Zehin siňen innowasion şäher

26 Iýul 2023
773

Arkadag şäheri zehinli türkmen ýaşlarynyň täze döredijilik mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek maksady ugrunda döredilen ajaýyp megataslamadyr.

Şäheriň gurluşyklarynyň taslamalaryny we onuň programmalaryny işläp taýýarlamak, ony durmuşa geçirmek işlerine ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarydyr ýaş hünärmenleri hem gatnaşdylar. Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň «Zehin» okuw merkezi tertipnamalaýyn wezipeleriniň çäginde ýerine ýetirýän işlerini diwersifikasiýalaşdyryp, «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy», «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmekde netijelilik görkezýär.

Şamämmet MÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.