Sözi kimden başlamaly? Milli Liderimiz – Gahryman Arkadagymyzdan. Sözi nämeden başlamaly? Beýik Ogluň Berkarar eýlän döwründen, döwranyndan, eşretli eýýamyndan. Habary nireden almaly? Dana Dünýäniň bina kylan «akylly» Arkadag şäherinden. Sözüň-söhbediň şirinden-şirin şygryňdan, şahandazlygyňdan, Gahryman hem mähriban Arkadagymyzdan başlanýar. Bu ýöne ýere däl. Gahryman Arkadagymyz we agzybir ilimiz — bir bitewülik, bir jan, bir ten, bir göwre. Olary biri-birinden aýrylykda göz öňüne getirip bolmaýar. Beýik Ogul, Gahryman Ogul hemişe halkyň aladasynda, halkyň arasynda. Özüni il-güne, uly dünýä aldyrmagynyň, ykrar edilen Milli Lider bolmagynyň syry şu ýerde. Ýüreginiň «halk» diýip urmagynda.
Arkadag adynyň aňrysynda arkaýynlyk bar, penalanmak bar. Ynam bar, ygrar bar, wepadarlyk bar. Watanyňy söýmek bar, ýüregi oňa eýlemek bar. Ine, şu gymmatlyklar dolulygy bilen dünýäňde jemlenýär. Sadadan pespäl, mylaýymdan mähriban, akyllydan dana Beýik Liderimiziň nazarynyň düşen ýeri gülzarlyk, reýhanlyk. Taryhy pursatlar deňinde daýandyrýar. Beýik döwür ak güller düşelen ak ýoldan öňe barýar.