"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Saglygyň gadryny bilgil...

- Tomus paslynda şöhlat önümlerini we beýleki tiz zaýalanýan önümleri ürç edip iýmeklikden saklanyň. - Kakadylan miweleri maşgala lukmanyňyz bilen maslahatlaşyp kabul ediň, olaryň mikroelementlere baý önümlerdigini unutmaň.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Balkan welaýatyna iş sapary

15-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň günbatar sebitine iş saparyny amala aşyryp, welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi hem-de galla oragynyň depgini bilen tanyşdy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň beýleki sebitlerinde bolşy ýaly, Balkan welaýatynda hem oba hojalygy pudagynda giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Şol özgertmeler welaýatyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilendir. Şunda oba zähmetkeşleriniň netijeli işiniň ýola goýulmagyna zerur üns berilýär. Daýhanlar ýokary hilli tohumlar, mineral dökünler, döwrebap oba hojalyk tehnikalary bilen doly üpjün edilýär. Döwlet Baştutanymyzyň ekerançylaryň netijeli zähmet çekmegi üçin amatly şertleri döretmek meselesine berýän hemişelik ünsi bugdaýyň, beýleki oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberiniň artdyrylmagyna ýardam edýär.

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Sizi her bir güni döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşyndaky şanly wakalara beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda» ýurdumyzda ýokary ruhubelentlikde giňden bellenilýän, adamzadyň belent ruhy-ahlak gymmatlyklaryny dabaralandyrýan Gurban baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşyny üpjün etmek ugrunda alyp barýan tutumly işleriňiziň hemişe rowaçlyga beslenmegini arzuw edýärin.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Hormatly adamlar!Eziz watandaşlar! Sizi musulman dünýäsiniň mukaddes baýramlarynyň biri bolan mübärek Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Gadymy döwürlerden bäri ynsanperwerligiň, hoşniýetliligiň hem-de ruhy päkligiň dabaralanmasyny alamatlandyrýan bu baýram Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gülläp ösýän eziz Watanymyza, mähriban halkymyza bereket getirsin, bagtyýar durmuşymyza bolan buýsanjymyzy has-da artdyrsyn!

Türkmenistan — Koreýa Respublikasy: köpugurly hyzmatdaşlyk

10-njy iýunda Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana iki günlük döwlet saparynyň çäklerinde Prezidentler Serdar Berdimuhamedowyň we Ýun Sok Ýoluň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi. Türkmenistanda Prezident Ýun Sok Ýoluň häzirki döwlet saparyna döwletara gatnaşyklary giňeltmegiň ýolunda möhüm ädim hökmünde garalýar.

Geljegiň şäherinde sagdyn geljek üçin tagallalar

8-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde önümçilik desgalarynyň gurluşygy boýunça alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Täze şäheriň lukmançylyk klasterine degişli önümçilik desgalarynda öndürilmegi meýilleşdirilýän lukmançylyk serişdeleriniň, saglygy goraýyş enjamlarynyň görnüşleri, olary taýýarlamakda ulanylmagy göz öňünde tutulýan ýerli çig mal serişdeleri barada Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hasabat berdi. Milli Liderimiz täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda meýilleşdirilen önümçilik toplumlarynda öndüriljek serişdeleriň ýokary halkara ülňülere we häzirki zamanyň ekologik talaplaryna doly laýyk gelmelidigini belledi.

Hoşniýetli gatnaşyklar

11-nji iýunda paýtagtymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň geçirilýän ýeri bolan paýtagtymyzdaky «Arkadag» myhmanhanasyna gelip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoly hem-de sapar wagtynda ýanynda bolýan maşgalasy Kim Kon-Hini mähirli mübäreklediler. Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň dostlukly döwletiň Baştutany bilen duşuşygy boldy.

Netijeli duşuşyklar

Öňňin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Dragon Oil» kompaniýasynyň Ýerine ýetiriji direktory Ali Raşid Al Jarwan, «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk, «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň baş direktory Ismadi Ismail hem-de «Rönesans Holding» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen duşuşdy. Kompaniýalaryň ýolbaşçylary wagt tapyp kabul edendigi we hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak babatda döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdiler. Şunda Türkmenistanyň doganlyk ýurtlar bilen dostlukly gatnaşyklarynyň özara ynanyşmak esasynda ähli ugurlar boýunça yzygiderli ösdürilýändigi bellenildi.

Lukmançylyk klasteri: täze tejribeler, giň mümkinçilikler

Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda bina ediljek senagat we önümçilik toplumlarynda, şol sanda lukmançylyk klasterine degişli önümçilik desgalarynda öňdebaryjy innowasion tehnologiýalaryň giňden ulanylmagy halkyň abadançylygy barada edilýän aladanyň nobatdaky subutnamasydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň 8-nji iýunda Arkadag şäherinde geçiren iş maslahatynda garalan meseleler wajyplygy bilen aýratyn ähmiýete eýe boldy. Gürrüň bärde, hususan-da, «akylly» şäherde öndürilmegi meýilleşdirilýän, ýokary halkara ülňülere doly laýyk gelýän lukmançylyk serişdeleri hem-de saglygy goraýyş enjamlary barada barýar. «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirmegiň çäklerinde Arkadag şäherinde lukmançylyk klasteriniň önümçilik toplumlaryny döretmek göz öňünde tutulýar. Bu taslama üçin 100 gektara golaý ýer bölünip berildi. Şeýle hem «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasy döredildi.

Ylahy zehinden, yhlasly zähmetden dörän...

Danalar adamyň zähmet bilen diňe bir ruhy dünýäsiniň päklenmän, eýsem, ýüzüniň hem röwşenlenýändigini aýdyp geçipdirler. Eger şeýle bolsa, onda ynsan ýaşaýşyny gözelleşdirýän, onuň ömrüne many çaýýan zat hem zähmet bolsa gerek. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz 2023-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Arkadag şäherindäki Ruhyýet köşgünde geçiren umumy sapagynda eden çykyşynda: «Zähmetsöýerlik hazynadyr! Zähmetsöýerlik bagtdyr! Zähmetsöýerlik rahatlykdyr! Zähmetsöýerlik bagtyýar we uzak ýaşamakdyr!» diýip, halal hem päk zähmet hakda örän jaýdar belledi.

Arkadag şäheri Medeniýet hepdeligine barýar

Türkmenistan Watanymyzda ýylyň ýylyna giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen baglanyşykly medeniýet hepdeligi örän uly ähmiýete eýedir. Halkymyzyň müňlerçe ýyllyk taryhy tejribesini we medeni gymmatlyklaryny giňden dabaralandyrýan bu baýramçylygyň 2024-nji — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Arkadag şäherinde geçirilmegi bolsa, kalbymyzda aýratyn buýsanç duýgusyny, belent ylham-joşguny döretdi.

Medeniýet toplumynyň binasy

Arkadag şäheriniň Medeniýet toplumynyň binasy şäher häkimliginiň çep ganatynda ýerleşýär. Bäş gatdan ybarat bolan binanyň birinji gatynda «Arkadag» teleýaýlymy, ikinji gatynda «Arkadag» gazetiniň redaksiýasy, üçünji gatynda Arkadag şäheriniň Bilim müdirligi, dördünji we bäşinji gatlarynda bolsa Arkadag şäheriniň Medeniýet müdirligi ýerleşýär. Binanyň iş otaglary netijeli zähmet çekmek üçin ähli mümkinçilikleri we şertleri özünde jemleýär.Arkadag şäheriniň Medeniýet toplumy Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmek, döredijilik toparlaryny we birleşiklerini goldamak, kämilleşdirmek babatdaky döwlet syýasatyny durmuşa ornaşdyrmak, halkymyzyň medeni-taryhy mirasyny goramak we kämilleşdirmek, ilatyň medeniýetli dynç alşyny guramak we medeni derejesini ýokarlandyrmak boýunça döwlet ähmiýetli işleriniň aýdyň beýanydyr.

Ýaşlaryň ylmy üstünlikleri

Düýn Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýurdumyzda her ýylyň 12-nji iýunynda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Bu bäsleşik geljegiň eýeleriniň arasyndan zehinli ýaşlary — alymlaryň täze neslini ýüze çykarmaga ýardam edip, ylmyň dürli pudaklarynda barlaglary höweslendirmäge gönükdirilendir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaş nesil hakdaky taýsyz aladasynyň esasynda bu abraýly ylmy bäsleşige ýaşlaryň gyzyklanmasy has-da artýar. Bäsleşige gatnaşyjy ýaşlar ynsanperwer ylymlary, himiki tehnologiýalar, molekulýar biologiýa, ýurdumyzyň ylmynda nanotehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek we energetika, biotehnologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika, maglumat-aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary, häzirki zaman lukmançylyk hem-de derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary, innowasion ykdysadyýet ýaly ileri tutulýan ugurlarda özleriniň taslamalaryny we ylmy barlaglaryny, innowasion işläp taýýarlamalaryny hödürlediler.

Dograma

Türkmen naharlarynyň içinde dograma taýsyz tagam hasap edilýär. Dogramanyň taýýarlanylyşy dürli aýratynlyga eýe. Dograma taýýarlamak üçin, ilkinji nobatda, petir çörek bişirilýär. Soňra gazana suw guýup, güýçli otda goýulýar hem-de guýlan suw reňkine geler ýaly pomidor atylýar. Ondan soňra oňa elin soýlan goýnuň täze eti atylyp, et bişip süňkden sypar derejesine ýetýänçä gaýnadylýar. Şu ýagdaýda gazanyň agaçdan edilen galyň gapagynyň bolmagy zerurdyr. Çünki gapak bugy ýaýratman özünde saklap, etiň tagamynyň has-da süýjemegine täsir edýär.

Saglygym — baýlygym

Her ýylyň 14-nji iýunynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň «Hemmeler üçin howpsuz gan» atly şygary bilen Bütindünýä donorlar güni bellenilýär. Bu sene mynasybetli Aşgabat hem-de Arkadag şäherlerinde, welaýat saglygy goraýyş edaralarynda çäreler geçiriler.

Abuna — 2024

Hormatly okyjylar! 2024-nji ýylyň ikinji ýarymy üçin «Arkadag» gazetiniň çap edilýän görnüşine abuna ýazylyşyk dowam edýär. «Arkadag» gazetiniň kagyz görnüşine abuna ýazylmak üçin «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň bölümlerine ýüz tutup bilersiňiz.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Koreýa Respublikasynyň Prezidenti ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdiler hem-de işewürlik maslahatyna gatnaşdylar

11-nji iýunda paýtagtymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanda döwlet saparynda bolýan Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşygy boldy. Ozal habar berlişi ýaly, düýn Aşgabatda ýokary derejedäki türkmen-koreý gepleşikleri üstünlikli geçirildi. Onuň gün tertibine däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň toplumy girizildi. Gazanylan möhüm ylalaşyklar hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga, ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga gönükdirilen resminamalaryň toplumy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň strategik häsiýete eýedigine şaýatlyk edýär.

Türkmenistan — Koreýa Respublikasy: döwletara gatnaşyklaryň taryhynda täze tapgyr

Iki dostlukly döwletiň Baştutanlarynyň arasynda gepleşikler geçirildi 10-njy iýunda Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana iki günlük döwlet saparynyň çäklerinde Prezidentler Serdar Berdimuhamedowyň we Ýun Sok Ýoluň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde dostlukly ýurduň Baştutanyny resmi adamlar garşyladylar. Bu ýerde iki ýurduň Döwlet baýdaklary we Hormat garawuly nyzama düzüldi.

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň wise-başlyklygyna biragyzdan saýlanylmagy mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, ýurdumyzy mundan beýläk-de depginli ösdürmek, dünýä derejesindäki at-abraýyny has-da beýgeltmek, halkymyzyň röwşen geljegini üpjün etmek ugrunda alyp barýan tutumly işleriňiziň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin. Ýer ýüzünde parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, dost-doganlyk ýörelgelerini öňe sürüp, halkara jemgyýetçilige dahylly meselelerde möhüm başlangyçlar bilen çykyş edýän ýurdumyzyň nobatdaky üstünligi bu abraýly halkara gurama we onuň düzümine girýän döwletler tarapyndan bildirilen belent ykrarnamadyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

8-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde önümçilik kuwwatlyklarynyň gurluşygy bilen baglanyşykly meseleler bilen tanyşdy hem-de täze şäherde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Ir bilen türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine gelip, onuň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda önümçilik kuwwatlyklaryny ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.