"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Hil ulgamynyň laýyklyk güwanamasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen bina edilen Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygynyň giňden bellenilýän gününde «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasyna Türkmenistanyň sertifikatlaşdyryş ulgamy tarapyndan hil ulgamynyň laýyklyk güwänamasy berildi. Bu güwänama «Hil menejmentiniň ulgamy» diýen ugur boýunça önümleriň hil ulgamynyň TDS ISO 9001-iň bellenen talaplaryna laýyk gelýändigini tassyklaýar. Bu bolsa kärhananyň öndürýän önümleriniň hil görkezijileri, şol sanda lukmançylyk ulgamyna degişli hil görkezijileri babatda ýokary talaplara laýyk gelýändigine şaýatlyk edýär. Milli saglygy goraýyş ulgamynyň nobatdaky üstünligi Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Gutlaglar, ak arzuwlar

29-njy iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. Telefon arkaly söhbetdeşliklerde dünýäniň görnükli syýasatçylary Gahryman Arkadagymyzy doglan güni bilen gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen köpugurly işinde üstünlikleri arzuw etdiler.

Ata Watana söýgi bilen

Ýakynda, 21-nji iýunda Russiýanyň hem Türkmenistanyň Gahrymany Oleg Kononenko 60 ýaşady. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Gahrymany, Kosmos işi boýunça «Roskosmos» döwlet korporasiýasynyň tälimçi-kosmonawt-synagçysy, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenko şanly 60 ýaş toýy mynasybetli mähirli gutlaglaryny iberdiler. Oleg Dmitriýewiç Kononenko doglan güni mynasybetli iberen gutlaglary üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden sagbolsunlaryny aýdyp, hoşallyk sözlerini ýollady.

Äleme nur «Arkadag»!

Asman jisimlerini öwrenýän «Kosmos-Ýer» jemgyýetiniň alymlary tarapyndan asman giňişliginde ýüze çykarylan ýyldyzlaryň birine «Arkadag» adynyň goýulmagy, bu asman jisimine «Arkadag» adynyň dakylandygyny tassyklaýan güwänamanyň, şeýle-de teleskopyň we onuň düşüren suratlarynyň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine gowşurylmagy juda buýsandyryjydyr. Älem giňişliginde ýerleşýän ähli ýyldyzlar 88 sany ýyldyzlar toparlaryna bölünýär. Ol ýyldyzlar toparlarynyň ählisiniň gadymdan gelýän hususy atlary bar. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň hormatyna ady dakylan täze «Arkadag» ýyldyzy Pegas ýyldyzlar toparyna degişlidir. Pegas ýyldyzlar topary asman döwresiniň demirgazyk ýarymynda asman ekwatorynyň golaýynda ýerleşýär. Ol Andromeda ýyldyzlar toparynyň günorta-günbatarynda ýerleşip, onuň tutýan meýdany 1121 inedördül-gradusa deňdir. Pegas ýyldyzlar toparynyň hiç hili guralsyz, ýönekeý göz bilen gözegçilik edilende görüp bolýan ýyldyzlarynyň sany 160 töweregidir. Şol ýyldyzlar toparynyň düzümine girýän has ýagty ýyldyzlaryň hususy atlary hem bardyr. Olara Alferes, Algeniw, Biham, Enif, Marhab we beýlekiler degişlidir.

Türkmenistan — Gazagystan: taryhy köklere daýanýan geljegi uly hyzmatdaşlyk

Aslynda, döwletara gatnaşyklaryň netijeliligine ser salnanda ýyllar ýa-da onýyllyklar o diýen bir uzak möhlet däl. Türkmen-gazak gatnaşyklarynyň soňky 15 ýyllykdaky ösüş depginine seredeniňde, gysga wagtda örän uly taslamalaryň durmuşa geçirilip, birnäçe möhüm ähmiýetli ylalaşyklaryň gazanylandygyna göz ýetirmek mümkin. Olaryň hatarynda Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý gaz geçirijisini, Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýoluny, 2018-nji ýylda Gazagystanyň Aktau şäherinde kabul edilen Hazar deňziniň hukuk ýagdaýy hakyndaky Konwensiýany görkezmek bolar. 1992-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda ýola goýlan Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwlet başyna gelmegi bilen täze derejä göterildi. Bu asylly ýörelge Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan hem mynasyp dowam etdirilýär.

Ömrüňiz döwre döwran, Arkadag!

Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli «Arkadag Binasynyň» ýanyndaky meýdançada ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň sungat ussatlarynyň konserti boldy. Baýramçylyk konserti «Baky bagtyň aýdymy Siz, Milli Lider Arkadag!» atly edebi-sazly kompozisiýa bilen başlady. Kompoziýa sebitde deňi-taýy bolmadyk ägirt uly taslamanyň — Arkadag şäheriniň gurluşygynyň amala aşyrylmagyna badalga beren Garyman Arkadagymyzyň beýik işlerine bagyşlandy.

Baýramçylykda bagtyň açary!

29-njy iýunda Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli şäherde dabaraly çäreler geçirildi. Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli dabaraly çäreleriň çäginde Arkadag şäherinde ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryndan öýleriniň açarlaryny alan ýaşaýjylar jaý toýlaryny tutdular. Täze jaýyň açarlaryny alan bagtyýar ildeşlerimiz şanly günde şeýle bagta ýetiren türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkyň abadançylygy ugrunda edýän taýsyz tagallalary üçin hoşallyk bildirip, berk jan saglyk, uzak ömür arzuw etdiler we alkyş sözlerini aýtdylar.

Sanly şäher — şanly şäher

29-njy iýunda Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli Arkadag şäheriniň häkimliginiň mejlisler zalynda baýramçylyk maslahaty geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň häkimlikleriniň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiz Arkadag şäheriniň ýaşaýjylaryna iberen Gutlagynda bellenilişi ýaly, Arkadag şäheriniň gurlup, açylmagy bilen ildeşlerimiziň müňlerçesi täze iş orunlary, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün edildi. Ýurdumyzda her bir adamyň, maşgalanyň döwlet tarapyndan goldanylmagy hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň baş ýörelgesidir. Biziň ýurdumyzda amala aşyrylýan tutumly işler, durmuşa geçirilýän iri taslamalar halkyň bähbidine gönükdirilýär. Arkadag şäheri hem Milli Liderimiziň başlangyçlary bilen hut şeýle asylly maksatlaryň we däpleriň esasynda bina edilen şäherdir. Ýygnananlar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda kemala gelen Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylyşynyň döwletimiziň we halkyň durmuşyndaky taryhy ähmiýetini nygtadylar. Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň goldawy netij

Gündogaryň beýik akyldarynyň golýazmalary

Bize belli bolşy ýaly, TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň hazynasynda 10 müňden gowrak golýazma saklanýar. Şolaryň 60 göterimi türkmen dilindäki golýazmalar. Galanlary bolsa, arap, pars we beýleki dillerde. Şolaryň içinde iň köpüsi hem Magtymguly Pyragynyň golýazmalary bolup, olar 400-e golaýlaýar. Bularyň 80-si şahyryň diwanyna degişli, galanlary ýygyndylarda-beýazlarda duş gelýär. Aslynda, dünýä boýunça akyldar şahyrymyzyň ylma mälim bolan 120 sany diwany bar, şonuň 80-si biziň golýazmalar hazynamyzda saklanýar. Magtymguly Pyragynyň eserleri, esasan, XVIII asyrdan başlap, XIX asyryň ahyrlaryna çenli kätipler tarapyndan göçürilip halka ýetirilipdir. Hatda kätipler özi ýaşap ýören döwründe hem şahyryň golýazmasyny göçürip, halka ýaýradypdyrlar. Muňa Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň hazynasynda saklanýan 400-nji bukjadaky Magtymguly Pyragynyň diwanynyň senesiniň 1779-njy ýyl bilen belgilenmegi, şeýle-de 377-nji bukjadaky golýazmanyň senesiniň 1797-nji ýyl bilen senelenmegi mysaldyr.

«Onuň Alyjenaby Magtymguly Pyragy» hakda

Olžas Süleýmenow,gazak şahyry: — Magtymgulynyň döredijiligindäki yşky-liriki goşgular ýokary derejededir. Onuň döredijiligi köp taraplylygy bilen türkmen halkynyň durmuşynyň ähli ugurlaryny öz içine alýar. Ol öz aýdyma öwrülen şygyrlarynda türkmen halkynyň taryhyny, medeniýetini, däp-dessuryny beýan edýär.

Işiňiz ileri bolsun!

Golaýda Arkadag şäheriniň häkimliginiň mejlisler zalynda hormatly Prezidentimiziň Arkadag şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen gol çeken Karary mynasybetli hoşallyk maslahaty geçirildi. Maslahatda çykyş edenler «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda sebitde ilkinji bolup gurlan «akylly» şäheriň at-abraýynyň barha belende galýandygyny, ýakynda bir ýyllygy bellenilen juwan şäheriň ikinji tapgyrynda hem gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelmegi üçin türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hemişe üns-goldaw berýändiklerini nygtadylar. Arkadag şäherinde demir ýol menziliniň, awtomobil menziliniň hem-de awtotoplumyň we bellige alyş nokadynyň, seýsmik yrgyldylaryň anyk hasaplamasyny üpjün edýän seýsmik stansiýanyň, söwda we hyzmat ediş toplumynyň, iki gatly ýaşaýyş jaýlarynyň gurulmagy barada Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gol çeken Karary aýdylanlaryň subutydyr. Bu işleriň ählisi halkymyzyň abadan we bagtyýar ýaşaýşyna gönükdirilendir. Bellenilişi ýaly, gurluşyk işlerine 2024-nji ýylyň iýun aýynda başlanyp, 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga berler.

«Taryplap Watanyň ýagty ertirin...»

Ýakynda Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda yglan edilen «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň Arkadag şäher tapgyry geçirildi. Bäsleşige gatnaşan zehinli bagşy-sazandalar türkmen halk aýdymlaryny we sazlaryny ýerine ýetirdiler. Ýeňiji bolanlara ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy, şonuň bilen birlikde-de olar bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

«Akylly» şäheriň «akylly» hyzmatlary

Ygtybarly hem ynamly «Akylly» şäherde inženerçilik we öý enjamlarynyň esasy görnüşleri birleşdirilip, kompýuter ulgamlarynyň gözegçiligi astynda işleýär. «MilliOne» enjamy hem şolaryň biri. Bu enjam arkaly öý eýesi öýde ulanylýan suw we tebigy gaz akymyny gözegçilikde saklap bilýär. Döräp biläýjek howply ýagdaýlary, ýagny ýangyn howpunyň alamatlaryny, suwuň ýa-da tebigy gazyň syzmagyny hem «MilliOne» enjamy öýjükli telefonlara hem-de gözegçilik merkezine habarnama üsti bilen mälim edýär.

Görk — agyzdan

Sagdyn iýmitlenme bedeniň goragyny üpjün edýär. Doýgun däl ýaglaryň doýgun we transizomerli ýaglardan peýdalydygyna düşünmeli. Doýgun däl ýaglar — balygyň, hozuň, günebakaryň, zeýtunyň ýagy sagdyn iýmitlenme rejesiniň bir bölegidir. Etiň düzümindäki we mesgedäki ýaglara doýgun ýaglar diýilýär. Onuň üçin düzüminde ýag bolmadyk et böleklerini ulanmaly. Iýmitiň düzümine balyk hökman goşulmalydyr. Balyk belogyň, witaminleriň we omega-3 doýgun däl turşularyň çalşyryp bolmaýan çeşmelerine degişlidir. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.

Arkadagly şäherde medeniýetiň mukamy

Her ýyl ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda merjen Arkadag şäherinde geçirilmeginde uly many bar. Çünki Köpetdagyň eteginde tebigatyň gözel ýerinde gurlan Arkadag şäheriniň ruhy dünýäsi ata-baba milli medeni ulgamy bilen sazlaşýar. Arkadag şäherinden asyrlaryň jümmüşine diň salsaň, türkmen medeniýetiniň taryhynda uly yz galdyran hem-de atlary rowaýata öwrülen Şükür bagşynyň parahatçylyk senasyna öwrülen sazlarynyň ýaňy gulagyňa eşidilip başlaýar. Medeniýet hepdeliginden soňky oýlanmalar

“Arkadag Medisina Klasteri Menejment” kärhanasyna hil ulgamynyň laýyklyk güwänamasy berildi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen bina edilen Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygynyň giňden bellenilýän gününde “Arkadag Medisina Klasteri Menejment” kärhanasyna Türkmenistanyň sertifikatlaşdyryş ulgamy tarapyndan hil ulgamynyň laýyklyk güwänamasy berildi. Bu güwänama “Hil menejmentiniň ulgamy” diýen ugur boýunça önümleriň hil ulgamynyň TDS ISO 9001-iň bellenen talaplaryna laýyk gelýändigini tassyklaýar. Munuň özi kärhananyň öndürýän önümleriniň hil görkezijileri, şol sanda lukmançylyk ulgamyna degişli hil görkezijileri babatda ýokary talaplara laýyk gelýändigine şaýatlyk edýär. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň ýolbaşçylyk etmeginde işlenip taýýarlanylan “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky beýanydyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

29-njy iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Russiýanyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy Gahryman Arkadagymyzy doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, türkmen halkynyň Milli Lideriniň strategik häsiýete eýe bolan döwletara gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak ugrunda edýän tagallalaryny aýratyn belledi hem-de Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň bu şanly waka mynasybetli iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy täze gurluşyk taslamalary bilen tanyşdy

28-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, lukman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, Aşgabatda gurluşygy alnyp barylýan saglygy goraýyş ulgamyna degişli desgalaryň şekil taslamalary we olaryň ýerleşýän ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy. Gahryman Arkadagymyz häzirki döwürde paýtagtymyzda we Arkadag şäherinde, ýurdumyzyň sebitlerinde dürli maksatly binalaryň, şol sanda saglygy goraýyş ulgamyna degişli häzirki zaman desgalarynyň gurluşygy hem-de gurluşyklarda ulanylýan serişdeleriň aýratynlyklary bilen baglanyşykly meseleleri yzygiderli gözegçilikde saklaýar. Şunda saglygy goraýyş ulgamyna degişli desgalaryň enjamlaşdyrylyşyna hem möhüm ähmiýet berilýär.

Arkadag şäheriniň hormatly ýaşaýjylaryna

Hormatly adamlar!Eziz watandaşlar! Sizi ýurdumyzda we sebitde ýeke-täk «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Arkadag şäheri Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän binagärlik eseri bolup, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ykdysady taýdan rowaçlygyny, ägirt uly mümkinçiliklerini, halkymyzyň bagtyýar we erkana durmuşyny, ýaş nesillerimiziň nurana geljegini alamatlandyrýar. Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli tutulýan uly toý-dabaranyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe agzybirligimizi, jebisligimizi pugtalandyrjakdygyna, gazanýan ajaýyp üstünliklerimize buýsanjymyzy has-da artdyrjakdygyna berk ynanýaryn.

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň beýik ösüşleriniň nusgasy bolan Arkadag şäheriniň dabaraly açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, ata Watanymyzyň içeri we daşary syýasy ösüşleri ugrunda alyp barýan işleriňiziň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.