Onuň Alyhezreti, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň maşgalasy hanym Ogulgerek BERDIMUHAMEDOWA

11 Iýul 2024
226

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň maşgalasy hormatly hanym!

Men biziň Türkmenistana bolan döwlet saparymyzyň dowamynda meniň ýoldaşyma hem-de maňa bildiren mähirli myhmansöýerligiňiz üçin Halk Maslahatynyň Başlygyna we Size çuňňur hoşallygymy bildirmek isleýärin. Siziň bizi şeýle göwnaçyklyk hem-de myhmansöýerlik bilen garşylamagyňyz bizde bir-birimizi köp wagtdan bäri tanaýan ýaly duýgyny döretdi. Biz oňaýly ýagdaýda dürli ugurlara degişli meseleler boýunça söhbetdeş bolmaga mümkinçilige eýe bolduk.