«Dost-doganlyk mukamydyr sungatlaryň gönezligi»

15 Noýabr 2023
567

Öňňin öz işine başlan «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwal netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de häzirki döwrüň derwaýys meselelerini çözmek babatda medeni diplomatiýanyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde uly ähmiýete eýedir.

Bu halkara festiwalyň ilkinji gününiň Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda «Köňüller kelamy» atly sahna oýnunyň görkezilmegi bilen başlanylmagy aýratyn ähmiýetlidir. Sahnalaşdyrylan bu oýunda Gündogaryň görnükli akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň filosofik pikirleri açylyp görkezilýär.

Merjen MYRADOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.