagy bagtyň, bagtyýarlygyň mekanyna öwrüldi. Golaýda hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen şäheriň ikinji tapgyrynyň düýbi tutuldy. Munuň özi döwletli işleriň mundan beýläk-de dowam boljakdygyndan ýene-de bir nyşan boldy. Döwlet ähmiýetli şäherde halkymyzyň döwrebap ýaşaýyş-durmuşyny üpjün edýän ähli şertler göz öňünde tutulandyr.

«Arkadag»